Adamyň boýy gije-gündizde 1 santimetr tapawut edýär. Ýagny gündizki hereketleriň dowamynda oňurga diskleriň tüýjümek maddalary gysylyp, basylyp, tutuş oňurga 1 santimetr dagy gysgalýar. Gije ýatan wagty hereketler bilen gysylmaýan madda, ýeriň dartyş güýjünden halas bolýan oňurga diskleri tarapyndan basylmaýan madda öňki kaddyna gelip, ýene 1 santimetr uzalýar.

Adamyň boýuny barmagyň uzynlygy bilen ölçap bolýar. Ýagny orta barmagyň uzynlygyny 19-a köpeltseň adamyň boýunyň ölçegi bilen deň bolýar.

Elimiziň, aýagymyzyň ýa bedenimiziň sypjyrlan hamy-derisi täzelenýänligi hemmä mälim. Şonda-da adamyň ömründe tas 20 kilograma golaý deriniň täzelenýänligi geňdir.

Köplenç wagtyndan öň doglan çagalar çepbekeý bolýar.

2 aýlyk bolýança haýal ösýän çaga, 2 aýdan soň tiz ösüşe eýe bolýar. Şol sebäpli ol ynjyk, gaharjaň we tiz ajygýan bolýar. Ene-atalar şol döwürde çaga aýratyn üns bermelidir.

Käbir haýwanlaryň ys alyş ukyby adamlaryňka garanyňda on müň esse güýçlidir.

Adamyň bedeniniň köp bölegini suw tutýar. Ortaça 70 kilogram adamyň bedeninde tas 50 kilogram golaý suw bolýar. Ýer togalagynyň düzüminiň suwy hem şeýleräk möçberdedir.

Halan bolsanyz+

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, qwerty1 tarapyndan 6-10-2021, 02:10

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler