“Barselona” ýarym milliard ýewro golaý zyýana galdy
Ispaniýanyň öňdebaryjy klublaryndan Barselona geçen möwsümiň maliýe hasabatyny mälim etdi. Şoňa görä klub geçen 2020/2021 möwsüminde 481 million ýewrolyk zyýan çekipdir we bu görkeziji klubuň taryhynda soňky ýyllardaky iň ýokary görkezijidir. Ondan öňki möwsüme görä girdejisi 224 million ýewro azalan topara pandemiýanyň gönüden-göni beren zyýany 181 million ýewro diýlip kesgitlenildi. Kluby dolandyryş çykdajylary ozalky möwsüme garanyňda 19 göterim artyp, 1 milliard 136 million ýewro çykdy. Şeýle-de toparyň transfer girdejilerinde-de 92 million ýewro möçberinde pese gaçyşlyk bolup, kluba transferlerden bary-ýogy 56 million ýewro girdeji almak başartdy.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет