Türkmenistanda COVID-19-a garşy sanjym alan adamlaryň elektron ulgamy döredilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bu elektron reýestri (maglumatlar gory) döretmek işinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we «Halkara hyzmatdaşlyk üçin russiýaly bilermenler» taslamasynyň goldaw bermeginde Anatoliý Lawrow ýardam edýär.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu registr ministrlige ilatyň sanjym alyş gerimini kesgitlemäge we sanjymlaryň satyn alynmagyny meýilleşdirmäge kömek eder.
– Bu taslamanyň çäklerinde elektron hökümet taslamasyny düzmegiň ýörelgelerini nazara alyp, şular ýaly ulgamlary işläp düzmekde häzirki halkara tejribesini ulanmak arkaly elektron reýestrini işläp düzmek boýunça maslahatlar berilýär, şeýle hem reýestriň bitewi maglumatlar giňişligine soňlugy bilen utgaşdyrylmagy üçin zerur bolan Ministrligiň sanly özgeriş strategiýasynyň elementlerine teklipler düzgünleşdirilýär — diýip, ORIENT Anatoliý Lawrow taslamanyň maksatlary barada gürrüňlerini getirýär.
Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alanlaryň elektron reýestri döredilýär
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
8-10-2021, 21:01