Ýewropa-Ortaýerdeňzi seýsmologiýa merkezi Pakistanyň günortasynda penşenbe gününe geçilýän gije 5,7 magnitudaly ýertitremesiniň bolup geçendigini habar berdi. Ýerasty tolkunlaryň merkezi Kwetta şäherinden (ilaty takm. 733 müň adam) 102 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär. Ýertitremäniň ojagy ýerden 10 km çuňlukda ýerleşýärdi.

Dawn neşiriniň penşenbe güni tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça ýerli müdirlige salgylanyp habar bermegine görä, ýertitremäniň netijesinde aradan çykanlaryň sany 20-ä bardy, 300-den gowrak adam ejir çekdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ýerasty yrgyldylar Kwetta, Sibbi, Pişin, Çaman we Belujistan welaýatynyň birnäçe beýleki şäherlerinde duýuldy. Häkimiýetler tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny hasaplaýarlar. Habar berlişine görä, welaýatyň administratiw binalary hem ýumrulypdyr.

File engine/modules/thanks.php not found.

Tehnologiýa, Mona Songz tarapyndan 8-10-2021, 21:03

  • qwerty1 qwerty1 off № 1 10 октября 2021 01:18
    Wah wahey, Google yorite sunun onuni almak ucin programma doretdi, bulara berilmedimika hukuk, beh

    #LIKE brawo
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler