Fizika boýunça Nobel baýragy Ýeriň klimatynyň fiziki modelirlemesi, üýtgeşmeleriň mukdar taýdan seljerilmesi we global ýylylygyň ygtybarly çaklamasy üçin Sýukuro Manabe bilen Klaus Hasselmana, şeýle-de fiziki ulgamlarda tertipsizlik bilen fluktuasiýanyň nähili täsirleşýändigi baradaky açyşy üçin Jorjo Parizä berildi. Bu barada Nobel komiteti öz saýtynda habar berýär diýip, TASS belleýär.
Sýukuro Manabe – ýapon-amerikaly klimatolog, ol ilkinjileriň biri bolup global ýylylygy öwrenip başlady we Ýeriň klimatynyň ilkinji modelini döretdi. Klaus Hasselman – germaniýaly fizik we klimatolog. Onuň döreden klimatik modeli howanyň klimata nähili täsir edýändigini görkezdi. Jorjo Parizi – italiýaly fizik-teoretik. Onuň gözlegleri toplumlaýyn ulgamlar, statistika mehanikasy we kwant meýdan teoriýasy pudagynda möhüm orun eýeledi.
Geçen ýyl baýragy Rojer Penrouz (gara deşikleriň emele gelmeginiň umumy degişlilik teoriýasynyň ygtybarly çaklamasy bolýandygy baradaky açyşy üçin) we Andrea Gez bilen Raýnhard Gensel (Akmaýanyň Ýolunyň merkezinde örän uly obýektiň tapylandygy üçin) paýlaşdy.
Sylaglama dabarasy 10-njy dekabrda, Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler. Geçen ýyl bolşy ýaly, baýrak gowşurylyş dabarasy onlaýn görnüşde geçer. Medal bilen diplomdan başga-da, laueratlara 10 mln kron möçberinde pul baýragy gowşurylar.
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
8-10-2021, 21:09