Mount Rushmore (Maunt Raşmor)
“Mount-Rushmore” (Maunt Raşmor) milli memorialy, ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatynyň Keystone (Kiýstoun) diýen ýeriniň ýanynda ýerleşýän Mount-Rushmore’yň granit ýüzünde çapylyp ýasalan heýkeldir. Daniýa asylly amerikan bolan Gutzon Borglum we onuň ogly Lincoln Borglum tarapyndan oýulyp ýasalan we beýikligi 18 m bolan bu heýkel ABŞ-nyň öňki prezidentleriniň ýüzlerini şekillendirýär. Olar (çepden saga): George Washington (Jorj Waşington), Thomas Jefferson (Tomas Jeferson), Theodore Roosevelt (Teodor Ruzwelt) we Abraham Lincoln (Abraam Linkoln). Bu memorialyň tutýan umumy meýdany 5.17 km2 bolup, ol deňiz derejesinden 1745 m beýiklikde ýerleşýär.
Ilkibaşda, günorta Dakotanyň taryhçysy bolan Doane Robinson (Doun Robinson) ştatyň syýahatçylygyny ösdürmek maksady bilen günorta Dakotanyň Black Hills (Bläk Hils) diýen ýerinde meşhur adamlaryň şekillerini oýup ýasamaly diýen pikirini öňe sürýär. Ol ilki bilen Iňňeleriň şekillerini ýasamak isledi, ýöne Gutzon Borglum granityň pes hili üçin hem-de daş gurşawy goraýjylaryň garşy çykmaklary sebäpli bu pikiri ret edýär. Olar sebitdäki iň beýik dag bolan Mount-Rushmore’y onuň üstüne iň köp wagtlap gün şöhleleriniň düşýänligi sebäpli saýlapdyrlar. Borglum, heýkeller milli äheňde bolmaly diýen netijä gelip, şekilleri çapylyp ýasaljak dört prezidenti saýlady. Memorialyň gurluşygy 1927-nji ýylda başlap, ondaky prezidentleriň ýüzleri 1934-1939 ýyllar aralygy çapylyp ýasaldy. Gutzon Borglum 1941-nji ýylda ýogalandan soň, gurluşygy onuň ogly Lincoln Borglum dowam etdirdi. Aslynda prezidentler kelle bilen bil aralygyndaky ýeri şekillendirmelidi, ýöne pul ýetmezçiligi sebäpli 1941-nji ýylyň oktýabr aýynda gurluşyk şol durşuna togtadyldy.
ABŞ-nyň Milli parklarynyň gullugy, 1933-nji ýylda, gurluşyk entäk dowam edip duran wagty memorialy öz gözegçiliginiň astyna alyp, şu güne çenli ony dolandyrmaga dowam edýär. Bu ýer her ýyl iki milliona golaý syýahatçyny kabul edýär.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет