Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary”

atly makalalar toplumyndan

Biziň ählimiz çagalyk döwrümizden endik etdirilen söhbetdeşiň sözüni bölmeli däldigi, ony soňuna çenli diňlemelidigini, oňa ünsli çemeleşmelidigi baradaky kadalary unutmaýarys. Hiç kim bu kadalary äsgermezlik etmelidigini tassyklajak hem bolmaýar. «Ýöne» bu kadalary berjaý etmek üçin «tölemeli» bolanda, özi-de hasaplaşyk birligi wagt bolup duranda başlanýar. Ine, şonda hem şol gymmatlyklara hakyky garaýyş ýüze çykýar. Söhbetdeşiňi sabyrlylyk bilen, ünsli diňlemek üçin, köp wagt gerek, sebäbi her bir adam öz pikirlerini gysga hem-de anyk beýan etmegi başaryp barmaýar. Mundan başga-da, biz işe dahylly däl gürrüňleri hem diňlemeli bolýarys. Eger siz muňa garamazdan, barybir tabynlygyňyzdaky işgäri diňleseňiz, onda ol öz isleglerini kanagatlandyrar, oňat duýgulary alar, bu duýgulary erkiňize seretmän, siziň bilen baglanyşdyrar. Bu oňat duýgularyň çeşmesiniň hut siz bolup durandygyňyz sebäpli, olar size gowy garaýşyň, hormat goýmagyň az-kem güýçlenmegi görnüşinde, ýagny ýüze çykan ýa-da güýçlenýän attraksiýa görnüşinde «gaýdyp geler».



Babahan Aganazarowiç Berdiýew,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ogulşirin_Bayramowa tarapyndan 14-10-2021, 10:12

  • Bayker Bayker off № 1 14 октября 2021 10:24
    Hakyky like?
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 2 14 октября 2021 10:27
    Baýramowa siz Bagyrdan diýdiñiz welin başgada meñzeş familiya bamy ýa diñe sizmi!?
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 14 октября 2021 10:40
    Yok saýtda däl Bagyrda men Aşgabada gitmänime on ýyl bolup barýa Bagyr aýratyndy indi birigendir. Bir tanyş oglanym bardy sen bn familiyasy meñzeş eger tanasañ jan saglygyny sorayjakdym.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler