Doga ybadatyň bir görnüşidir. Biziň dogadaky esasy maksadymyz Allatagalla gulluk etmek we Oňa (jelle jelaluhu) ugrukmak we ýakynlaşmakdyr. Her dogany “hökman kabul edilmeli arza” ýaly hasap etmek ýalňyşdyr.
Eden doga-dileglerimiz kabul edilmedik ýagdaýynda “Alla meniň dogalarymy kabul etmedi” diýip şikaýat etmäge hakymyz ýokdyr. Daşyndan seredeňde doga kabul edilmedik ýalydyr; emma, belki biziň isleýän zadymyz biziň üçin haýyrly däldir, we Allatagalla bizi has haýyrly bir tarapa ugrukdyrandyr ýa-da has haýyrlysyny berjekdir. Hiç bir doga boşuna edilen däldir. Doga ybadat bolany üçin, beýleki ybadatlardan sogap gazanşymyz ýaly doga edemizde hem sogap gazanýarys we ahyrýetdäki durmuşymyza goşant goşýarys.
Allatagalla Kurany Kerimde “Maňa doga ediň, menem size jogap bereýin” (Mümin süresi, 60-njy aýat) diýip buýrýar. Aýatda hem görşümiz ýaly Allatagalla her doganyň kabul edilmesini wada edenok; Ol ähli dogalara jogap berjegini aýtýar. Ýagny, edilen her doga üçin jogap bardyr. Ýa kabul ediler, ýa has haýyrlysy beriler, ýa-da ahyrýetde sogaby beriler.
Mysal üçin, kesellämizde lukmana gidip “maňa pylany dermanlary ber” diýip bileris. Emma lukman biziň keselimiz üçin haýsy derman has peýdaly bolsa şol dermany berer. Belki biziň talap edýän dermanymyz biziň üçin zyýanlydyr. Doganyň kabul edilmesi meselesini hem şeýle düşünip bileris. Käbir adamlar Alladan ummasyz baýlyk diläp biler, emma Allatagalla guluny guluň özünden hem has gowy bileni üçin baýlygy bermän biler. Ol gul baýasa azjagyny Allatagalla soňsuz ylmy bilen bilýändir.
Indi bolsa doganyň kabul edilmesi üçin gerekli şertlere seredeli:
- Doga kabul ediläýjek doga bolmaly. “Allajan güni ertir günbatardan çykar” diýip doga edilse kabul edilmejegi köre mälimdir. Sebäbi Allatagallanyň goýan belli külli kanunlary bardyr.
- Doga çyn ýürekden edilmeli we günäsiz agyz bilen edimeli. “Men barybir günäkär. Dogalarym kabul bolmaz.” pikiri hem ýalňyşdyr. Dogamyza dowam etmeli, şol bir wagtdadam günälerden gaça durmalydyr. Allatagalla Zümer süresiniň 53-nji aýatynda şeýle diýýar: “Aýt (eý Muhammet): Eý ömrüni günä işläp zaýalan gullarym! (Alla indi meni bagyşlamaz diýip) Allanyň merhemetinden umydyňyzy kesmäň. Alla ähli günäleri bagyşlar!”
- Mümkin bolsa, täretli doga etmeli
- Mümkinçilik bar bolsa, metjit ýaly mübärek ýerlerde doga etmeli
- Remezan aýy, Gadyr gijesi, Jumga günleri ýaly mübärek wagtlarda doga etmek
- Namazlardan soň, esasanam ertir namazyndan we tehejjüt namazyndan soň doga etmek
- Alla hamd edip, soňam Pygamberimize salawat aýdyp başlamaly.
Doganyň görnüşleri bar: biri dil bilen edilen doga, biri hem hereket bilen edilen dogadyr. Ertir synagyňyz bar bolsa, sapaklary okaman “Allam maňa kömek et” diýmek hem doganyň şertlerini ýerine ýetirmezlik hem doga garşy hormatsyzlykdyr. Bir zady isleýän bolsak başda şertleri ýerine ýetirmek hereket bilen edilmeli dogany etmekdir. Ondon soň ellerimizi Biribara açyp söz bilen doga etmeli.
Awtor: Dark_Wolf
Dogalarym näme üçin kabul bolonok??!
Sorag-jogap,
Nairobii
tarapyndan
17-10-2021, 23:17