“Şerifi” “Inter” saklady, “Realdan” “Şahtýora” 5 gol
UEFA Çempionlar Ligasynda “D” toparçada ilkinji oýnunda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanan Moldowanyň Şerif toparynyň ýeňişli ýörişi tamamlandy. Inter öz meýdançasynda Şerifi 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Interiň gollary Jeko (34), Widal (58), De Wriý (67) geçirdi. Şerifiň adyndan tapawutlanan Sebastian Tilliň jerime urgusyndan 54-nji minutdaky goly ýeňşe ýeterlik bolmady. Şerif saýlama oýunlaryny-da hasaba alanyňda 10 oýundan soň ýeňildi.
Toparçadaky beýleki duşuşykda Real Madrid myhmançylykda Şahtýor Doneskiň derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi. Birinji ýarymda Krywsowyň 37-nji minutda öz derwezesinden geçiren goly bilen başlan gol geçirilişik 2-nji ýarymda dowam etdi. Junior Winisius (51, 56), Rodrigo (65) hem-de Karim Benzema (90+1) tapawutlanyp, Reala uly hasaply ýeňiş gazandyran futbolçylar boldy.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
3 комментария