Agla kalbym agla,ýöne gürleme!
Agla, kalbym, agla, ýöne gürleme,
Hiç kese agyry ynjym sözleme,
Içde galsyn içim ýyrtan ahwallar,
Tyg urany ýat içinden gözleme.
Ýagyşdan goranlam bolup saýawan,
Ýapynja bolanlam janym aýaman,
Oky ýaýa gurnap kirşin çekdiler
Kalbymyñ kalby saýanlarym her zaman.
Ne mejalym galdy sogrup almaga,
Ne-de islegim bar melhem çalmaga,
Ýatlañ müñ urgusyn saýmaryn emma...
Güýç-kuwwat ber şu gezegim galmaga.
Oguljan Bäşimowa
Hiç kese agyry ynjym sözleme,
Içde galsyn içim ýyrtan ahwallar,
Tyg urany ýat içinden gözleme.
Ýagyşdan goranlam bolup saýawan,
Ýapynja bolanlam janym aýaman,
Oky ýaýa gurnap kirşin çekdiler
Kalbymyñ kalby saýanlarym her zaman.
Ne mejalym galdy sogrup almaga,
Ne-de islegim bar melhem çalmaga,
Ýatlañ müñ urgusyn saýmaryn emma...
Güýç-kuwwat ber şu gezegim galmaga.
Oguljan Bäşimowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария