Erkeklerde ýürek ýok. Olar duýgy bilen oýun edip, özlerine ynandyryp, soňra-da baryny püçege çykarýarlar. Bu zatlary durmuşda göre-göre gelýäris. Häzire çenli ynam edere ýekeje erkege-de gabat gelmedim. Diňe mende däl, daş-töwerekdäkilerde hem şeýle. Olaryň bary bolgusyz… Erkek ÝOK!..
Şeýleräk pikirdäki garagöz zenanlarymyza az duşan dälsiňiz.
Adam aňynyň işleýşiniň şeýle bir aýratynlygy bar, oňa sinhronirleme (gabat getirmek, deňleşdirmek) diýilýär.
Meselem, arada maňa üsgülewik degdi. Nirä barsam, nirä seretsem üsgürýän adam bolup dur. Ýa-da ine, 1-2 ýyllykda bir dostum Pajero maşyn alyndy. Ondan biraz wagt geçensoň onuň maňa "Niýaz, soňky döwür şäherde jip maşyn gaty köpelipdir-aý, hasam Pajero maşyn köp" diýeni ýadymda.
Ýöne (!) bu ýerde bir üns bermeli zat bar. Ýagny, biz ol gabat getirmeleri öz aňymyzda, bolup geçen wakalaryň esasynda düzýäris. Günde müňlerçe gabat gelme bolup geçýär, ýöne biziň olara üns bermeýändigimiz üçin, olar göze ilmeýär. Üsgürýänler hemişe-de bardy. Şäherimizde bolsa jip maşynlaryň hem, beýleki gowy maşynlaryň hem sany eýýäm esli wagt bäri KÖP.
Bu zenanlarymyzyň hem durmuşy bilen biraz içgin gyzyklansak, onda olaryň:
- maşgalasynda kakasynyň erbet adam bolandygyny, ejesine ezýet berendigini;
- ejesiniň kakasyny hiç hili sylamandygyny, ýer çeken, meýdi ýanan we ş.m. sözleri ulanandygyny;
- kakasynyň olary taşlap gidendigini ýa ata-enäniň çagalaryň kiçi wagty goşlaryny paýlaşandygyny..
we/ýa
- halaşan oglanynyň ondan ýüz öwürendigini;
- birine durmuşa çykyp, oňuşman, aýrylyşyp gaýdandygyny - görüp bilýäris.
Bu zenanlaryň başyndan nähili wakalar geçýändir öýdýärsiňiz?
Olar durmuşa çykyp baran oglanynynyň erbet taraplaryny görmeli, ony sylamaly däl ýa-da onuň bilen aýrylyşmaga psihiki taýýar bolmaly ýaly pikirde ýaşaýarlar.
Aýrylyşyp gaýtsalar hem, daş-töwerekde olaryň gözüne diňe aýrylyşan ýa aldanan zenanlar görünýär. Erkekleriň hemmesi-hä ALDAÝANdan, zenanlaryň hemmesi hem ALDANANdan.
Diýjek bolýanym, zenanlarymyzyň aldawçy, erbet erkekler bilen bir hatarda gowy erkekleriň hem BARdygyna, hemme maşgalalarda erkekleriň özlerini erbet alyp barmaýandyklaryna – ýagny, hemme erkegi bir aýakdan sürmeli däldigine göz ýetirmekleriniň özlerini hakykatdan GOWY GÖRÜP bilmekleri we BAGTLY bolmaklary üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.
Niýaz ORAZDURDYÝEW
2016y.
Erkekde ýürek barmyka?
Sorag-jogap,
Ejegyz
tarapyndan
22-12-2021, 12:23