Erkeklerde ýürek ýok. Olar duýgy bilen oýun edip, özlerine ynandyryp, soňra-da baryny püçege çykarýarlar. Bu zatlary durmuşda göre-göre gelýäris. Häzire çenli ynam edere ýekeje erkege-de gabat gelmedim. Diňe mende däl, daş-töwerekdäkilerde hem şeýle. Olaryň bary bolgusyz… Erkek ÝOK!..

Şeýleräk pikirdäki garagöz zenanlarymyza az duşan dälsiňiz.

Adam aňynyň işleýşiniň şeýle bir aýratynlygy bar, oňa sinhronirleme (gabat getirmek, deňleşdirmek) diýilýär.

Meselem, arada maňa üsgülewik degdi. Nirä barsam, nirä seretsem üsgürýän adam bolup dur. Ýa-da ine, 1-2 ýyllykda bir dostum Pajero maşyn alyndy. Ondan biraz wagt geçensoň onuň maňa "Niýaz, soňky döwür şäherde jip maşyn gaty köpelipdir-aý, hasam Pajero maşyn köp" diýeni ýadymda.

Ýöne (!) bu ýerde bir üns bermeli zat bar. Ýagny, biz ol gabat getirmeleri öz aňymyzda, bolup geçen wakalaryň esasynda düzýäris. Günde müňlerçe gabat gelme bolup geçýär, ýöne biziň olara üns bermeýändigimiz üçin, olar göze ilmeýär. Üsgürýänler hemişe-de bardy. Şäherimizde bolsa jip maşynlaryň hem, beýleki gowy maşynlaryň hem sany eýýäm esli wagt bäri KÖP.

Bu zenanlarymyzyň hem durmuşy bilen biraz içgin gyzyklansak, onda olaryň:
- maşgalasynda kakasynyň erbet adam bolandygyny, ejesine ezýet berendigini;
- ejesiniň kakasyny hiç hili sylamandygyny, ýer çeken, meýdi ýanan we ş.m. sözleri ulanandygyny;
- kakasynyň olary taşlap gidendigini ýa ata-enäniň çagalaryň kiçi wagty goşlaryny paýlaşandygyny..

we/ýa

- halaşan oglanynyň ondan ýüz öwürendigini;
- birine durmuşa çykyp, oňuşman, aýrylyşyp gaýdandygyny - görüp bilýäris.

Bu zenanlaryň başyndan nähili wakalar geçýändir öýdýärsiňiz?

Olar durmuşa çykyp baran oglanynynyň erbet taraplaryny görmeli, ony sylamaly däl ýa-da onuň bilen aýrylyşmaga psihiki taýýar bolmaly ýaly pikirde ýaşaýarlar.

Aýrylyşyp gaýtsalar hem, daş-töwerekde olaryň gözüne diňe aýrylyşan ýa aldanan zenanlar görünýär. Erkekleriň hemmesi-hä ALDAÝANdan, zenanlaryň hemmesi hem ALDANANdan.

Diýjek bolýanym, zenanlarymyzyň aldawçy, erbet erkekler bilen bir hatarda gowy erkekleriň hem BARdygyna, hemme maşgalalarda erkekleriň özlerini erbet alyp barmaýandyklaryna – ýagny, hemme erkegi bir aýakdan sürmeli däldigine göz ýetirmekleriniň özlerini hakykatdan GOWY GÖRÜP bilmekleri we BAGTLY bolmaklary üçin aýratyn ähmiýeti bardyr.

Niýaz ORAZDURDYÝEW
2016y.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ejegyz tarapyndan 22-12-2021, 12:23

  • Pegas Pegas off № 1 22 декабря 2021 12:26
    Erkekde ýüregiň-ä güýçlüsi bar-la welin...
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 2 22 декабря 2021 12:27
    Pegas,
    Salam !
    Dowamyny okadyñyzmy ?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 22 декабря 2021 12:30
    Цитата: Ejegyz
    Pegas,
    Salam !
    Dowamyny okadyñyzmy ?

    Doly okadym. Umuman aýdaýdym ýokarkyny.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 4 22 декабря 2021 12:31
    Pegas,
    Bolýa !
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 5 22 декабря 2021 12:31
    Pegas,
    "Erkekde ýüregiň-ä güýçlüsi bar-la welin..."

    Welin...???
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 6 22 декабря 2021 12:32
    Bagul_Atayeva,
    Dogry
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 7 22 декабря 2021 12:32
    gaty dogry ýazylypdyr
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 8 22 декабря 2021 12:36
    Bäş barmak deň bolmaz, erkeklerde bardyr herhilisi, ýöne hemme erkegi bir aýakdan günäkärleýän zenanyň özünde bir mesele bardyr.
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 9 22 декабря 2021 12:41
    Bayker,
    dogry
    Jogap
  • danger danger off № 10 22 декабря 2021 12:42
    name diñe bir tarapdan seretýaniz gije ýola cykyp gör şalawadan doly, şolary ahyrynda erkekler ýygnamaly. Ganjyk guyrugny bulamasa kopek yzyna duşmez. Ilki özüniz düzeliñ.
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 11 22 декабря 2021 12:44
    Цитата: Ejegyz
    Pegas,
    "Erkekde ýüregiň-ä güýçlüsi bar-la welin..."

    Welin...???

    ony duyyan göryän yok we olary köp zady kalbynda gizleyärler :( Zenan ejizlese gözyaş bilen sowaşar
    Jogap
  • ALADIN ALADIN off № 12 22 декабря 2021 12:45
    Dogruñyzy aýdaýyñ, menden gowysy ýokhihi












































    #Bagyşlañ bu bir şutgajykdy

    Yok siz gowysagbolun
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 13 22 декабря 2021 12:46
    danger,
    Dogry aýtdyň, zenanlardada bar ýüreksizleri.
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 14 22 декабря 2021 12:46
    Цитата: danger
    name diñe bir tarapdan seretýaniz gije ýola cykyp gör şalawadan doly, şolary ahyrynda erkekler ýygnamaly. Ganjyk guyrugny bulamasa kopek yzyna duşmez. Ilki özüniz düzeliñ.

    Berekella
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 15 22 декабря 2021 12:56
    danger,
    ejem bizar edyärey : "sygyr guyrugyny bulamasa ökuz tanapyny uzmez" diyip
    Jogap
  • Liwerpul_fc Liwerpul_fc off № 16 22 декабря 2021 12:57
    Zenan sostaw,okaň şuny!!!
    Jogap
  • Tiko Tiko off № 17 22 декабря 2021 13:04
    Gowy tema eken.
    Dowamy bar diýdiňiz doly goýuň okalyňda
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 18 22 декабря 2021 13:21
    "name diñe bir tarapdan seretýaniz gije ýola cykyp gör şalawadan doly, şolary ahyrynda erkekler ýygnamaly. Ganjyk guyrugny bulamasa kopek yzyna duşmez. Ilki özüniz düzeliñ"

    danger,

    Temada hem beýan edilişi ýaly "bäş barmak deň däl ! " özümiz düzüwdiris şükür Hudaýa !
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 19 22 декабря 2021 13:22
    Tiko,
    dowamy ýoga
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 20 22 декабря 2021 13:49
    Yûrek bar gyzlar yenil kelle bolup gitdi bir sôz aytsan akyp erap yrlyp otyrlar oson nirde bolsun sôygi yûrek
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 21 22 декабря 2021 13:53
    Se*ks barada yazshyany haysy 2006 2007 yyl bolup gyzlar barik gelip sorag bermek ansat yûrek barmy dip shu zamanda gyzlary zorluk bilen sôyduryan yok biraz pikirlenip oson movzuk ach
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 22 22 декабря 2021 13:57
    Eziz,
    sen bara sen ! ilki mowzugy soňuna çenli okap , soň teswir ýaz bolýamy ?!
    Jogap
  • Ejegyz Ejegyz off № 23 22 декабря 2021 13:59
    Eziz,
    utan utan ! şol gyzlar google seň aýtýan zadyňy ýazanda senem seredip oturdyňmy ýanynda ?! nädip beýle arkaýyn gürläp bilýäň ?!
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 24 22 декабря 2021 13:59
    Eziz,
    mowzugyň soňuny oka
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 25 22 декабря 2021 13:59
    Ejegyz,
    Barysy topuldy saňa))
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 26 22 декабря 2021 14:01
    Цитата: Ejegyz
    Eziz,
    utan utan ! şol gyzlar google seň aýtýan zadyňy ýazanda senem seredip oturdyňmy ýanynda ?! nädip beýle arkaýyn gürläp bilýäň ?!

    Utan utan dip bolya utanyp gyzardym boldumy
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 27 22 декабря 2021 14:02
    Цитата: Ejegyz
    Eziz,
    utan utan ! şol gyzlar google seň aýtýan zadyňy ýazanda senem seredip oturdyňmy ýanynda ?! nädip beýle arkaýyn gürläp bilýäň ?!

    Ozleri mana shol barada tema achan gyzlar bar bolmasa nirde arkayyn gurleyin bir zady bilyandirin gurleyandirin ejegyz
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 28 22 декабря 2021 14:05
    Eziz,
    Gurlayim
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 29 22 декабря 2021 14:05
    Eziz,
    Bäş barmak deň däl! Oglanyňam gyzyňam erbedi bar. Gowy adamlaram bar entek dunyäde bolmasa yumrulardy dunyä bu wagta
    Jogap
  • Eziz Eziz off № 30 22 декабря 2021 14:05
    Ejegyz,
    Gurlayin
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler