Men bir penjek. Birnäçe jübim bar. Penjegiň jübilerini dogry tikmek aňsat-la welin, ol jübiler gerekmejek zatlar bilen doldurylanda, agram bermekden başga iş bitirenok, diňe ýük bolýar.
Bilýäňizmi näme, käwagt jübimize sygyp duran bir zady nädip goýmalydygyny bilemzok… Ýöne, bu hakda pikirlenenimizde, seresaplyk bilen tiken söýgüsini, hormatyny alyp bilmedik bir adamyňy ýürege ýakyn çep ýokarky jübiňe goýmak mümkinmi?
Ýeri onsaň, her dürli hoşniýetliligi tüýs ýüregiň bilen olaryň penjegine goýan we iň berk ýüpi ulanan dostlaryňyzyň, bir gün ol beren söýgiňiz we hormatyňyzy size görkezmezliginiň we sen oň üçin hiç zat etmedik ýaly, hiç zat bolmadyk ýaly hereket etmekleriniň sebäbi näme?
Belki-de, jogaby meň pikir edişimden has ýönekeýdir. Olaryň penjeginiň jübisi meňki ýaly uly däldir. Artykmaç gelýändir beren söýgim, goýan hormatym ýa-da jübileriniň sapaklary sökülip başlandyr...
Men bir penjek..
Bilim,
Telwas
tarapyndan
14-04-2022, 22:33