Adamlary näçe gezek tanaýas? Adamlary üýtgeýäni üçin ikinji gezek tanaýasmy ýa hakyky menligini has soňra ýüze çykarany üçin?!
Üýtgeşme-uzak wagtda bolup geçýär. Gysga wagtda bolup geçen üýtgeşme esasan “myş-miş” ýaly bolmak we öýkünmedir. Ynsanlar hakyky ýüzlerini hiç garaşmaýan pursadymyz, hatda iň güýçsiz, ejiz wagtymyz belli ederler. Men adamlary ikinji gezek däl, ýekeje gezek tanamak isleýän.
Men mämişi bir pyrtykal diýýäň we muňa meni ynandyrýaň, emma, soň men seniň greýpfrutdygyňy bilip galýan. Muny bilenimden soňra seniň kiwi ýa-da armyt bolup çykyp-çykmajagyňy nireden bileýin?! Bilip bilmeýänim üçin gynanýan. Şol sebäpli sen meniň ilkinji tanan adamym däl we menem her miwäni iýemok.
“Ýa:zar saýyp soñy gama, Wehm eýlärmiş begenmäge.”
Bilim,
Telwas
tarapyndan
15-04-2022, 08:54