Adamlary näçe gezek tanaýas? Adamlary üýtgeýäni üçin ikinji gezek tanaýasmy ýa hakyky menligini has soňra ýüze çykarany üçin?!
Üýtgeşme-uzak wagtda bolup geçýär. Gysga wagtda bolup geçen üýtgeşme esasan “myş-miş” ýaly bolmak we öýkünmedir. Ynsanlar hakyky ýüzlerini hiç garaşmaýan pursadymyz, hatda iň güýçsiz, ejiz wagtymyz belli ederler. Men adamlary ikinji gezek däl, ýekeje gezek tanamak isleýän.
Men mämişi bir pyrtykal diýýäň we muňa meni ynandyrýaň, emma, soň men seniň greýpfrutdygyňy bilip galýan. Muny bilenimden soňra seniň kiwi ýa-da armyt bolup çykyp-çykmajagyňy nireden bileýin?! Bilip bilmeýänim üçin gynanýan. Şol sebäpli sen meniň ilkinji tanan adamym däl we menem her miwäni iýemok.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 15-04-2022, 08:54

  • Telwas Telwas off № 31 15 апреля 2022 18:22
    Цитата: AYNURA
    arsi,
    Mumkin.
    Bu Mahym Nurgeldiyewa.
    Nirwanany tanamok onler ikisi bir adamdyr oydyardim .yazyan zatlary ozuni alyp baryshlary menzeya biri birine


    Dogrudanam 1-2 gün öň @Belki seň mowzugyňda @Scorpion agza siz öňki Nirvana agzamy diýip sorapdyr. Ikimizi bir adam hasaplaýan ýeke däl eken. Meni şol Scorpion agzaň kimligi gyzyklandyrýar. Sebäbi diňe ol sorag däl.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 15 апреля 2022 18:23
    Цитата: My life
    Goshgy hakykatdanam gowy ajayyp yazylypdyr.

    Hawa. Menem öwäýä şeýtde atdaş. :))
    Görüp damarym tutup başlady… ( degişýändirin)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 33 15 апреля 2022 18:26
    Цитата: AYNURA
    Nirwana agzanyn yazyan mowzuklaryny myhman bolup gelyakamem okayadym bashga saytlardada gowy mowzuklar.oylanmalar paylashyar ikisi hem


    Talyplar we şu saýda girýän. Meň Talyplardaky mowzuklarymy Talyp.site saýdynda bir tanaýan gyzjagazym (agza ) paýlaşypdyr. Azap edip ýazamsoň, aşagyndan Nirvanaň “N” harpyny ýazanam bolsa hoşal bolardym. :(
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 34 15 апреля 2022 18:27
    Цитата: Mümkin
    Nirvana,
    Şu mowzugyñy pozmazlygyñy haýyş edýän.Men hakdaky ajaýyp pikirleriñ we meniñ sen hakdaky pikirilerimiñ şu ýerde galmagyny isleýän.


    Aslynda maňa beletsiň, pozýan. Seň islegiň üçin pozmaryn.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 15 апреля 2022 18:28
    Mümkin,
    Şu gepçiligiň galman geçdi-dä. Uly gyza meňzäňok. Gürletseňem çykjak diýersiň. :))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 36 15 апреля 2022 19:01
    Nirvana,
    Scorpion hakda "sebäbi diñe ol sorag däl"diýen sözlemiñe düşünmedim.Gepçiligim hakdaky öwgüli sözleriñe minnetdar Edi. :))
    Çykjak däl gyz,çykjak däl.Şol meselede her sawçy gelende dawalaşýas ejem bilen.Elbetde,görşüñiz ýaly soñunda meñ diýenim bolýar. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 15 апреля 2022 19:29
    Mümkin,
    Scorpion meň tanyş agzalarymyň biri ýaly duýýan. Sebäbi, diňe senden Nirvanamy siz diýip beren soragy däl-de, başga-da bir hatyndan aňdym.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 38 15 апреля 2022 19:30
    Mümkin,
    Goşgyňdaky gahrymana garaşýaňmy?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 39 15 апреля 2022 19:43
    Nirvana,
    Haýsy goşgumdaky?
    Jogap
  • seyis seyis off № 40 15 апреля 2022 19:44
    Mümkin,
    Gyz garrasa kule gonar yigit garrasa gule gonar.?
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 41 15 апреля 2022 20:33
    Цитата: seyis
    Mümkin,
    Gyz garrasa kule gonar yigit garrasa gule gonar.?

    Ýigidem garransoň güle gonýany 1000/1- idir.Iki sanyjagyny mysal getireýin. Bir oglan 32 ýaşynda wagty 20 ýaşly gyza öýlenýär.Soň gyz gaty hapysa bolup çykýar.Çagasy bolansoň-a has hem başçaramaz, hapysaly ýüze çykýar. Oglan aýdýa diýýä:"wah, ýaşy ulurak bolanda näme.Aldymda ynha kiçijek gyz.Ýaşadygymmy bu meniň."
    Ýene bir oglan 29 ýaşynda özünden 7 ýaş kiçi gyz aldy.Ýörite ýaşajyk gyz alandygyny nygtap ölýärdi .Näme bolandyr öýdýäň?!O gelin aldyda ikilik etdi oturyberdi."Näme üçin beýtdiň" diýselerem " ol garry, bile dagy ýöräýsek atam pahyra meňzeýä" diýýämiş.Aslynda gaty beýlede däl.29 beýle uly ýaş dälä..
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 42 15 апреля 2022 20:51
    Nirvana,
    Ikimiziñ meñzeýänimiziñ subutnamasy:"Görip" sözüni menem köplenç "Görüp"diýip ýalñyşyp ýazýan :))
    Jogap
  • My life My life off № 43 15 апреля 2022 21:14
    Nirvana,
    Ikinizem öwga mynasyp tuweleme, owmegâ beylede dursyn hal yagday sorashsañam yallaksyramañ diyyalera kabir akyly cogup duranlar(ozuñ dushunensiñle)))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 15 апреля 2022 21:25
    Mümkin,
    Şony ugradanymdan soň okap bildim. Bir harp üçin teswir köpeltmäýin diýdim-dä. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 45 15 апреля 2022 21:32
    Waleryanka,

    Gyzlaň arassaçylygy ýaşyna görämikä?
    Kiçi ýaşly, özüni oňarýan arassa gyzlarymyzam bar weli, ýöne entek durmuşa taýýar bolmadyk ýaşlarynda gelin edip goýaýýarlar. Men şu ýyl 25 ýaşasamam özümi kiçi hasaplaýan.
    Öňler maňa 29-30 ýaşlar ullakan ýaş ýaly bolup görünýärdi. Özümem şol ýaşlara ýakynlaşamsoň, o diýen uly hem däl eken…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 46 15 апреля 2022 21:33
    My life,

    Sagja bol! Düşündim.
    Öweniň üçin menem seni bir gün temaňda öwerin gelip. Şonda hasaplaşarys. :)
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 47 15 апреля 2022 21:52
    Цитата: Nirvana
    Waleryanka,

    Gyzlaň arassaçylygy ýaşyna görämikä?
    Kiçi ýaşly, özüni oňarýan arassa gyzlarymyzam bar weli, ýöne entek durmuşa taýýar bolmadyk ýaşlarynda gelin edip goýaýýarlar. Men şu ýyl 25 ýaşasamam özümi kiçi hasaplaýan.
    Öňler maňa 29-30 ýaşlar ullakan ýaş ýaly bolup görünýärdi. Özümem şol ýaşlara ýakynlaşamsoň, o diýen uly hem däl eken…

    Gyzlaň arassaçylygy ýaşyna däl-de ,alan terbiýesine, görüm- göreldesine baglydygy hemmä mälimdirle...
    Jogap
  • My life My life off № 48 15 апреля 2022 23:22
    Nirvana,
    Bizem kawagt öwunip göreli diyyañmi)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler