Salam hormatly agzalar. Gowumy ýagdaýlaryňyz? Bu gün men Islenen.ru-nyň aktiw agzalaryndan biri bolan, haçan görseň liniýada duran (online), köp jogap ýazýan agza hem-de dostumyz bolan Hiayress bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildim. Agzalar hem yzygiderlikde çenden çykmanjyk gyzyklanýan soraglaryny berip bilerler. Elbetde özi razy bolsa. Ýöne närazy bolar-a öýdemok.
Meň soragym şeýle:
1. “ ….. diňe mende bar.”
Şu ýerdäki köp nokatlaryň ýerini dolduraý.
2. Hiayress- sözüniň manysy we şu lakamy saýlap almagyň sebäbi näme?
3. Bu saýtda seni özüne çekýän temalaryň görnüşleri?
4. Eger şu saýdy sen dolandyrýan bolsaň, nähili üýtgeşmeler girizerdiň?
5. Durmuşdaky baş şygaryň?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 18-04-2022, 15:09

  • Telwas Telwas off № 31 18 апреля 2022 18:57
    Цитата: Tinkerbell
    Hiayress, minnetdar.

    Başga-da beribereýinmi?))

    Beýleki agzalarada sorag goýgyn.

    Men indiki söhbetdeşligi jan ýaly joram Гость bilen geçirmekçi, özi göwnese.
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 32 18 апреля 2022 18:58
    Nirvana, aýýý aýdyp bilemokda jora, düşün)
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 33 18 апреля 2022 19:00
    Nirvana, höwes bilen :)
    Jogap
  • Michael Michael off № 34 18 апреля 2022 19:14
    Nirvana,
    Jorj Orweliň Mal saraýy kitaby XX asyryň 1-nji ýarymyndaky Russiýadaky ýagdaýy görkezmek islesede, ol häzirki güne çenli degişlimika diýýän.
    Jogap
  • Michael Michael off № 35 18 апреля 2022 19:15
    И ещё

    Честные (для кого "честь" - не пустой звук), совестливые ЛЮДИ просто обязаны ее прочитать.
    Jogap
  • Michael Michael off № 36 18 апреля 2022 19:17
    И ещё
    Читается легко , автор показывает становление тоталитарного строя и к последствиям, которые из этого вытекают.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 18 апреля 2022 19:21
    Цитата: Michael
    Nirvana,
    Jorj Orweliň Mal saraýy kitaby XX asyryň 1-nji ýarymyndaky Russiýadaky ýagdaýy görkezmek islesede, ol häzirki güne çenli degişlimika diýýän.


    Salam. Ylalaşýan. Menem şol kitaby okan wagtym günümizi aňladýar diýipdim. Örän gyzykly kitap. Asyl George Orwell-iň eserleri gowy.
    Şolar ýaly syýasat we häzirki zaman durmuşyny şekillendirýän kitaplardan bilýäniňiz bar bolsa adyny ýazaýyň. Sizde bar bolsa-da ugradaýyň.
    Jogap
  • Michael Michael off № 38 18 апреля 2022 19:21
    Bagyşlaň, esasy temadan uzaklaşanym üçin. Bu kitap barada pikirimi aýtmak isledim :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 39 18 апреля 2022 19:23
    Цитата: Michael
    Bagyşlaň, esasy temadan uzaklaşanym üçin. Bu kitap barada pikirimi aýtmak isledim :)

    Şol kitap barada pikiriňizi bilesim gelýär. Gahrymanlaryny aýratynlykda häsiýetlendirseňiz, öz garaýşyňyz boýunça.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 40 18 апреля 2022 19:24
    Цитата: Michael
    И ещё
    Читается легко , автор показывает становление тоталитарного строя и к последствиям, которые из этого вытекают.


    Dogry.
    Jogap
  • Michael Michael off № 41 18 апреля 2022 19:24
    Salam. Ylalaşýan. Menem şol kitaby okan wagtym günümizi aňladýar diýipdim. Örän gyzykly kitap. Asyl George Orwell-iň eserleri gowy.
    Şolar ýaly syýasat we häzirki zaman durmuşyny şekillendirýän kitaplardan bilýäniňiz bar bolsa adyny ýazaýyň. Sizde bar bolsa-da ugradaýyň


    Salam. Şu soragy men soramakçydym welin, gija galypdyryn. Mende şu ýazyjynyň 1984 kitaby bar. Gaýta siz maňa maslahat beriň.
    Jogap
  • Michael Michael off № 42 18 апреля 2022 19:28
    Nirvana,
    Men Karl Popperiň kitaplaryny okaýan. Siz nähili pikirde şol ýazyjy barada?
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 43 18 апреля 2022 19:29
    Kitap diýerlik bar eken bulara))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 44 18 апреля 2022 19:30
    Michael,
    Menem Hiayress dostumyn aydanson 1984-i okap bashladym hazir men Winston bilen Juliaň Goldşteiniň kitabyny okaýan ýerine geldim...
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 45 18 апреля 2022 19:30
    Michael, onda sen maňa-da ugradaý
    Jogap
  • Michael Michael off № 46 18 апреля 2022 19:30
    Nirvana,
    Mal saraýy kitaby skotizm esasynda ýazylyp komminizmiň parodiýasy hökmünde görýän men
    Jogap
  • Michael Michael off № 47 18 апреля 2022 19:31
    Khanture,
    Men indi okajak 1-nji sahypasyny okap bir sebäbe görä taşladym.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 48 18 апреля 2022 19:32
    Michael,
    Okap gör başy birazrak içgysgynçdy meň üçin. Soň gyzykly bolup ugrady soňa baka
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 49 18 апреля 2022 19:37
    Цитата: Michael
    Nirvana,
    Men Karl Popperiň kitaplaryny okaýan. Siz nähili pikirde şol ýazyjy barada?

    Şu sözlemden soň men sizi birine meňzetjek bolýan. Bir tanyşymam şuň eserlerini okaýar.
    Meň maslahat berjeklerim bar. Belki öň okansyňyz. Jose Saramago “Körlük”
    Karl Popperiň kitaplaryny gynansamda okap görmedim. Emma özüniň güýçli ýazyjydygyny bilýän. Özi we eserleri barada ýazylan teswirleri öň bir saýtda okap görüpdim.
    Siz haýsy eserlerini okadyňyz?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 50 18 апреля 2022 19:41
    Fahrenheit 451 - Ray Bradbury
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 51 18 апреля 2022 19:44
    Mende-de birnäçe dili türk-türkmen bolan kitaplar bar.

    @Hiayress men sizi bir akkaunda goşypdym. Şol ýerde siz entegem barmy? Bar bolsaňyz täze kitap paýlaşylýan bolsa ugradaýyň diýjekdim. Ýa-da salgysyny ugratsaňyzam bolýar.
    Jogap
  • Michael Michael off № 52 18 апреля 2022 19:45
    Nirvana,
    Karl Popperi okaýan köpdür meniň pikirimçe. Men "açyk toplum we onuň duşmanlary" kitabyny okapdym (2 tomuny).
    Jogap
  • Michael Michael off № 53 18 апреля 2022 19:47
    Nirvana,
    Jose Saramagonyň "Görmek" "Körlük" "Kabil" kitaplary mende bar. Okadym diýsem ýalançy bolaryn
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 54 18 апреля 2022 19:48
    Nirvana,
    Farenheitem gowy eser! Açlyk oýunlarnam maslahat beryan mena uc kitabyndan ikisini okadym Awtory Syuzan Kollinz Panem diyen bir hyyaly distopik dowletin her yyl geciryan aclyk oyunlary barada...
    Jogap
  • Michael Michael off № 55 18 апреля 2022 19:49
    Fahrenheit 451 - Ray Bradbury

    Buny bilemokdym. Bulam syýasy, häzirki zaman gurluşa degişli kitapmy?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 56 18 апреля 2022 19:50
    Michael,
    Howwa biraz fantastika Bredberi fantast yazyjy Mars ýyllyklary romanynam okapdym...
    Jogap
  • Michael Michael off № 57 18 апреля 2022 19:50
    Men haýal ýazýandyryn.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 58 18 апреля 2022 19:53
    Nirvana,
    Siziň özüňiz çykzyňyzmy ol ýerden?! Çykan bolsaňyz täzeden goşaýmasam. Elbetde meni goşsaňyz.))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 59 18 апреля 2022 19:59
    Цитата: Michael
    Fahrenheit 451 - Ray Bradbury

    Buny bilemokdym. Bulam syýasy, häzirki zaman gurluşa degişli kitapmy?


    Ýalňyşmasam fantastika, geljekdäki kitaplara garşy göreş alyp barýan ýurdyň gurluşyndan, ýöredilşinden söz açýan kitap bolmaly. Meňem okamaly diýip bellik alyp goýan kitaplarymyň içinde.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 60 18 апреля 2022 20:01
    Цитата: Michael
    Fahrenheit 451 - Ray Bradbury

    Buny bilemokdym. Bulam syýasy, häzirki zaman gurluşa degişli kitapmy?


    Fantastiki distopýa. Kitapsyz dünýäni şekillendirýär.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler