Salam hormatly agzalar. Gowumy ýagdaýlaryňyz? Bu gün men Islenen.ru-nyň aktiw agzalaryndan biri bolan, haçan görseň liniýada duran (online), köp jogap ýazýan agza hem-de dostumyz bolan Hiayress bilen söhbetdeşlik guramagy makul bildim. Agzalar hem yzygiderlikde çenden çykmanjyk gyzyklanýan soraglaryny berip bilerler. Elbetde özi razy bolsa. Ýöne närazy bolar-a öýdemok.
Meň soragym şeýle:
1. “ ….. diňe mende bar.”
Şu ýerdäki köp nokatlaryň ýerini dolduraý.
2. Hiayress- sözüniň manysy we şu lakamy saýlap almagyň sebäbi näme?
3. Bu saýtda seni özüne çekýän temalaryň görnüşleri?
4. Eger şu saýdy sen dolandyrýan bolsaň, nähili üýtgeşmeler girizerdiň?
5. Durmuşdaky baş şygaryň?

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 18-04-2022, 15:09

  • Tinkerbell Tinkerbell off № 1 18 апреля 2022 16:14
    Onda menem bereýin:

    1- Özüň barada has giňişräk maglumat ýazsaň(biografiýa)

    2- Haçan öýlenjek :)

    3- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?

    4- Geljekki maksatlaryň?

    5- Näçe dogan siz?

    6- Size mynasyp gyz nahili bolmalyka?! Garaz ideal diyyaninizde nahili hasiyetler bolmaly?!

    7- Geljekde TM-nyn dashynda ýaşamak hakda pikir edyýäňizmi belki biraz wagtlyk bolsa-da?

    8- Haýsy şahsy özüňize primer edinyaniz?! Ýa-da ýazyjylardan, filosoflardan, alymlardan haýsyny has halaýaňyz?!

    9- Saýtyň agzalaryndan haýsylaryny halaýaňyz?!

    10- Nähili kitaplary okamagy halaýaňyz?!

    11- Haýsy ýurduň medeniýeti size has ýakyn?!

    12- Agzalara berjek maslahatyň?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 18 апреля 2022 16:58
    Söhbetdeşlik atly mowzugy görip, näme hakda, kim bilen mesaýy gürrüň etdilerkä diýip begenip gelsem özüm hakda eken. Başga biri hakda bolanna aşagyna tankydy (meň düşünşimçe) teswirlerden doldurjakdym, arman özüň hakda birzat diýmeklik kyn. Öz häsiýetiňe analiz bermek aňsat düşmeýär, özüňi tankyt astyna alasyň gelmeýär, tankyt etmejek bolsaňam teswir ýazyp näme etjek diýen ýaly sorag kellä urýar. Garaz, mowzugy halamadym diýeýinle :), ýene-de "tumşugyny göge tutup ýör" diýmezleri üçin özüm hakda bilenjelerimi teswirde galdyrmana çalyşaýyn.

    1) “ ….. diňe mende bar.”

    Ýatlama, ykbal, isleg, arzuw, ukyp, aň, düşünje, duýgy... garaz näme diýsemem diňe mende däl azda-kände tapawutly hemme kişide-de bar.

    2) "Hiayress- sözüniň manysy we şu lakamy saýlap almagyň sebäbi näme?"

    Internet sahypalarynda köp wagtymy geçiremsoň azda-kände birküç sany oňat nikname-miň bolmagyny isledim we duýdansyz şu nikname hem kelläme geldi. Aňlatýan manysy: Hi (Salam), ay (iňlis sözi "i" - men), Ress (adymyň (*****) gysgadylan görnüşi. Işde şeý diýip köp tutýarlar).

    3) "Bu saýtda seni özüne çekýän temalaryň görnüşleri?"

    Saýda hökmany birzat öwrenmek maksady bilen girmeýän diňe pikir etmekligimi özleşdirmek ýa-da pikir etmezligimi goýmazlyk üçin girýän. Şonuň üçinem känbir mowzuk dannamaýan.

    4) "Eger şu saýdy sen dolandyrýan bolsaň, nähili üýtgeşmeler girizerdiň?"

    Men ýalta. :)))

    5) "Durmuşdaky baş şygaryň?"

    Okamak, okamak, ýene-de okamak. Dünýägaraýşymy giňeltmek. Bilmeýän zatlarymy öwrenmek.


    "Haçan görseň liniýada duran"

    Intägem başlygymyzyň saýda girmeýäni ýagşy.)) Uzak gün däl, ýöne saýt sahypasy açyk durýar. Käwagt-käwagtam göz aýlaýan.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 18 апреля 2022 17:15
    Tinkerbell,

    1) "Özüň barada has giňişräk maglumat ýazsaň"

    Özüm hakda gürrüň etmäni halamok. :(

    2) "Haçan öýlenjek"

    Bu günä giç boldy. :)

    3) "Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň"

    Pas. Uzak pikirlenmeli bolýan, şu wagt bolsa uzak pikirlenmäne höwes ýok.

    4) "Geljekki maksatlaryň"

    Şu günde ýaşaýan.))

    5) "Näçe dogan siz"

    Bir uly, bir kiçi, bir hem men.

    6) "Size mynasyp gyz nahili bolmalyka?! Garaz ideal diyyaninizde nahili hasiyetler bolmaly"

    Ideal diýýän gyzyma sataşamsoň aýdaýmasam.

    7) "Geljekde TM-nyn dashynda ýaşamak hakda pikir edyýäňizmi belki biraz wagtlyk bolsa-da"

    Gezelenç etmek isleýän ýerlerim: Gawaý, Irlandiýa, Ispaniýa, Täze Zlandiýa, Awstraliýa...

    8) "Haýsy şahsy özüňize primer edinyaniz?! Ýa-da ýazyjylardan, filosoflardan, alymlardan haýsyny has halaýaňyz?!"

    Hiç bir şahsy özüme nusga edinemok. Her bir awtoritetiň özüne ýetik kemçiligi bar. Ýöne stereotip pikirli adamlardan, täzeçil pikirlenýän adamlary gowy görýän.

    9) "Saýtyň agzalaryndan haýsylaryny halaýaňyz?!"

    Hemmesinem. (Gowy jogap:))

    10) "Nähili kitaplary okamagy halaýaňyz"

    Öz boýlaryndan ýokary bökmegi başaran adamlaryň kitaplaryny.

    11) "Haýsy ýurduň medeniýeti size has ýakyn?!"

    Ýewropa medenýetinde-de kemçilik köp bolsa-da ýene şu wagtky bar bolan medenýetleriň içinden şolaryňky ýakyn.

    12) "Agzalara berjek maslahatyň"

    Maslahaty özüňiz özüňize beriň. :)
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 5 18 апреля 2022 17:24
    Jogaplaryň bilen kän kanagatlanmadymam welin, borda :) Köp sagbol Hiayress!
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 6 18 апреля 2022 17:28
    Hiayress, ýene sorag saňa)
    Söýgüliñ bilen taxi mündüñ, barmaly ýeriñede ýetende puluñy öýde galdyranyñy bilip galýañ. Etjek hereketleriñ? (ugurtapyjylygyñy barlamak üçin)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 7 18 апреля 2022 17:42
    Tinkerbell,
    Garaşýan jogabyňyzy bilmesem jogap bermek kyn. :)
    Häzirki döwürdi telefon diýen nerse bar. Şonuň üsti bilen pul geçirip bolýar. Telefonyňda pul ýok bolsa ýene birine jaň edip pul oklamagyny haýyş edip bolýar. Şafýor bilen gürleşip meseläni çözüp bolýar. Zaloga bir zat goýsaňam bolar. Ýene şular ýaly birnäçe çözgüdini tapsa bolar.))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 18 апреля 2022 17:44
    Цитата: Tinkerbell
    anagatlanmadymam

    Kanagatlanmadyk ýeriňizdäki jogaplara derek, kanagatlanýan jogaplaryňy ýazyp okaýmasaňyz alaç ýok. (Kanagatlanjak jogaplaryňyzy görkezen bolsaňyz şolary bellärdim)
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 9 18 апреля 2022 17:45
    Hiayress, bet ekeniňay :)
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 10 18 апреля 2022 17:45
    Hiayress,
    Käriňiz?

    Dostluk.ru da @Nowça , @Aly ýada @Raýmond dagy admin wagty ulanan nikiňizi aýdaýyň, eger syr bolmasa? @Makintosh mc, @Revolution diýen nikleriňiziň bardygyny bilýän .Bulary Halmuradoff moder wagty ulandyňyz.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 11 18 апреля 2022 17:47
    Waleryanka,
    Men dostluk.ru saýtyna Aýna admin wagty girdim. Gözümiň göreni Röwşen bilen Aýnadyr.))
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 12 18 апреля 2022 17:50
    Hiayress,
    Gözüňiz " gowy" adminler-ä görüpdir))

    A käriňiz häzirlikçe syrmy?
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 13 18 апреля 2022 17:56
    Hiayress, maslahat berjek 3 sany iň gowy diýip hasap edýän kitaplaryň?!
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 14 18 апреля 2022 18:00
    Hiayress,
    600$ aýlyk hakly ýönekeý işçi boljakmy ýa-da 200$ hakly başlyk?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 18 апреля 2022 18:24
    Waleryanka,
    Kär şol öňki kärdir. "Tur otyr kersen getir".))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 18 апреля 2022 18:27
    Цитата: Tinkerbell
    Salam Nirvana.

    Salam. Nigiňi gowja gördüm. :)
    Gyzyklanaýşyňy bu Hiayress bilen ;)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 18 апреля 2022 18:31
    Hiayress,
    Minnetdar kejirligiňizi bir ýana goýup jogap bereniňiz üçin!
    1-nji soraga beren jogabyňyzdan galany bilen kanagatlanýan.

    Uzak gün online diýip degişdim jora. :)
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 18 18 апреля 2022 18:32
    Nirvana, gowmy ýagdaýlar?
    Minnetdar :)
    Gyzyklanmagymyň sebäbi mende galaýsyn :))
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 18 апреля 2022 18:33
    Tinkerbell,"
    Özümä daşary ýurt edebiýatyndan: Джордж Оруэлл "1984"; "Скотный двор" we Роберт Музиль "Челове́к без свойств" kitaplaryny. Türkmen edebiýatyndan: Aman Kekilow "Söýgi"; Tirkiş Jumageldiýew "Ömür dawasy" we Ata Gowşudow "Perman" kitaplary.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 20 18 апреля 2022 18:34
    Цитата: Tinkerbell
    Nirvana, gowmy ýagdaýlar?
    Minnetdar :)
    Gyzyklanmagymyň sebäbi mende galaýsyn :))


    Oňat Alla şükür. Özüň niçik?
    Galsyn galsyn. :)
    Sen haýsy agza öňkilerden?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 18 апреля 2022 18:35
    Цитата: Hiayress
    Tinkerbell,"
    Özümä daşary ýurt edebiýatyndan: Джордж Оруэлл "1984"; "Скотный двор" we Роберт Музиль "Челове́к без свойств" kitaplaryny. Türkmen edebiýatyndan: Aman Kekilow "Söýgi"; Tirkiş Jumageldiýew "Ömür dawasy" we Ata Gowşudow "Perman" kitaplary.


    Скотный двор eserinde haýsy haýwany özüňize ýakyn saýýaňyz?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 22 18 апреля 2022 18:35
    Цитата: Tinkerbell
    Hiayress,
    600$ aýlyk hakly ýönekeý işçi boljakmy ýa-da 200$ hakly başlyk?


    Başlyk bolmak goşmaça jogapkärçiligi öz üstüňe almak, öň üstünede az hak töleýän bolsalar elbetde ýönekeý işçi.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 23 18 апреля 2022 18:38
    Nirvana,
    Haýsy hem bolsa birini saýlamaly bolsa "Garry maýory" saýlaýmasam.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 18 апреля 2022 18:39
    Цитата: Hiayress
    Nirvana,
    Haýsy hem bolsa birini saýlamaly bolsa "Garry maýory" saýlaýmasam.

    Size şolam gelişerdi.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 25 18 апреля 2022 18:42
    Цитата: Nirvana
    Hiayress,
    Minnetdar kejirligiňizi bir ýana goýup jogap bereniňiz üçin!
    1-nji soraga beren jogabyňyzdan galany bilen kanagatlanýan.

    Uzak gün online diýip degişdim jora. :)


    Kanagatlanmadyk jogabyňyz haýsy?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 18 апреля 2022 18:45
    1) “ ….. diňe mende bar.”

    Ýatlama, ykbal, isleg, arzuw, ukyp, aň, düşünje, duýgy... garaz näme diýsemem diňe mende däl azda-kände tapawutly hemme kişide-de bar.

    -Şu.
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 27 18 апреля 2022 18:49
    Nirvana, aýtmasam gaty görmeli däl :)
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 28 18 апреля 2022 18:51
    Tinkerbell, wi ýatdan çykypdyr, gowy menem))
    Jogap
  • Tinkerbell Tinkerbell off № 29 18 апреля 2022 18:51
    Hiayress, minnetdar.

    Başga-da beribereýinmi?))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 18 апреля 2022 18:54
    Цитата: Tinkerbell
    Nirvana, aýtmasam gaty görmeli däl :)

    Öýkelekdirin men :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler