Talyplar.com-yň agzalary bir ýurt bolsady ?!
Nazarhann - Basybalyjy ýurt bolardy, her kime çozup adam öldürerdi, köp zat bilerdi, ýöne ýurtlaryň kemini gödek şekilde aýdardy. Köp kişi bu ýurda akyllysyraýar diýerdi. Köp kişi oňa çozsada şowsuz bolardy.
Paris - Köp ýurtlar bilen işi bolmazdy. Gaty güýçli görünjegem bolmazdy gaty ejizem. Ýöne käwagt halkara arenada çekeleşiklere gatnaşardy.
Hazar99 - Gaty iç ýakgynç ýurt bolardy, edil Ysraýyl ýaly. Esasanam iň güýçli ýurt Nazarhann-a çozardy ýöne bu çozuşy Nazarhann-a zyýan etmezdi, gaýta daş töwerekdäki ýurtlara zyýan ederdi we Dünýäni zaýalardy. Umuman bu ýurdy az wagtda üýşüp "kaput" ederlerdi.
Nirvana - Dünýäniň iň akylly ýurdy bolardy. Her ýurda kömek bererdi adamlary akyllandyrjak zatlar ederdi. Çekeleşiklere uruşlara gatnaşmazdy. Harby taýdan güýçli bolmasada tehnologiýada gaty öserdi.
ZET-PRO2003 - Taryhda gaty güýçli we zalym ýurt bolupdy, hiç kime gynananokdy, ýurtlaryň syrlaryny halkara arenada paýlaşardy, esasanam Nazarhann bilen urşupdy, näçe adam ölsede bu uruş netijelenmedi. Şo sebäpli bu ýurda çozmana köp kişi gorkardy. Edebiýat we bilim ugrundaky ýurtlara hem çozardy. Özüni iň güýçli Döwlet hasaplardy. Bulam gaty köp ganyň dökülmegine sebäp bolardy. Ol maglumatlara akyl satýandyr öýdüp görüplik etýärler öýderdi. Edil Nasi Germaniýasynyň nemes halkyny üstün görüp beýleki ýurtlary kiçi görüp çozuşy ýaly bulam şeýderdi, ýöne Germaniýanyň bolşy ýaly üýşüp kynam bolsa muny ýatyrarlardy. Bu ýurt taryhda ençeme waka geçirenem bolsa şuwagt gaty ümsüm we hiç kim bilen işi ýok.
Khanture - Gaty çylşyrymly ýurt bolardy, hiç ýurt muňa düşünip bilmezdi. Gaty üýtgeşik düşünjeleri bolardy, bu düşünjeleri bilen köp ýurdy ynandyrardy. Ýöne muňa ynanmaýanlaram ol ýurda çozardy. Hatda çozup gaty köp gan dökerlerdi. Sebäbi ol düşünjelere ynanmak kyndy. Bu ýurt kimi üçin akylly kimi üçin bolardy.
Гость - Bu ýurdyň bardygam bilinmezdi, ýöne akylly ýurtdy, esasanam öwrenmäni gowy görerdi we başga ýurtlara okuwçy ugradardy. Käwagt her hili jedellere goşulardy we pikirlerini aýdardy.
Adalat19 - Bu ýurdyň ençeme ýyllap akylly görünendigi soň iň soňky ýurtdygy bilindi. Bu ýurdyň iki ýüzi bardy. Bulam edil Khanture-niňki ýaly düşünjelere eýe bolsada has adatdan çykýardy. Khanture hem käwagt muňa "hu*ýet" etýärdi. Bu ýurt birhili kinoda ýaşaýan ýalydy, özüçe bir Älemdi. Edil muňada Khanture çozýan ýurtlar çozarlardy. Ýöne muňa gaty zalym bolarlardy, hemme adamlaryny asyp keserlerdi, çaga aýal diýmän halkyny oka düzerlerdi, esasanam Nazarhann bu ýurda garşylara garamazdan atom bomba atardy. Jeksparro, Khanture, Panturkist, Ahmedik ýaly ýurtlar bu ýurdy gollap urşa girerdi, ýöne asyl günäkäriň bu ýurtdygy, Hazar99 atly gurjak ýurt gurup hemmelere zyýan berýändigi öwrenilenden soň hemme ýurt muňa garşy urşa goşulardy we bu ýurdy "kaput" ederlerdi. Şeýlelik bilen bu yurdyň hakyky ýüzi orta çykdy we öňki abraýyny ýitirdi.
Jeksparro - Akylly hem diýseň bolýar ýöne käwagt akyllysyraýardy, meselem "Men eýleki ýurtlaryň pikiri bilen işim ýok, öz ýurdumdakylar näme diýse şo" diýýärdi. Yagny olaryň ýazan taryhy ýalan özüniňki dogrudy. Ýalňyş ýurtlaryň tarapyny tutýardy, çalt aldanýardy sebäbi.
Panturkist - Gaty milletparaz bir Döwletdi, esasanam dini gaty köp ulanýardy, edil Eýran ýalydy, din bilen ýöreýärdi, dindäki zatlar kanundy. Özüniňem haýsy dindendigi belli däldi. Köp kişi bu ýurda "Üýtgeşik düşünjeli" diýip hormat goýsada käbiri "Eý mahowlar, bu dini oýunjak etdi" diýip bu ýurdy asyp kesýärlerdi.
Wonderfull - Prezidenti gyz bolsada gaty agressiw ýurtdy, esasanam Nazarhann ýurdy bilen gowy gatnaşýardy, ikisi edil bir ýurt ýalydy, düşünjeleri deňdi, olam basybalyjy bulam basybalyjy, hatda arkasynda Jeksparro, Panturkist, Khanture ýaly ýurtlaryň duran ýurdy Ahmedige çozdy we basyp aldy. Düşünjelerini gahary gelse gödek şekilde diýýärdi, ýöne Nazarhann ýaly diňe harby taýdan dälde bilim tarapyndanam güýçlidi.
Gray_Wolf - Gaty moşennik ýurt bolardy, köp ýurdy aldap pula sokardy, hatda BegCon atly ýurdy sokup ony ykdysady taýdan çökertdi. Taryhda ZET-PRO2003 ýurdy bilen gaty ganly uruşlar boldy, Gray_Wolfyň tarapdarlary köpdi. Ýöne görülip oturylsa ZET-PRO2003 dogry aýtýar eken. Iň sokujy ýalançy ýurt bolup çykdy. Hatda aýdylmagyna görä 30-dan köp adamy sokdy. Nazarhann täzelikde bu ýurda çozmak üçin goşun ýygnap ýörendigini aýtdy. Bu ýurduňam iki yüzi bar diýip pikir edilýär we TrustORG atly ýurdy şunyň ýöretýändigi aýdylýar.
Wrestling - Hiç zat bilen işi ýokdy, ne ýurtlar bilen, ne pikirler bilen, diňe bolup geçýän zatlary hezil edip diňläp görýärdi. Uruş zat bolsa hezil edip çaý zat içip görýärdi. Hiç kime zyýan berenokdy.
Ahmedik - Gaty köp pikirli ýurtdy, orta bir pikir atýardy eýleki ýurtlaram şol pikir üçin dälliräp sögüşýärlerdi. Bulam edil Panturkist, Khanture, Adalat19 ýalydy, üýtgeşik düşünjeleri bardy. Ýöne ýakyn wagtda bu ýurda Wonderfull çozupdy.
Pegas - Gaty akylly ýurtdy, ýöne bulam köp ýurda görä akyllysyraýardy, ýurdunda ençeme ylmy okuwlar akademiýalar bardy. Bu ýurtda esasy şahyrlar köpdi.
Xyvenia - Bulam gaty akylly ýurtdy, ýöne taryhda muňada çozupdylar ýöne ejizräk bolany üçin bu ýurda köp ýurt kömek edipdi. Şuwagtam akademiýalarynda ençeme eserler döredilýär.
Korolewa - Bu ýurduňam hiç ýurt bilen işi ýok, ýöne gaty akylly ýurt, ençeme şahyrlary edebiýatçylary bar.
Zalymm - Orta düşünjeli ýurtdy, esasy sorag bermäni gowy göryärdi, ýurtlar bilen üýşüp gürrüň etmäni gowy görýärdi, bilim tarapdanam ösendi.
Hercai - Her hili düşünneleri bardy, köpçülik näme diýse şony goldaýardy.
the_end - Arada çykyp bir ýurtlara sögüp çykýardy.
Dowsypat00 - Bulam esasy Khanture, Panturkist, Adalat19 ýaly ýurtlar bilen iş alyp barýardy, ýöne diňe pikirini aýtýardy, hemmeleri diňläp netijeli bir çözgüt çykarjak bolýardy.
.Leyla - Bulam köp halkara arenada görünýär ýurt däldi ýöne akylly ýurtdy.
yekejam. - Bu ýurt hem sorag bermäni gowy görýärdi, her hiljek taraplary bardy, esasy degişme zat aýtmany gowy görýärdi.
Crazy-boy - Bu ýurt esasy Dünýä zyýan berýän ýurtlara gaty garşydy, olara sögýärdi garşy çykýardy. Olar ýok wagty özi bilendi hemmetaraplaýyn düşünjeleri bardy.
Halkara birleşikler
Basyp alyjy birleşikler :
(Nazarhann, Wonderfull, ZET-PRO2003)
Akylly birleşikler :
(Nirvana, Pegas, Jeksparro, Korolewa, Xyvenia)
Hiç zat bilen işi bolmaýan birleşikler :
(Wrestling, Zalymm, .Leyla)
Üýtgeşik düşünjeli Kaşgarlylar birleşigi :
(Khnature, Panturkist, Ahmedik, Adalat19)
Köpçülige görä birleşikler :
(Hercai, Гость, Crazy-boy, the_end, Paris, yekejam., Dowsypat00)
Bitarap ýazjak boldum başardygymça...
Gutulmyş.
Talyplar.com.
Ýadyňyza düşýärmi?
Bilim,
Telwas
tarapyndan
5-05-2022, 20:27