Bolmasyz zatlar bolar. Gutarmaly däl zatlar gutarar. Gitmeli däller gider. Gelmegine mätäçlik duýulan bolsa, hiç gelen däldir. Bularyň arasynda käwagt mätäç ýaly duýýan ýekeje zadymyz, radioda iň gowy görýän aýdymymyzyň aýdylmagydyr. Olam bolmaz.
Söýýän diýerler, söýmek aňyrda dursyn, söýgä degişli kiçijek bir duýgam saklamazlar içlerinde. Gitjek däl diýselerem ilki bilen senden giderler. Dogrylary ynsana ýalan diýip ýuwutdurarlar. Bar bolan zatlar ýok ediler, ýok bolanlar bolsa bar…
Ynsanyň içinde göterýän duýgulary bar wagty, nirede bolanynyň kän bir zerurlygy ýok. Esasy zat duýgularynyň hakykat paýy.
Ynsanlaryň söýmese-de, manyly sözlemler bilen sözlerini owadanlamasy, söýýän ýaly görünmegi gaharymy getirmänem duranok.
Söýmesede “Söýýänler” agza sakgyç bolupdyr. Herkim biri-birine uzyn-uzyn sözlemler ýazýarlar. Her kim biri-birini söýýänini aýtýar. Söýgi duýulýarmy, duýdurylýarmy, hiç kim bu barada pikir edenok. Adamlar gör nähili gowy görýär, söýgüni sözde ýaşamagy. Uzak aralyklarda bolsalaram, bilet satyn alyp söýýän ynsanynyň ýanyna gitmäge ýaltanýanlar, häzirki wagtyň iň aşyk ynsanlary. Her näçe päsgelçilik ýaly bolup görünýänem bolsa, käbir uzak aralyklar, käbir yşklaryň ajalydyr.
Aralyklar ynsanyň gözünde ulaldyşy ýalydyr. Ynsanyň yşga bolan duýgulary güneş ýalydyr. Käte gara bulutlar günüň şöhleleriniň öňüňe geçip, ynsanlary, ýeri şöhlelendirmegine päsgel berýän bolsa, duýgularam şolar ýalydyr.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 10-05-2022, 22:25

  • Mona Songz Mona Songz off № 31 10 мая 2022 23:33
    Salam Nirwana. Gowymy vagdavlaryňyz? Sag aman gezip ýörsüňizmi? Nerwim, nastreniýam gowy dal diýdiňiz aý ondada soraşmak isledim) Hany sizi geň görsem, olam alnyma gelip gowuşaýsa) siz ýaly bolmagam ULY Üstünlik adama. Ýazýan zatlaryňyzy okap hezil edýän. Gaty manyly, durmuş barada tejribäňiz güýçli. Men siziň telefonyňyzdaky zametka bellän zatlaryňyzy özüm bir başdan okasym gelip gidýär käte)
    Tüweleme ýene bir gezek Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun. Prosta söz ýok size ??
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 32 10 мая 2022 23:35
    Motiwasiýalaryňyz gaty gymmatly altyna deň. Hökmän bellap aljak . Sag boluň! Özi şu günler gereklidi maňa şeýle sözlerem :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 33 11 мая 2022 09:17
    Rigel,
    Söýgi birnäçe gowy adam gatnaşyklaryny özünde jemleýän söz. Ony ulaltmak ýada kiçeltmek gerek däl. Zalymlaram söýüp söýülmäni ýada söýüp bilmäni üçin zalymlaşanokda, düşünilmäni we adamlara düşünmeýäni, olardan göwnüniň geçenligi üçin zalymlaşýar.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 34 11 мая 2022 09:34
    Hiayress
    Rigel,
    Söýgi birnäçe gowy adam gatnaşyklaryny özünde jemleýän söz. Ony ulaltmak ýada kiçeltmek gerek däl. Zalymlaram söýüp söýülmäni ýada söýüp bilmäni üçin zalymlaşanokda, düşünilmäni we adamlara düşünmeýäni, olardan göwnüniň geçenligi üçin zalymlaşýar.

    “Bütin dünýäni söýmäge taýýardym, ýöne hiç kim maňa düşünmedi. Soňra men ýigrenmegi öwrendim...”
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 35 11 мая 2022 09:44
    Pegas
    Hiayress
    Rigel,
    Söýgi birnäçe gowy adam gatnaşyklaryny özünde jemleýän söz. Ony ulaltmak ýada kiçeltmek gerek däl. Zalymlaram söýüp söýülmäni ýada söýüp bilmäni üçin zalymlaşanokda, düşünilmäni we adamlara düşünmeýäni, olardan göwnüniň geçenligi üçin zalymlaşýar.

    “Bütin dünýäni söýmäge taýýardym, ýöne hiç kim maňa düşünmedi. Soňra men ýigrenmegi öwrendim...”


    "Я был готов любить весь мир, — меня никто не понял: и я выучился ненавидеть."
    ("Герой нашего времени" / Михаил Лермонтов)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 36 11 мая 2022 14:32
    Rigel,
    Özlerine düşünmeýänler özgelere düşünip bilmeýär. Özgelere düşünmeýänlerem özlerine düşünmeýänleriň hatarynda. :)
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 37 11 мая 2022 23:05
    Nirvana,
    Bir söz diýýäň az iki söz diýýäň köp
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 38 11 мая 2022 23:07
    Rigel,
    Düşünesimiz gelenokda.diňläsimizem
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler