Bolmasyz zatlar bolar. Gutarmaly däl zatlar gutarar. Gitmeli däller gider. Gelmegine mätäçlik duýulan bolsa, hiç gelen däldir. Bularyň arasynda käwagt mätäç ýaly duýýan ýekeje zadymyz, radioda iň gowy görýän aýdymymyzyň aýdylmagydyr. Olam bolmaz.
Söýýän diýerler, söýmek aňyrda dursyn, söýgä degişli kiçijek bir duýgam saklamazlar içlerinde. Gitjek däl diýselerem ilki bilen senden giderler. Dogrylary ynsana ýalan diýip ýuwutdurarlar. Bar bolan zatlar ýok ediler, ýok bolanlar bolsa bar…
Ynsanyň içinde göterýän duýgulary bar wagty, nirede bolanynyň kän bir zerurlygy ýok. Esasy zat duýgularynyň hakykat paýy.
Ynsanlaryň söýmese-de, manyly sözlemler bilen sözlerini owadanlamasy, söýýän ýaly görünmegi gaharymy getirmänem duranok.
Söýmesede “Söýýänler” agza sakgyç bolupdyr. Herkim biri-birine uzyn-uzyn sözlemler ýazýarlar. Her kim biri-birini söýýänini aýtýar. Söýgi duýulýarmy, duýdurylýarmy, hiç kim bu barada pikir edenok. Adamlar gör nähili gowy görýär, söýgüni sözde ýaşamagy. Uzak aralyklarda bolsalaram, bilet satyn alyp söýýän ynsanynyň ýanyna gitmäge ýaltanýanlar, häzirki wagtyň iň aşyk ynsanlary. Her näçe päsgelçilik ýaly bolup görünýänem bolsa, käbir uzak aralyklar, käbir yşklaryň ajalydyr.
Aralyklar ynsanyň gözünde ulaldyşy ýalydyr. Ynsanyň yşga bolan duýgulary güneş ýalydyr. Käte gara bulutlar günüň şöhleleriniň öňüňe geçip, ynsanlary, ýeri şöhlelendirmegine päsgel berýän bolsa, duýgularam şolar ýalydyr.
Ondan-mundan…
Bilim,
Telwas
tarapyndan
10-05-2022, 22:25