Salam hormatly agzalar, ertiriňiz haýyrly bolsun! Gowumy ýagdaýlaryňyz? Şu blog öň hiç açylmadyk bolsa gerek, kellä pikir geldi-de, açaýyn diýdim. Belki açylyp, meň gabat gelmedik bolmagymam ahmal. Ýöne, şu blog saýt (isle şu saýt, isle başga) barada çynlakaý mesele. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, internet, innowasiýa çalt depginler bilen ösýär. Internetde her gün ...-lerçe saýtlar döredilýär, milliardlarça maglumat paýlaşylýar. Her kimem boş wagty telefonuny eline alyp internete girýär, güýmenýär. Her kim her dürli saýta girýär, her dürli maglumatlary paýlaşýar (tekst, surat, wideo, mp3) hemem şol saýtynyň boldugyça ömürlik bolmagyny isleýär. Başgalara biljek däl welin, meň özümä şeýle. Admin saýty uzak ýyllar boýunça ýapman saklap bilermi? Geliň, şular barada pikir alyşalyň. Şu saýtyň adminine şu saýtdan peýda barmy?! Şu saýtyň agzalaryna şu saýtdan peýda barmy?!
Şu iki soragyň üdtünde durup geçäýeliň, eger mümkin bolsa. Şu saýt, admin üçin nä derejede peýdalydygy barada maglumatym ýok. Ýöne agzalaryna peýda bardygyny duýýan. Özümä peýdasy bar. Geliň, admini özümiziň gündelik ulanýan şu saýtymyzy edil ömürlik bolmasa-da (minimum 50 ýyl) uzagrak ömür sürer ýaly nämeler etmelidigi barada maslahata çagyralyň?! Käbir soraglaryň üstünde durup geçeliň:
Admin:
1. Şu saýtdan näçe pul gazanýar?
2. Şu saýta näçe çykdaýjy edýär?
3. Şu saýtyň şu ýagdaýyna gelmegi üçin näçeräk azap etdi?
4. Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?
5. Şu saýtyň ykbaly kimiň elinde?
Admin, saýta edýän azaby gowuşmasa, ony taşlamak bilen bolýandyr. Geliň şony taşlatmaly... Geliň hemmämiz üýşüp şu saýty özümiziň garran çagymyz çagalygymyzda ýazan zatlarymyzy ýatlap gülüşip degişer ýaly şol döwüre çenli saklaly?!....
Nädip?! Bu soraga jogap tapmak üçin, agzalaryň şu saýtdan peýdalanyşy barada bileli. Bilşimiz ýaly, her kimem bir zatdan peýdalanmak üçin gelýär şu ýere. Ol anyk fakt. Ýönekeý mysallar:
1. Iň bolmanda gürrüň etmäge,
2. Gerek maglumatyny almaga,
3. Hobby, güýmenje,
4. Bilýänjelerini paýlaşmaga,
5. Ony-muny okamaga.
Ine, şu ýokarky mysallar mydamalyk biz bilen şu saýtda galsa, ýaşlygymyzy ýatlap gülüşenimiz nämä degenok?!
Meň pikirimçe admine haýyş etmeli, saýty uzak wagt ýapylman ulgamda bolmalydygyny aýdyp, şoňam ýerine ýetirilmegi barada teklip bermeli. Oňa bolsa biziň goldawymyz gerek. Nähili goldaw?! Googlede hiç haçan maglumaty öçürmeýän (pozmaýan) serwerler bar. Saýtymyzy şol serwerde saklalyň. Elbetde, bu meniň teklibim. Eger başgada men ýaly pikirlenýän bolsa, eliňi galdyr, özüňi görkez.
Şu blogy öz pikiriňizi ýazyp onsaň bahalandyryň. Saýtymyzyň mydama ýanymyzda bolmagyny isleýän agzalar pikirini ýazyp /like/ bassyn, islemeýänler, olaram pikirini ýazyp /dislike/ bassyn.
Kim nähili pikirde, göreli hany.
Meň özümä garşy däl, ilkinjileriň hatarynda duryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ahmedik_97 tarapyndan 17-05-2022, 05:35

  • - Dani - Dani off № 31 17 мая 2022 17:02
    Voyvoda,
    #Öl ýetmek robingud
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 32 17 мая 2022 17:17
    - Dani,
    Iň aşaky sorag bolaýmasa galany diňe adaty sorag. "Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?" diýip menem sorardym, sebäbi açylan saýtlar köp durmaýar. Sähel wagt açylyp, sessiz-sedasyz ýitip gidýär. Ulanyjynyň açan hemme mowzuklary, azaplary, teswirleri, ýatlamalary we gatnaşyklary ýitýär. Esasy saýt barada soraglar beripdir.
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 33 17 мая 2022 17:26
    - Dani,
    Yumasaney yazmayou yurekbulanc. Tut diydin, onam amly diydin, bit diydin, tasshak diydin, ashgazan goymadynov. Soragadama jogap berip bilenok. Name bu sozler ?
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 34 17 мая 2022 17:27
    - Dani,
    Ozem bara shu mowzukdaky soraglar bilen senin diyenini deneshdireli, senka has erbet. Yurekbulanc, ozun yaly bokly sozler bar. Onsan nadip bu soraglar sam.syk soraglar bolyaray ? Oz ozun sozunde tutulyp dursyn poslan jorap
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 35 17 мая 2022 17:53
    Voyvoda,
    men saňa öňem aýtdym we ýene aýdýan MEN MEKDEP OKUWÇYLARY BILEN URŞAMOK diýip, indem toza şutaýdan fenli
    Jogap
  • perdeli perdeli off № 36 17 мая 2022 18:28
    Ýalňyşmasam saýt mugt domen hem hostinigde oturan bolmaly ýada arzan görnüşde. Saýty populýar etmek üçin dolandyrjylaryň kisesi galyňrak bolmaly. Şeýlede öz başyna domenli uly göwrümli hostinigi bolmaly. Saýtyň ýönekeý hem ýokary derejede tehniki ýagdaýy bolmaly. girim-çykymydoňmaz ýaly, trafik az tutar ýaly. Esasanam saýtdaky ýazgylara dolandyrjylar esawan etmeli bloglara. Garaz Turkmenportal ýaly.

    Özim kä ýarym aýlanyp seretýän bloklara. Köpüsüni açamagom. 70% başga saýtlardan göçürilen, 29% gybat, 1% norma. aýda 5 manat geçireniň bn zat düzemez.
    Jogap
  • perdeli perdeli off № 37 17 мая 2022 18:31
    Ine şu blogyň özem gybat bn kemsitme.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 38 17 мая 2022 19:07
    Uzyn gepiň gysgasy, şu pikir goldanylmaýar. Şonuň üçin öňki-öňküligimizde galyberýäs.
    Men onsaňam uruş, dawa-jenjel üçin açmadym.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 39 17 мая 2022 19:08
    Prosta pikirimi orta atdym.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 40 17 мая 2022 19:10
    - Dani,
    Bagyşla welin, senden blogyň reýtingi barada maglumat soralanok. Pikirim barada pikiriňizi ýazmaklyk haýyş edildi. Blogyň sams.yklygy ýa akyllylygy barada zat soralanok, bagyşlaň hanym @Dani!
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 41 17 мая 2022 19:12
    Voyvoda,
    Voyvoda on № 27Şu gün, 14:57
    - Dani,
    Sen na akyllymay. Adam normalny mowzuk acypdyr adam yaly jogap berip bilenokmy. Sen bara aydyshymdanam beter

    Normalny jogap berseler adam bolarlarda.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 42 17 мая 2022 19:14
    Keaip_begcon,
    Keaip_begcon off № 34Şu gün, 17:17
    - Dani,
    Iň aşaky sorag bolaýmasa galany diňe adaty sorag. "Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?" diýip menem sorardym, sebäbi açylan saýtlar köp durmaýar. Sähel wagt açylyp, sessiz-sedasyz ýitip gidýär. Ulanyjynyň açan hemme mowzuklary, azaplary, teswirleri, ýatlamalary we gatnaşyklary ýitýär. Esasy saýt barada soraglar beripdir

    Ine şu zatlary göz öňüne tutup ýazypdym.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 43 17 мая 2022 20:00
    Onsaňam haýran galaýmaly, normalnyja jogap ýazaýjak ýaly welin, it ýaly-laý käbirleriniň boluşy...
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 44 17 мая 2022 20:02
    Dani — özä gyz maşgala welin, utananogam. Özüni alyp barşy dagyn, ... ýaly...
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 45 17 мая 2022 20:28
    Ahmedik_97,
    Intek sen onun diyen bashga sozlerini eshtmansin. Ozum utanyan kawagt cynymy aytyan dashyndan
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 47 18 мая 2022 01:34
    Voyvoda,
    Voyvoda off № 47Düýn, 20:28
    Ahmedik_97,
    Intek sen onun diyen bashga sozlerini eshtmansin. Ozum utanyan kawagt cynymy aytyan dashyndan

    Goýsana?! Şolar ýaly erbet gyzmy ol?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 48 18 мая 2022 01:34
    Türkmen gyzy,
    Şu saýtmy?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 49 18 мая 2022 01:35
    Bilmedimdä. Plan diýsem ýalançy...
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 50 18 мая 2022 02:49
    Ahmedik_97,
    shon ucin mena kan owrenshemok shu sayta yapylsada acylsada barybir . hamana BOTlar bilen yazyshyan yaly hehehe
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 51 18 мая 2022 05:18
    DonMaxx,
    Aý indi menem şeýle boljak.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler