Salam hormatly agzalar, ertiriňiz haýyrly bolsun! Gowumy ýagdaýlaryňyz? Şu blog öň hiç açylmadyk bolsa gerek, kellä pikir geldi-de, açaýyn diýdim. Belki açylyp, meň gabat gelmedik bolmagymam ahmal. Ýöne, şu blog saýt (isle şu saýt, isle başga) barada çynlakaý mesele. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, internet, innowasiýa çalt depginler bilen ösýär. Internetde her gün ...-lerçe saýtlar döredilýär, milliardlarça maglumat paýlaşylýar. Her kimem boş wagty telefonuny eline alyp internete girýär, güýmenýär. Her kim her dürli saýta girýär, her dürli maglumatlary paýlaşýar (tekst, surat, wideo, mp3) hemem şol saýtynyň boldugyça ömürlik bolmagyny isleýär. Başgalara biljek däl welin, meň özümä şeýle. Admin saýty uzak ýyllar boýunça ýapman saklap bilermi? Geliň, şular barada pikir alyşalyň. Şu saýtyň adminine şu saýtdan peýda barmy?! Şu saýtyň agzalaryna şu saýtdan peýda barmy?!
Şu iki soragyň üdtünde durup geçäýeliň, eger mümkin bolsa. Şu saýt, admin üçin nä derejede peýdalydygy barada maglumatym ýok. Ýöne agzalaryna peýda bardygyny duýýan. Özümä peýdasy bar. Geliň, admini özümiziň gündelik ulanýan şu saýtymyzy edil ömürlik bolmasa-da (minimum 50 ýyl) uzagrak ömür sürer ýaly nämeler etmelidigi barada maslahata çagyralyň?! Käbir soraglaryň üstünde durup geçeliň:
Admin:
1. Şu saýtdan näçe pul gazanýar?
2. Şu saýta näçe çykdaýjy edýär?
3. Şu saýtyň şu ýagdaýyna gelmegi üçin näçeräk azap etdi?
4. Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?
5. Şu saýtyň ykbaly kimiň elinde?
Admin, saýta edýän azaby gowuşmasa, ony taşlamak bilen bolýandyr. Geliň şony taşlatmaly... Geliň hemmämiz üýşüp şu saýty özümiziň garran çagymyz çagalygymyzda ýazan zatlarymyzy ýatlap gülüşip degişer ýaly şol döwüre çenli saklaly?!....
Nädip?! Bu soraga jogap tapmak üçin, agzalaryň şu saýtdan peýdalanyşy barada bileli. Bilşimiz ýaly, her kimem bir zatdan peýdalanmak üçin gelýär şu ýere. Ol anyk fakt. Ýönekeý mysallar:
1. Iň bolmanda gürrüň etmäge,
2. Gerek maglumatyny almaga,
3. Hobby, güýmenje,
4. Bilýänjelerini paýlaşmaga,
5. Ony-muny okamaga.
Ine, şu ýokarky mysallar mydamalyk biz bilen şu saýtda galsa, ýaşlygymyzy ýatlap gülüşenimiz nämä degenok?!
Meň pikirimçe admine haýyş etmeli, saýty uzak wagt ýapylman ulgamda bolmalydygyny aýdyp, şoňam ýerine ýetirilmegi barada teklip bermeli. Oňa bolsa biziň goldawymyz gerek. Nähili goldaw?! Googlede hiç haçan maglumaty öçürmeýän (pozmaýan) serwerler bar. Saýtymyzy şol serwerde saklalyň. Elbetde, bu meniň teklibim. Eger başgada men ýaly pikirlenýän bolsa, eliňi galdyr, özüňi görkez.
Şu blogy öz pikiriňizi ýazyp onsaň bahalandyryň. Saýtymyzyň mydama ýanymyzda bolmagyny isleýän agzalar pikirini ýazyp /like/ bassyn, islemeýänler, olaram pikirini ýazyp /dislike/ bassyn.
Kim nähili pikirde, göreli hany.
Meň özümä garşy däl, ilkinjileriň hatarynda duryn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Ahmedik_97 tarapyndan 17-05-2022, 05:35

  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 1 17 мая 2022 05:43
    Özümä her aýyň başyna (birine) şu saýt üçin 5 manat berjek. Şu saýtda bolsa azyndan 50 adam ulgamda. Agza diýjekdim, agza köp bolansoň adam diýäýdim.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 2 17 мая 2022 05:44
    Hatda şu aýyňkynam berjek.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 3 17 мая 2022 05:46
    Ýöne gaýrat ediň, mowzugy bahalandyrdyňyzmy, sebäbinem ýazyň. Isle minus, ile plýus tapawudy ýok.
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 4 17 мая 2022 08:10
    Selam Ahmetcim gawmy ballym,dogry pikir. Yone cagajyklar geler yaly edyarmi su yere. Kabir tupoylara zat yazsan, nirde bar,shum yaly zatlar diyip ugrayar
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 5 17 мая 2022 08:11
    Saytyn "Akyldarsyrayan" 13yasly cagajyklaryna maslahatym,ozuniz bir zat yazsanyzam Nireden alanynyzy gorkezin. Hekaya yazdynyzmy
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 6 17 мая 2022 08:13
    Awtoryny yazyn. Ceshmesi Gazetmi,cykan yylyny gorkezin. Hamana ozuniz yazan yaly girkezyaniz. Yada Gugllden kopiyalap bari yelmeyaniz.
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 7 17 мая 2022 08:14
    Alymlaryn onunde cykysh etseniz,oz yazanynyzada ynanmayarlar. Nirde bar,subut et diyyar. Onki alymlaryn yazan kitaplaryny okamaly
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 8 17 мая 2022 08:15
    Meselem: Payhas cesmesi-Ashgabat,2016 seyle diyip yazylyar. Nakyldan peydalanan bolsan isinde.
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 9 17 мая 2022 08:17
    Mena pul berjek dal,Ahmet yaly bay dal,Yone Ahmedin pikirini goldap layk basdym
    Jogap
  • FanB FanB off № 10 17 мая 2022 08:22
    Bolmagy mumkin
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 11 17 мая 2022 09:13
    hiç kimem blogyňy normalnyý edip jogaplamandyr cilimkesh
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 12 17 мая 2022 09:16
    bar zat admine bagly,biz oňa SAÝTY ÝAPMA diýenimiz bilen bar zat OŇ ELIDE...onnsoňom adminden SAÝT ESASYDA NÄÇE PUL GAZAÝAŇ we ş.m soraglaryňyz ZRÝA ýazypsyň, admin seň OJAGAZ soragyňy asla jogaplamajagy 100% belli..tak şto şu güniňiz bilen ýaşasaňyzlaň))))) cilimkesh
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 13 17 мая 2022 09:18
    Şu blog öň hiç açylmadyk bolsa gerek, kellä pikir geldi-de, açaýyn diýdim



    diýipsiň welin, ynaaý beýle sam.syk soragly BLOG açan agza häli duş gelmändim
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 14 17 мая 2022 09:19
    Bilşimiz ýaly, her kimem bir zatdan peýdalanmak üçin gelýär şu ýere

    diýipsiň, menä adamlaň nerwysyny oýnamak üçin gelýän yegipt
    Jogap
  • Pynhan Pynhan off № 15 17 мая 2022 09:34
    Hemme zat Admine bagly
    Jogap
  • Mahek Mahek off № 16 17 мая 2022 09:43
    Men ustumden gulseler,mg gozume gornenok, In sonky sozi diymek ucin,Kto smeyotsa,tot smeyotsya posledniy diylisi yaly,Bir soz tapyp adymy tutmazlygy ucin giryan
    Jogap
  • Ogulşirin_Bayramowa Ogulşirin_Bayramowa off № 17 17 мая 2022 12:14
    Mahek,
    Saytyn "Akyldarsyrayan" 13yasly cagajyklaryna maslahatym,ozuniz bir zat yazsanyzam Nireden alanynyzy gorkezin. Hekaya yazdynyzmy

    Tas, özüme çekýädim welin, ýaşymyň 14-digi ýadyma düşdi.?
    Şol 13 ýaşlylar kimem bolsa akly başy ýerindedigine ynanýan.))
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 18 17 мая 2022 12:38
    Maňa hiçkimiň gahary gelýändäldirlaý
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 19 17 мая 2022 12:40
    Mahek Mahek off № 5 Şu gün, 08:11
    Saytyn "Akyldarsyrayan" 13yasly cagajyklaryna maslahatym,ozuniz bir zat yazsanyzam Nireden alanynyzy gorkezin. Hekaya yazdynyzmy
    Jogap 0 0
    Mahek Mahek off № 6 Şu gün, 08:13
    Awtoryny yazyn. Ceshmesi Gazetmi,cykan yylyny gorkezin. Hamana ozuniz yazan yaly girkezyaniz. Yada Gugllden kopiyalap bari yelmeyaniz.

    Gowy pikirä ýazdyň menem kän aýtýadym. Senem aýdywer.
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 20 17 мая 2022 12:43
    Birem dost yatlara okamany halayanlara reklama etmeliagzalary kopeldip giryan sanyn artdyrmaly mowzugam sona gora kopelip dursa sayt sessiz durmaz
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 21 17 мая 2022 12:43
    Mowzuga menden like. Talyplaryn sessiz duranyna seyle gynanyan aglaya
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 22 17 мая 2022 13:30
    Men näme diýýän, dutarym näme diýýär...
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 23 17 мая 2022 13:44
    Ahmedik_97,
    Boshveeer)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 24 17 мая 2022 14:55
    - Dani
    Şu blog öň hiç açylmadyk bolsa gerek, kellä pikir geldi-de, açaýyn diýdim



    diýipsiň welin, ynaaý beýle sam.syk soragly BLOG açan agza häli duş gelmändim

    Nähili beýle sorag?
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 25 17 мая 2022 14:57
    - Dani,
    Sen na akyllymay. Adam normalny mowzuk acypdyr adam yaly jogap berip bilenokmy. Sen bara aydyshymdanam beter
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 26 17 мая 2022 14:58
    - Dani
    Bilşimiz ýaly, her kimem bir zatdan peýdalanmak üçin gelýär şu ýere

    diýipsiň, menä adamlaň nerwysyny oýnamak üçin gelýän yegipt

    Boynunada alyan goryanmi. Adamlaryn nerwisini yaksan olaram sen yakmalu yerini yakar ? Ha vi am biti atly aydyma tayyynlanyp yorn studio tapamok
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 27 17 мая 2022 14:58
    - Dani,
    Wah kim gurlese sen bir gurleme hou
    Jogap
  • Voyvoda Voyvoda off № 28 17 мая 2022 14:59
    Xyivenia_babayeva.,
    Saydy reklama etmelu imoda. Hazir men rek etsem saytda adam kopeler. Gaty adamsyz umsum hemme saytlar. Hayran galaymaly. Reklama edenoklar oydyan adminler
    Jogap
  • kalp doctory kalp doctory off № 29 17 мая 2022 15:35
    phahahahhaha gulup olagayadyma gy tas bordaray sozum yoga dali
    Jogap
  • - Dani - Dani off № 30 17 мая 2022 17:01
    Keaip_begcon,
    Admin:
    1. Şu saýtdan näçe pul gazanýar?
    2. Şu saýta näçe çykdaýjy edýär?
    3. Şu saýtyň şu ýagdaýyna gelmegi üçin näçeräk azap etdi?
    4. Şu saýtyň ömri näçe wagt dowam eder?
    5. Şu saýtyň ykbaly kimiň elinde?


    INE ŞU SORAGLARY SAM.SYK diýdim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler