Salam okyjylarym! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz? Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Bilşiňiz ýaly “Islenen.site” saýdynyň döredilip, ulanyşa girizilenine sanlyja günden 1 ýyl bolýar. Şol 1 ýyllygyň şanyna we saýtda biraz aktiwlik, janlylyk, üýtgeşme girizmek maksady bilen bäsleşik gurnamagy meýilleşdirdik. Sizi şol bäsleşige gatnaşmaga çagyrýan.
Bäsleşigiň şertlerini gatnaşjak agzalary saýlanymyzdan soň aýtmakçy.
Bäsleşikde;
1) Azyndan 10 adam gatnaşmaly we gatnaşýanlar 2 manatlyk giriş tölegini tölemeli.
2) Üç sany mowzuk boýunça:
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”; atly üç mowzukdan birini saýlap almaly we şol mowzuga goşgy, hekaýa, tymsal, rowaýat, erteki, degişme, oýlanma, ýagny edebiýatyň islendik žanryndan awtorskiý bir zat döretmeli.

Oýnuň umumy goýlan utuşy 200manat (Baýkerden, Hiayressden, Nirvanadan we Massimusdan), ondan daşaram her gatnaşydan 2manat alýarysda oýnuň utugyna goşýarys, näçe köp gatnaşyjy ýygnap bilsek utuş şonça köp bolar. 2 manat hökmany şertdir. Oň zerurlygy köp adam gatnaşsa utuşyň agramyny artdyrjak, ýogsada adam pul çykarsa halallamana çalyşýar we iň soňkysyna çenli gidişer. Buda ýaryşyň gyzykly geçmegine ýardam eder.
Gatnaşjak agzalar adyňyzy we saýlan temaňyzy teswirlerde ýazyň. Ertir öýläne çenli gatnaşjaklar ýazsyn, eger 10 adama ýetmese bäsleşigi goýbolsun edýäris.
Ýene şeýle sorag bar. Utuşy (pul baýragyny) diňe 1-nji ýere bereliňmi ýa 1, 2, 3 ýerlere deňje paýlalyňmy?
Pikirleriňizi ýazyň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 27-05-2022, 20:20

  • Bayker Bayker off № 31 27 мая 2022 22:08
    Hiayress,
    Men gatnaşmaýynla masgara bolaryn, ýazyp bilemok. "Ýabany ada", ýabany adam bolan bolsa maňa gelişjek eken?
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 32 27 мая 2022 22:11
    Nirvana
    Bayker
    Birinji, ikinji, üçünji ýerler baýrakly bolsa nähili bolar. @Hiayress gurnajak diýipdi. Onsaňam ýazyjy, şahyrlar kän goşulşmady.

    Goşular olaram. Boşaşsalar ýazarlar.

    Goşulsalar, köpçülik bolsa gyzykly bolar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 33 27 мая 2022 22:13
    Bayker,
    Sizem boýdaşlaryňyzy çagyryň. Olardanam üýtgeşik eserler çykar. :))
    Jogap
  • AYNURA AYNURA off № 34 27 мая 2022 22:13
    Puly haysy nom gechirmeli
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 27 мая 2022 22:16
    Ahmedik_97,
    Bolýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 36 27 мая 2022 22:16
    AYNURA,
    Ertir aýtjak. Bu gün agzalary jemläli.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 27 мая 2022 22:18
    Ahmedik_97
    Ýokarda ady agzalan agzalar näçeden oklaýar?

    Hersi 50 manat.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 38 27 мая 2022 22:20
    garaburc,
    Temaňy saýlaý.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 39 27 мая 2022 22:21
    Durmush,
    Mende şahsyda hat gitmeýä ?
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 40 27 мая 2022 22:22
    Nirvana,
    Dur pikirleneýin
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 41 27 мая 2022 22:25
    Bayker,
    Gatnaşyň agam, ýatyp galandan atyp galyň. Sizden bir zat çykar tamamyz ulydyr. ?
    Jogap
  • AYNURA AYNURA off № 42 27 мая 2022 22:25
    Geljekden bir gun
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 43 27 мая 2022 22:29
    Menem höwes etdim “Geljekden bir gün” şu temany saýlaýan
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 27 мая 2022 22:30
    Molodes gyzlar, gatnaşyň şeýdip. Sizden tama uludyr. :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 45 27 мая 2022 22:31
    Şu mowzugy halanylana geçirip bolmazmyka?! Gatnaşyjylar köpelýär, utuş artýar. (Elini oýkalap duran smilik ?)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 46 27 мая 2022 22:32
    Nirvana,
    Wagtyny 12 diýmän ertir sagat altylara çenli süýşürmeli ekeniň. Hiç kim habarsyz galmasyn. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 47 27 мая 2022 22:34
    Hiayress,
    Tapawudy ýok. Düzedäýerin.
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 48 27 мая 2022 22:34
    Hiayress
    Nirvana,
    Wagtyny 12 diýmän ertir sagat altylara çenli süýşürmeli ekeniň. Hiç kim habarsyz galmasyn. :))

    Meň pikrimçede gowy bolar sebäbi ekzamenim ba bolansoň ýetişmezmikäm diýýän 12 ä çenli
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 49 27 мая 2022 22:37
    ????_????
    Hiayress
    Nirvana,
    Wagtyny 12 diýmän ertir sagat altylara çenli süýşürmeli ekeniň. Hiç kim habarsyz galmasyn. :))

    Meň pikrimçede gowy bolar sebäbi ekzamenim ba bolansoň ýetişmezmikäm diýýän 12 ä çenli

    Sen temaňy saýladyň. Adyňy ýazdyrdyň. Boldy. Döredijiligiňede wagt bar, ýetişersiň.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 51 27 мая 2022 22:45
    Kararsyz galdym, hemmesem gowy tema
    Jogap
  • Sad boy Sad boy off № 52 27 мая 2022 22:55
    Puly näme etmeli
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 53 27 мая 2022 22:57
    garaburc
    Kararsyz galdym, hemmesem gowy tema

    “Geljekden bir gün”; şuny al
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 54 27 мая 2022 23:04
    Durmush,
    Shony aldym onda, senem poçtaña koprak seredip dur shu yarysh geçýànça)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 55 27 мая 2022 23:10
    Sad boy,
    Geçirmeli 2 manady geçirersiň. Gazansaňam, näme etjek diýseň hakyň bar.
    Jogap
  • Sad boy Sad boy off № 56 27 мая 2022 23:21
    Kime geçirmeli haýsy nomer
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 57 27 мая 2022 23:23
    menem gatnaşasyma gelýä welin borlaý innikide şu günler nerwinçit edesim gelenok
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 58 27 мая 2022 23:34
    "Meniň planetam" temasy boýunça goşgy. Menem belläýiň.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 59 28 мая 2022 05:45
    Nirvana,
    Menem belläý, "Ýabany ada" temadan hekaýa ýazmaga synanyşaýyn. Onsaňam puly oklamaly nomerem aýdaweri.
    Jogap
  • GeçerGeldi GeçerGeldi off № 60 28 мая 2022 09:16
    Menem "Meniñ Planetam" oýlanma bir hekaýa bor ýazmaga çalşaýyn. Belläýiñ.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler