Salam okyjylarym! :)
Gowumy ýagdaýlaryňyz? Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Bilşiňiz ýaly “Islenen.site” saýdynyň döredilip, ulanyşa girizilenine sanlyja günden 1 ýyl bolýar. Şol 1 ýyllygyň şanyna we saýtda biraz aktiwlik, janlylyk, üýtgeşme girizmek maksady bilen bäsleşik gurnamagy meýilleşdirdik. Sizi şol bäsleşige gatnaşmaga çagyrýan.
Bäsleşigiň şertlerini gatnaşjak agzalary saýlanymyzdan soň aýtmakçy.
Bäsleşikde;
1) Azyndan 10 adam gatnaşmaly we gatnaşýanlar 2 manatlyk giriş tölegini tölemeli.
2) Üç sany mowzuk boýunça:
1. "Meniň planetam";
2. "Ýabany ada";
3. “Geljekden bir gün”; atly üç mowzukdan birini saýlap almaly we şol mowzuga goşgy, hekaýa, tymsal, rowaýat, erteki, degişme, oýlanma, ýagny edebiýatyň islendik žanryndan awtorskiý bir zat döretmeli.

Oýnuň umumy goýlan utuşy 200manat (Baýkerden, Hiayressden, Nirvanadan we Massimusdan), ondan daşaram her gatnaşydan 2manat alýarysda oýnuň utugyna goşýarys, näçe köp gatnaşyjy ýygnap bilsek utuş şonça köp bolar. 2 manat hökmany şertdir. Oň zerurlygy köp adam gatnaşsa utuşyň agramyny artdyrjak, ýogsada adam pul çykarsa halallamana çalyşýar we iň soňkysyna çenli gidişer. Buda ýaryşyň gyzykly geçmegine ýardam eder.
Gatnaşjak agzalar adyňyzy we saýlan temaňyzy teswirlerde ýazyň. Ertir öýläne çenli gatnaşjaklar ýazsyn, eger 10 adama ýetmese bäsleşigi goýbolsun edýäris.
Ýene şeýle sorag bar. Utuşy (pul baýragyny) diňe 1-nji ýere bereliňmi ýa 1, 2, 3 ýerlere deňje paýlalyňmy?
Pikirleriňizi ýazyň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 27-05-2022, 20:20

  • Telwas Telwas off № 1 27 мая 2022 20:27
    @Massimus we @Baýker!
    Sizem maňa nomeriňizi ýazyň.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 2 27 мая 2022 20:30
    3 ýere paýlaň, 1-50. 2-30. 3-20 göterimden, menide alyň haýsy mowzuk bolsada garşy däl we haýsy belgä geçirmeli aýdyň kart üsti bn geçirjekdirin
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 27 мая 2022 20:49
    Remezan,
    Agam pikiriňi beýan edeniň üçin minnetdar!
    Sizi alarys hökman. Emma temaňyzy özüňiz şu wagt saýlaň. Şoňa görä şertleri bar. Tölegi üçin nomer berjek, ilki gatnaşjak agzalary doly saýlalyň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 27 мая 2022 20:51
    Agzajanlar gorkman gatnaşyň, şertleri kyn däl. Diňe öz sözleriňiz bilen ýazgy ýazmaly.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 5 27 мая 2022 20:52
    Geljekden bir gün, şu mowzuk
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 6 27 мая 2022 21:09
    Gowy ideýa. Utuşy üç adamyň arasynda @Remezam aganyň görkezişi ýaly paýlansa ýerlikli boljak eken.Gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýän. Ýeňişem bilimi, ylmy zora nesip etsin. ?
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 7 27 мая 2022 21:13
    adalatly seretmek kime, like basylmagyna dogry gelenok, tankydy taýdan seretmek, çeperçilik, ýa ses bermek bilen ýeňijini bilmelimi
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 8 27 мая 2022 21:21
    Nirvana,
    Berekella, @Nirwana jigim ýöne ýeňijini nähili saýlamalydygny ýazmansyňyz, like bilenmi ýa başgaça. Nomerem gerek wagty şu ýere ýazaýmasam şahsy hat işlänok öýdýän.
    Jogap
  • GeçerGeldi GeçerGeldi off № 9 27 мая 2022 21:21
    Me n ertirede talyplarada agza bolup bilman kosendim. Barik agza bolamda da gaty begendim. Ilkinji agzalañ biri menem. Nigimi dikeldip berseñiz kop hoşal bolardym. Isleneniñ açylan gununden bari agza bolmak yakymly.

    Ýaryşa menem bellaýiñ. Temamy ertir aýdaryn
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 10 27 мая 2022 21:23
    Birinji, ikinji, üçünji ýerler baýrakly bolsa nähili bolar. @Hiayress gurnajak diýipdi. Onsaňam ýazyjy, şahyrlar kän goşulşmady.
    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 11 27 мая 2022 21:29
    Shu yarysh uchin sayta yorite uytgeshme girizjek ertir
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 12 27 мая 2022 21:36
    Bayker,
    Agam men biraz ýaryşyň maksadynyň nähiliräk şekille geçip biljegini @Nirwana duýdurdym we özüniň gurnaýjy bolmagyny haýyş etdim. (Men köplenç geleňsizräk, başlan işimi tamamlap bilemok ?) Sizem gatnaşyň, @Nirwanaň çak edişine görärä gyzyklyrak ýaryş boljak ýaly. :)) Hany göreli bakaly.))
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 13 27 мая 2022 21:38
    Men gatnaşjakgäl ýöne 20 manat berjek haýsy nomyra oklamaly bolsa aýdaý oklajak. Gatnaşýanlara üsdünlik.
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 14 27 мая 2022 21:40
    Abaddon
    Shu yarysh uchin sayta yorite uytgeshme girizjek ertir

    Öňki ýaryşam bulaşyp gitdi diýýäňmi ?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 27 мая 2022 21:43
    Durmush,
    Seň sowgatyňy indiki ýaryşa goýsak nähili bolar?! Ýöne gatnaşsaň gowy bolardy. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 27 мая 2022 21:44
    Şertlerini, ýaryşyň gazananlarynyň nämä görä saýlanjagyny gatnaşyjylar belli bolanyndan soň gowy edip düşündirjek. Saýda agza bolmaýan, ýazmaga ukyply, ukypsyz tanyş-bilişleriňizem çagyryň. Geçen gezekki bäsleşigimizdenem has gyzykly boljagyna ynanyp bilersiňiz. Gatnaşyjy näçe köp bolsa şonçada gowy. Ana adminiňem aýdyşy ýaly täze üýtgeşmelerem girizýäris. Siziň bellikleriňizi, talaplaryňyzy duýdurdym admine. Olam siziň diýenleriňizi gözöňünde tutup, ýerine ýetirer.
    Eger şu ýaryş isleýşimizçe gyzykly, şowhunly geçse, her aýyň ahyrynda şeýle baýrakly ýaryşlar gurnarys.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 17 27 мая 2022 21:45
    Salam saýtdaşlar! Men işli bolamsoň ýaryşa gatnaşyp bilemok. Ýöne ýaryşyň esasy şerti bolan 2 manatyňyzy 5 manat edip geçirjek. Ýaryşa (ujypsyzam bolsa) goşant bolsun:)
    Ýöne baýragy özüm bolsam şeýle gowşurardym:
    1. 40 manat
    2. 70 manat
    3. 90 manat.
    Sebäbi 1-nji ýer hemişe uly baýrak alýar, a men bolsa üýtgeşik etjek, ýagny, ýokardaky ýaly:)
    Serawno ýeňiji baýraklary gowşurylýara:)
    Dogry, "Onyň adalatsyzlyk bolýar" diýersiňiz, ýöne kimiň birinji, kimiň bolsa üçünji ýer boljagyny hiç haýsymyz bilemzoga:)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 27 мая 2022 21:46
    Gatnaşýanlaryň sanawy:
    1) Remezan.
    2) Hemedany.
    3) Bayker (agamyzan goşýas?)
    4) Massimus (gatnaşjak diýip ýördi).
    5) Mümkin (şu çagada "mg" baýty dynmasa zatdan galanok ?).

    Ana 210manada toplap berdim size. :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 27 мая 2022 21:46
    Bayker,
    Bolýar agam.
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 20 27 мая 2022 21:46
    Hiayress,
    Öň gatnaşyp nägün gün görkezdimaý dostluk döwri ?
    Haçan oklamaly bolsa men taýyn
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 21 27 мая 2022 21:48
    Nirvana,
    Salam. Gaýrat edip meň nigimiň parolynam duýduryp bersene admine. Şu günem açjakdym 3 sany blog, ýöne ugratjak diýensoň açmadym. Henizem garaşyp ýörün, irdenden ýene açyp başlaýmasam:)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 22 27 мая 2022 21:49
    Durmush,
    "Haçan oklamaly bolsa men taýyn"

    Şular ýaly tanyşlarymyz köp bolsun. ?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 23 27 мая 2022 21:51
    Ýokarda ady agzalan agzalar näçeden oklaýar?
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 24 27 мая 2022 21:51
    Aý kelläm ugursyn. ? @Geldigeçer agzany galdyrypdyryna. Sorry jora.

    Utuş 212 manat boldy. :))
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 25 27 мая 2022 21:52
    Durmush,
    jora meñ adymada berip goýbersene, bile gatnaşaly dalii
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 26 27 мая 2022 21:54
    Hiayress
    Durmush,
    "Haçan oklamaly bolsa men taýyn"

    Şular ýaly tanyşlarymyz köp bolsun. ?

    ?
    Jogap
  • Durmush Durmush off № 27 27 мая 2022 21:59
    garaburc
    Durmush,
    jora meñ adymada berip goýbersene, bile gatnaşaly dalii

    Menä gatnaşyp bilemok naharymy iýip otyrkam ýatyp galýan bu günler. Bolýa oklaýyn maňa derek gatnaşda ýer al padarkany özüm alaýaryn ?
    Jogap
  • AYNURA AYNURA off № 28 27 мая 2022 22:01
    Men hem gatnashjak mowzuk saylamok yone hali?‍♀️
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 27 мая 2022 22:02
    Mowzugam saýlaň.
    Atlaryňyzy iň soňunda jemläp ýazaryn.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 27 мая 2022 22:04
    Bayker
    Birinji, ikinji, üçünji ýerler baýrakly bolsa nähili bolar. @Hiayress gurnajak diýipdi. Onsaňam ýazyjy, şahyrlar kän goşulşmady.

    Goşular olaram. Boşaşsalar ýazarlar.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler