Hadyslar çemeni
Ine, Yslam dini şeýle dindir, dogry, adalatly dindir. Dogrulyk, adalat hem dogrulara, adalatlylara ajy degmez, çünki dogry çyzygyň üstünden ýene bir dogry çyzyk düşse, ol ikisi alşar, öňki çyzyk has aýdyňlaşar.
Enesden (r.a.) rowaýat edilen bir hadysda:
“Kimde kim şeýtanyň şerinden Allah Tagala on gezek sygynsa, ýagny “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” diýip aýtsa, onuň üçin bir melek wezipelendiriler, şeýtan ol kişiden uzaklaşar”.
Ýene bir Hadysy Şerifde:
“Mümin “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” aýdanda şeýtan: “Bilimi döwdüň, saňa bir zat etmäge takadym galmady” diýer” diýilýär.
Hezreti Aly (r.a.) aýdan:
“Üstüňe bir howp abanan wagty “Bismillähirrahmanirrahym. We lä hawle we lä kuwwete illa billähil aliýýil azyým” diý. Allah Tagala seni hökman dürli musybetdir bela-beterlerden gorar, olary senden sowar.”
Ýene bir Hadysy Şerifde:
“(Häzire çenli) inderilen Kitaplaryň içindäkileriniň ählisi Kuranyň içindedir. Kuranyň içindäkileriniň ählisi “Fatihanyň” içindedir. “Fatihanyň” içindäkileriniň ählisi-de “Bismilläniň” “b” harpyndadyr”.
Enes b. Maligiň (r.a.) rowaýat etmegine görä:
“Kimde kim öýünden çykanda: “Bismillähi tewekkeltü alellahi lä hawle welä küwwete illä billäh” diýse, ol melekler tarapyndan goralar. Şeýtan ondan uzaklaşar.
Muhiddin Ibni Arabi hezretleri “Fatihaýy Şerifäniň” fazyleti hakynda:
“Möhüm bir zerurlygy bolan kimse “Fatihaýy Şerifi” agşam namazynyň parzyndan soňra kyrk gezek okasyn we Beýik Biribardan näme dilegi bar bolsa dilesin, hökmany suratda onuň dilegi kabul bolar. Biz synap gördük we dogrulygyna göz ýetirdik” diýip aýdandyr.
Hadysy şerifde:
“Kimde kim parz namazlaryndan soňra “Aýatül Kürsini” okasa, ol beýleki namaza çenli Allah Tagalanyň penasyndadyr...”
Biri gürrüň berýär:
“We lä eudühu hyfzuhümä we hüwel aliýýül azyým” aýatyny gaýta-gaýta okamak bilen kapyr jyny ýakdy.
Hz. Omar (r.a.) buýurýar:
“Kimde kim säher bilen ýerinden turaga-da: “Aýatül Kürsini” bir gezek okasa, okan wagty öňüne, yzyna, sagyna, soluna, aşagyna, üstüne, içine, soňundan-da, özüni halka içine alsa, ýagny daşyny halkalasa ol gün ol kimsäge hiç bir zat zyýan berip bilmez...”
Ebu Zerr (r.a.) Resuly Ekremden şulary gürrüň berýär:
“Allah Tagala “Bakara” süresini şeýle iki aýat bilen tamamlady. Bulary maňa Arşyň aşagyndaky bir hazynadan berdi. Bulary öwreniň, aýallaryňyza, çagalaryňyza hem öwrediň, çünki bular hem namazdyr, hem dogadyr, hem-de “Kurandyr”.
Hz. Omar bilen Hz. Aly (r.a.) bolsa şeýle aýdypdyrlar:
“Bakara” süresiniň soňundaky bu iki aýaty akly başynda bolan her bir adam okamazdan uklamaz.
Arif Pamuk bolsa “Süreleriň fazyleti” atly kitabynda şeýle belleýär:
““Ýasin” süresini dowamly okamaklygy özüne endik edinen bir kişä dünýä we ahyret üçin haýyrly bolan her bir zady hödür-kerem eder. Dünýä bilen baglanyşykly ähli kynçylyklar bu süräni okamaklygy dowam etmek bilen ýok bolar. Ahyret hyzmatlaryna böwet bolan päsgel aradan aýrylar we rahat ybadat etme mümkinçiligi dörär.
Bu süreýi şerifäni okamaklygy dowam edýän kişi her haýra ýol açar, her hili erbetligi-de özünden daşlaşdyrar. Her kim bu süräni okap wesile edinse, Allahdan näme islese oňa yhsan ediler.”
Resuly Ekrem “Süreýi Ýasin” hakynda:
““Ýasin” Kuranyň ýüregidir. Gürrüňsiz ol bütin dertlere şypadyr.”
Enes (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle aýdandygyny gürrüň berýär:
“Her gije “Ýasin” süresini okaýan kişi hökmany suratda şehit bolup öler.”
Makil bin Esaryň rowaýat etmegine görä Resuly Ekrem (s.a.w.):
““Ýasin” süresini ölüm ýassygyndaky adama okaň” diýip buýrupdyr.
““Ýasin” süresi ölümi ýakynlan syrkawyň ýanynda okalsa, Allah Tagala onuň jan bermesini ýeňilleşdirer.”
Ümmüd-Derda (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:
“Yzyndan “Ýasin” süresi okalan meýdiň azaby ýeňilleşer.”
Ibni Nejjar Hz. Äşeden (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:
“Kimde kim her anna (juma) güni ejesiniň, kakasynyň ýa-da olardan biriniň gabryna zyýarat edip, onuň başujynda “Ýasin” süresini okasa, okan her bir harpynyň sanyça olar magfyret ediler.”
Gonamçylyga gitmezden öýünde okap bagyşlamagyň hem deň derejede sogaby bardyr.
Bir hadys bar:
“Amal edilmedik, ýagny görkezmeleri ýerine ýetirilmeýän kän ylymdan amal edilýän az ylym haýyrlydyr.”
Çeşme: Ylym.Apk
*Bellik-
Terjimesinde türk diliniň tagamy agdyklyk edýär, ony bilýärin. Emma düşünmezçe hem däl. Düşünmek okyjynyň öz elinde...
*Hadyslar çemeni
Bilim,
Ahally_24
tarapyndan
1-06-2022, 13:47