Hadyslar çemeni

Ine, Yslam dini şeýle dindir, dogry, adalatly dindir. Dogrulyk, adalat hem dogrulara, adalatlylara ajy degmez, çünki dogry çyzygyň üstünden ýene bir dogry çyzyk düşse, ol ikisi alşar, öňki çyzyk has aýdyňlaşar.


Enesden (r.a.) rowaýat edilen bir hadysda:
“Kimde kim şeýtanyň şerinden Allah Tagala on gezek sygynsa, ýagny “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” diýip aýtsa, onuň üçin bir melek wezipelendiriler, şeýtan ol kişiden uzaklaşar”.

Ýene bir Hadysy Şerifde:
“Mümin “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” aýdanda şeýtan: “Bilimi döwdüň, saňa bir zat etmäge takadym galmady” diýer” diýilýär.

Hezreti Aly (r.a.) aýdan:
“Üstüňe bir howp abanan wagty “Bismillähirrahmanirrahym. We lä hawle we lä kuwwete illa billähil aliýýil azyým” diý. Allah Tagala seni hökman dürli musybetdir bela-beterlerden gorar, olary senden sowar.”

Ýene bir Hadysy Şerifde:
“(Häzire çenli) inderilen Kitaplaryň içindäkileriniň ählisi Kuranyň içindedir. Kuranyň içindäkileriniň ählisi “Fatihanyň” içindedir. “Fatihanyň” içindäkileriniň ählisi-de “Bismilläniň” “b” harpyndadyr”.

Enes b. Maligiň (r.a.) rowaýat etmegine görä:
“Kimde kim öýünden çykanda: “Bismillähi tewekkeltü alellahi lä hawle welä küwwete illä billäh” diýse, ol melekler tarapyndan goralar. Şeýtan ondan uzaklaşar.

Muhiddin Ibni Arabi hezretleri “Fatihaýy Şerifäniň” fazyleti hakynda:
“Möhüm bir zerurlygy bolan kimse “Fatihaýy Şerifi” agşam namazynyň parzyndan soňra kyrk gezek okasyn we Beýik Biribardan näme dilegi bar bolsa dilesin, hökmany suratda onuň dilegi kabul bolar. Biz synap gördük we dogrulygyna göz ýetirdik” diýip aýdandyr.

Hadysy şerifde:
“Kimde kim parz namazlaryndan soňra “Aýatül Kürsini” okasa, ol beýleki namaza çenli Allah Tagalanyň penasyndadyr...”

Biri gürrüň berýär:
“We lä eudühu hyfzuhümä we hüwel aliýýül azyým” aýatyny gaýta-gaýta okamak bilen kapyr jyny ýakdy.

Hz. Omar (r.a.) buýurýar:
“Kimde kim säher bilen ýerinden turaga-da: “Aýatül Kürsini” bir gezek okasa, okan wagty öňüne, yzyna, sagyna, soluna, aşagyna, üstüne, içine, soňundan-da, özüni halka içine alsa, ýagny daşyny halkalasa ol gün ol kimsäge hiç bir zat zyýan berip bilmez...”

Ebu Zerr (r.a.) Resuly Ekremden şulary gürrüň berýär:
“Allah Tagala “Bakara” süresini şeýle iki aýat bilen tamamlady. Bulary maňa Arşyň aşagyndaky bir hazynadan berdi. Bulary öwreniň, aýallaryňyza, çagalaryňyza hem öwrediň, çünki bular hem namazdyr, hem dogadyr, hem-de “Kurandyr”.

Hz. Omar bilen Hz. Aly (r.a.) bolsa şeýle aýdypdyrlar:
“Bakara” süresiniň soňundaky bu iki aýaty akly başynda bolan her bir adam okamazdan uklamaz.

Arif Pamuk bolsa “Süreleriň fazyleti” atly kitabynda şeýle belleýär:
““Ýasin” süresini dowamly okamaklygy özüne endik edinen bir kişä dünýä we ahyret üçin haýyrly bolan her bir zady hödür-kerem eder. Dünýä bilen baglanyşykly ähli kynçylyklar bu süräni okamaklygy dowam etmek bilen ýok bolar. Ahyret hyzmatlaryna böwet bolan päsgel aradan aýrylar we rahat ybadat etme mümkinçiligi dörär.

Bu süreýi şerifäni okamaklygy dowam edýän kişi her haýra ýol açar, her hili erbetligi-de özünden daşlaşdyrar. Her kim bu süräni okap wesile edinse, Allahdan näme islese oňa yhsan ediler.”

Resuly Ekrem “Süreýi Ýasin” hakynda:
““Ýasin” Kuranyň ýüregidir. Gürrüňsiz ol bütin dertlere şypadyr.”

Enes (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle aýdandygyny gürrüň berýär:
“Her gije “Ýasin” süresini okaýan kişi hökmany suratda şehit bolup öler.”

Makil bin Esaryň rowaýat etmegine görä Resuly Ekrem (s.a.w.):
““Ýasin” süresini ölüm ýassygyndaky adama okaň” diýip buýrupdyr.

““Ýasin” süresi ölümi ýakynlan syrkawyň ýanynda okalsa, Allah Tagala onuň jan bermesini ýeňilleşdirer.”

Ümmüd-Derda (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:
“Yzyndan “Ýasin” süresi okalan meýdiň azaby ýeňilleşer.”

Ibni Nejjar Hz. Äşeden (r.a.) Resuly Ekremiň (s.a.w.) şeýle diýendigini gürrüň berýär:
“Kimde kim her anna (juma) güni ejesiniň, kakasynyň ýa-da olardan biriniň gabryna zyýarat edip, onuň başujynda “Ýasin” süresini okasa, okan her bir harpynyň sanyça olar magfyret ediler.”

Gonamçylyga gitmezden öýünde okap bagyşlamagyň hem deň derejede sogaby bardyr.

Bir hadys bar:
“Amal edilmedik, ýagny görkezmeleri ýerine ýetirilmeýän kän ylymdan amal edilýän az ylym haýyrlydyr.”


Çeşme: Ylym.Apk

*Bellik-
Terjimesinde türk diliniň tagamy agdyklyk edýär, ony bilýärin. Emma düşünmezçe hem däl. Düşünmek okyjynyň öz elinde...

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Ahally_24 tarapyndan 1-06-2022, 13:47

  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 1 1 июня 2022 14:24
    "Ine, Yslam dini şeýle dindir, dogry, adalatly dindir."

    Adalatly din, hatda şo sebäplem şu wagt musulmanlar gyrlyşyp, gan döküp ýör. (Adalatly we dogry dindigine delil getirseňiz, çynym bilen okardym)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 2 1 июня 2022 14:32
    Dogalar kabul bolsa, şuwagt şeýle dünýä bolmazdyla. Ýewreýler aýtýar: Beýik Ýehowa, bize niýetlän topraklaryňyzy almagymyza kömek ediň, bilýäsä, siz eştýäňiz, Palestina topraklarynam bölek-bölek bize berdiňiz.
    Bir melek gelip: Ohow, bolman arkaňyzda dünýäniň iň uly güýçleri bar (bir karikaturadan).
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 3 1 июня 2022 15:08
    "Enesden (r.a.) rowaýat edilen bir hadysda:
    “Kimde kim şeýtanyň şerinden Allah Tagala on gezek sygynsa, ýagny “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” diýip aýtsa, onuň üçin bir melek wezipelendiriler, şeýtan ol kişiden uzaklaşar”."


    Şeýtanyň näçe wagt uzaklaşýany anyklap bolanokmy?! Eger elmydamalyk bolsa hemma on sapar aýtdyralyňda şu jennet, dowzah, ýazgyt, magşar güni ýaly ertekilerden saplanalyň.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 1 июня 2022 15:13
    "Ýene bir Hadysy Şerifde:
    “Mümin “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” aýdanda şeýtan: “Bilimi döwdüň, saňa bir zat etmäge takadym galmady” diýer” diýilýär."


    Şeýtana nebsiň agyrmanam duranok. Ine diýeli sen şeýtan we öz günüňe arkaýyn gezip ýörsüň, aňyrda-da şeýtan däl biri bar öz gününe arkaýyn gezip bilmeýän we zol-zol “Mümin “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” gaýtalap biliňi döwýän. Eliň boş bolsa-da şeýtanyň bilini döwmekden başga güýmenje tapmadyňmy diýäýesiň gelýär. Birem biziň ata-babalarymyzyň bize miras galdyryp giden gyzyldan gymmat nakyllarynam ýatdan çykarmalyň. Mysal üçin: "Ýatana ýylanam degmändir" bizem degmäliň.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 1 июня 2022 15:15
    "Hezreti Aly (r.a.) aýdan:
    “Üstüňe bir howp abanan wagty “Bismillähirrahmanirrahym. We lä hawle we lä kuwwete illa billähil aliýýil azyým” diý. Allah Tagala seni hökman dürli musybetdir bela-beterlerden gorar, olary senden sowar.”"


    Bir hili GTA oýnundaky polissalary kowýan kodlary ýadyňa salýar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 6 1 июня 2022 15:18
    "Ýene bir Hadysy Şerifde:
    “(Häzire çenli) inderilen Kitaplaryň içindäkileriniň ählisi Kuranyň içindedir. Kuranyň içindäkileriniň ählisi “Fatihanyň” içindedir. “Fatihanyň” içindäkileriniň ählisi-de “Bismilläniň” “b” harpyndadyr”."


    Şuny şeýdip "b" harpyň nämedigini bilmeýän, "b" sesini çykaryp bilmeýän şimpanze aýdaýsaň. Has düşnükli bolar. Birem "e" harpda-da gudrat barmyka?! Bar bolsa geçi-goýunlar ýada owlak-guzular oýnamana "b-e-e-e, b-e-e-e" diýenok bolýada. Olar bizden has öň bu iki harpyň hemme zady öz içinde jemleýändigini düşünen bolmaly.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 7 1 июня 2022 15:22
    "Enes b. Maligiň (r.a.) rowaýat etmegine görä:
    “Kimde kim öýünden çykanda: “Bismillähi tewekkeltü alellahi lä hawle welä küwwete illä billäh” diýse, ol melekler tarapyndan goralar. Şeýtan ondan uzaklaşar."


    Şeýtan häli “Euzu billähi mineş-şeýtannirajiým, Bismillähirrahmanirrahym” şony on sapar gaýtalamda uzaklaşda, ýa bu-da şoň pripewimi?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 1 июня 2022 15:26
    "Muhiddin Ibni Arabi hezretleri “Fatihaýy Şerifäniň” fazyleti hakynda:
    “Möhüm bir zerurlygy bolan kimse “Fatihaýy Şerifi” agşam namazynyň parzyndan soňra kyrk gezek okasyn we Beýik Biribardan näme dilegi bar bolsa dilesin, hökmany suratda onuň dilegi kabul bolar. Biz synap gördük we dogrulygyna göz ýetirdik” diýip aýdandyr."


    Birhili ynandyryjy dällaý. Synap gördük diýýär welin näme diledikä?! Ölümsizlik diländir diýseňä ölmeýän adam ýok, Süleýman pygamberiňki ýaly dünýäni diländir diýseňem bir ýerde bolmasa-da bir ýerde dünýäni alanlaryň içinde ady agzalmaly, bu ýerini terk edip Jennede diländir diýseňem eýle däl. Näme soraýdyka?!
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 9 1 июня 2022 15:28
    "Biri gürrüň berýär:
    “We lä eudühu hyfzuhümä we hüwel aliýýül azyým” aýatyny gaýta-gaýta okamak bilen kapyr jyny ýakdy."


    Bularyň gözleri jyna düşüpdir-aý walla. Jyny ýykman özüni dikse, dikeltse, arassalasa, düzetse bolmadymyka?!
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 10 1 июня 2022 15:30
    Teswirlerde kapyrlaň ysy ba
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 11 1 июня 2022 15:32
    Hiayress,
    Şu jynly gürrüň, gaýta islendik gürrüňi bilen adamlara zyýan dälmaý. Imany dikeltmek üçin, bir zatlary tapaly diýişip, gaýta adamlaryň aňlaryna gara tegmil basdylar.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 12 1 июня 2022 15:32
    Bendtner,
    Musulmanlaryň ysy, kapyrlaryňkydan beterdir.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 13 1 июня 2022 15:34
    Keaip_begcon,
    Aý nätjek, adamlary güýmemek we olary öz haýryňa ulanmak üçinem bir erteki geregä.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 14 1 июня 2022 15:38
    Bendtner,
    Kapyrlar saňa käbir sözleri gaýtalap dünýädäki ykdysady krizisden halas bolmagy ýada isleýän zadyňy käbir sözleri gaýtlanyň üçin öňüňde taýyn edip goýmagy wada bermeýäni üçin gelýän bolaýmasa.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 15 1 июня 2022 15:40
    Bendtner,
    “Fatihaýy Şerifi” agşam namazynyň parzyndan soňra kyrk gezek okasyn we Beýik Biribardan näme dilegi bar bolsa dilesin, hökmany suratda onuň dilegi kabul bolar. Biz synap gördük we dogrulygyna göz ýetirdik”

    Dost, şuny kyrk gezek gaýtalap ölümsizligi, dünýäni ýada başga galaktikalardaky planetalara syýahat etmegi dilesene.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 16 1 июня 2022 15:42
    ““Ýasin” süresi ölümi ýakynlan syrkawyň ýanynda okalsa, Allah Tagala onuň jan bermesini ýeňilleşdirer.”

    Ýa-da ýürekden bir ok.
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 17 1 июня 2022 15:43
    Islegiňiz boýunça dùşündirish beriň...

    Size otwet ýazjakdym welin ,ashaklygyna doly okadym , size otwet yazmagyn geregi hem yok eken....
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 18 1 июня 2022 15:44
    Näme üçin şular paýlaşýan ýada wada berýän zatlaryny öz tejribelerinde barlap görenokka?!

    Ine men şuny okadymda Amerikanyň prezidenti boldum ýada Türkmenistandaky mätäçleriň baryny gurply etdim. Ynanmasaňyz jügüňizi barlap göräýiň diýse, has ýerlikli boljakdy.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 19 1 июня 2022 15:45
    Ahally_24,
    Maňa näme jogap ýazjakdyň?! Soragama bermedim. :((
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 20 1 июня 2022 15:46
    Ahally_24
    Islegiňiz boýunça dùşündirish beriň...

    Size otwet ýazjakdym welin ,ashaklygyna doly okadym , size otwet yazmagyn geregi hem yok eken....

    Beýdip gyzyklandyryp goýmada dosdum.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 21 1 июня 2022 17:18
    Ahally_24,
    Ýetireniňe sagbol.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 22 1 июня 2022 17:24
    Hökman edep,hökman edep!
    Edep ýok bolsa neýlesin medrese mekdep,
    Ýene merkep, ýene merkep.

    *merkep-eşek
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 23 1 июня 2022 17:28
    Ýaltanman dislike goýuljagy ýerine, pikirleri ýazyp beýan etse bolanoklarmyka? (Jogap ýokmyka).
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 24 1 июня 2022 17:41
    Ahally24 Seniň aýdýanyňa menem birwagt Hiaress we Keaip beggon ýaly garaýyşdadym, indi bolsa, özüm namaz okaýan we seniň ýazanyňy ürj edip okaýan, paýlaşyber, gerekli adam sesini çykarman okar geregini alar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 25 1 июня 2022 17:43
    Ötegçi,
    "İnsanda yok ise edep, neylesin medrese, mektep! Okusa alim olsa yine merkep, yine merkep!"
    Necip Fazıl Kısakurek.

    Ynsanda ýok bolsa edep, näme etsin medrese, mekdep! Okasa alym bolsa, ýene-de eşek, ýene eşek!"
    Nejip Fazil Kisakurek.

    Ajaýyp jümle!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 26 1 июня 2022 18:04
    Orginalyny ýoritelap goýjagyñy añamsoñ kella gelşine görä ýazdym :D Hiayress,
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 27 1 июня 2022 18:07
    Remezan,
    Näme sebäp bilen garaýyşyňyzdan çykdyňyz? (Erbet manyda däl, diňe bilesim gelýär)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 28 1 июня 2022 18:08
    Yslamyň getiren bir sanjak peýdasyny aýtsaňyzam ynjaljak welin, olam ýok öýtýän.
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 29 1 июня 2022 18:19
    Keaip_begcon Keaip_begcon on № 28 Şu gün, 18:08
    Yslamyň getiren bir sanjak peýdasyny aýtsaňyzam ynjaljak welin, olam ýok öýtýän.


    Haýsy bir dinden peýda gözleýäň we haýsysyndan peýda tapdyň?! Eger Ateist bolmasaň sen hem bir dine uýýan bolsaň gerek...
    Eger sen ateist bolsaň-da dinden peýda gözleýan bolsaň hany aýdyp ber, öz diniňden nähili peýda gördiñ?!

    (ýaman tarapa çekme, ýöne sen peýda gözleýän bolsaň aýdyp ber, bizi gyzyklandyrdy)
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 30 1 июня 2022 18:20
    Keaip_begcon,
    Men agşam öýde arkaýyn wagtym aýdaýaýyn, eger gyzyklanýan bolsaň
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler