Ejemiñ her ýyl zähmet rugsadyna çykanymda meni bankomada äkidip aýlygymy özüme çekdirmek gylygy bar.Durmuşy öwrensin diýýändir-dä. :)
Bu gezegem tüp yssyda bardyk goñşy obanyñ geñeşligine.Bizden soñ özünem,aýalynam gowy tanaýan ýyllykdaşym Öwez geldi.Onuñ Tikgi,Potdyş ýaly şowmenlere mahsus keşbi bardy.Ol ýüzüme tiñkesini dikdi:
-Meni tanansyñ-la.
-Howwa tanadym.Aýjemalyñ kursdaşy dälmidiñ?
Öweziñ elini döşünde goýup aýdan sözlerimi ýa mimikasymy juda gülkünç çykdy.
-Aýjemalyñ partadaşy-da men.
Men özüme zor salyp çydanam bolsam ejem gülmän durup bilmedi.
Entek bankomada pul goýulmanlygy üçin ejem bilen ýyllykdaşym daşary çykdylar.Menem az salymdan ýanlaryna bardym.
Ýyllykdaşym edähedi boýunça ejeme edebiýat barada gürrüñ berip oturan eken.(Öweziñ gürrüñlerini öñem diñläp ýören ejem oña "Goşgy"diýip lakam dakypdy)
-Tagandurdy Hojatow Gurbannazaryñ sadalyk baradaky goşgusyna "Ýalñyşýañ!"diýipdir.Gurbannazaram oña "Ussatlar hiç haçan ýalñyşmaýar"diýip bir bent goşgy bilen jogap beripdir.
Ýalan-ýaşryk hasap eden pikirlerimi inkär etmän durup bilmedim.
-Ony Gurbannazar diýenok.Başga biri diýýär.
Şondan soñ Öweziñ mazasy bolmady.Ýeri gelende aýtsam,ejemem öýe gelenimden soñ "Sen "Goşgyñ" badyny aldyñ.Ýogsam "Goşgy"maña kän zat gürrüñ berýärdi" diýip igendi.
Bankomada pul salynandan soñ mähelle-de köpeldi.Sanawa ilki bilen adyny ýazdyran mugallymlar iki-üç sany kartdan pul çekeni bilenem kanagatlanman,ýanyndaky tanyşlarynyñam pullaryny binobat çekip berdiler.Hatda biri utanman puly çekeninden soñ:
-Meñki 33-nji nobatdyr.Ýerime biriñiz giräýersiñiz-dä - diýip gitdi.
Halys sada boldukmy ýa owarramçylyk etdikmi hiç haýsymyz oña ses çykarmadyk.
Gezek maña ýeteninde elimde iki kart bardy.Ejesi ýanlarynda bolmadyk iki sany gyzjagaza dözmän kartlaryna çekip bermegi boýun alypdym.Onýança-da ejem ýene bir garry aýala ýagşylyk hödür etdi:
-Señkinem çekip bersin.
Aýal ýuwaşlyk bilen kartyny uzadyp,koduny aýtdy.
Bankomatdan çykyp ejeme garşylyk bildirdim:
-Binobat pul çekdirip adamlañ hakyny iýmäni halamok.Indi hiç kimiñ pulyny çekip ber diýme.Nobatyna dursun.O gyzjagazlaryñam ejesi bolmansoñ "Çekip bereýin" diýdim.
-Hana,mollumlaram çekip dur-a.
-Men şolar ýaly boljak däl.Halamok adamlañ hakyny iýmäni.
Elgaraz,bankomat nobatlarynda ýa-ha adalatsyzlyk edýäñ,ýa-da saña adalatsyzlyk edýärler.

Siziñ bankomat nobatlarynda neneñsi başdan geçirmeleriñiz bar?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 8-06-2022, 21:36

  • şoşo şoşo off № 31 8 июня 2022 23:22
    Arada , bardymy barmadymy bilmedim , şahsyňa gybat edelidiýip ýazanymam şu maşaly gybatdy ters düşinmäwörüň
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 32 8 июня 2022 23:24
    şoşo,
    Maşaňwir bamow seň? pont
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 33 8 июня 2022 23:27
    şoşo,
    Gepleşik dilinde "mollum"diýýär Ahallylar.Siziñ mysal getiren ýeriñiz dialogyñ bir bölegi.Awtoryñ sözi däl.
    (Balkanlylar "mugollum"diýýär)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 34 8 июня 2022 23:29
    şoşo,
    Eje diýlen zat ýokmy o çagada?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 35 8 июня 2022 23:33
    şoşo,
    Ýaşuly nesliñ bir erbet tarapy bar.Çagany juda eý görensoñ,talabediji çemeleşmän läliksiredýär.Gyzyñyzyñ enesine gysmyljyraýşy hem şony subut edýär.
    Öñ çaga ýetişdirip görensiñiz-ä.
    Jogap
  • ..x_xXx_x.. ..x_xXx_x.. off № 36 9 июня 2022 09:28
    Biz 20 TMT berip çekdirýäris her aý. Kelle agyram ýok, oçeredem ýok, dawada ýok. Kartlarymyzam ýyl gowrak wagt göremzok eýýäm. Iller plastik karta geçse biz özümize ýörite kassir işe alan ýaly
    Jogap
  • FanB FanB off № 38 9 июня 2022 11:02
    Eehh adamlary ne güne goýduñ bankomat
    Jogap
  • Guller Guller off № 39 9 июня 2022 15:12
    Bankomatdan pulam alp gormedim ocurada durup gormedim
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler