Ejemiñ her ýyl zähmet rugsadyna çykanymda meni bankomada äkidip aýlygymy özüme çekdirmek gylygy bar.Durmuşy öwrensin diýýändir-dä. :)
Bu gezegem tüp yssyda bardyk goñşy obanyñ geñeşligine.Bizden soñ özünem,aýalynam gowy tanaýan ýyllykdaşym Öwez geldi.Onuñ Tikgi,Potdyş ýaly şowmenlere mahsus keşbi bardy.Ol ýüzüme tiñkesini dikdi:
-Meni tanansyñ-la.
-Howwa tanadym.Aýjemalyñ kursdaşy dälmidiñ?
Öweziñ elini döşünde goýup aýdan sözlerimi ýa mimikasymy juda gülkünç çykdy.
-Aýjemalyñ partadaşy-da men.
Men özüme zor salyp çydanam bolsam ejem gülmän durup bilmedi.
Entek bankomada pul goýulmanlygy üçin ejem bilen ýyllykdaşym daşary çykdylar.Menem az salymdan ýanlaryna bardym.
Ýyllykdaşym edähedi boýunça ejeme edebiýat barada gürrüñ berip oturan eken.(Öweziñ gürrüñlerini öñem diñläp ýören ejem oña "Goşgy"diýip lakam dakypdy)
-Tagandurdy Hojatow Gurbannazaryñ sadalyk baradaky goşgusyna "Ýalñyşýañ!"diýipdir.Gurbannazaram oña "Ussatlar hiç haçan ýalñyşmaýar"diýip bir bent goşgy bilen jogap beripdir.
Ýalan-ýaşryk hasap eden pikirlerimi inkär etmän durup bilmedim.
-Ony Gurbannazar diýenok.Başga biri diýýär.
Şondan soñ Öweziñ mazasy bolmady.Ýeri gelende aýtsam,ejemem öýe gelenimden soñ "Sen "Goşgyñ" badyny aldyñ.Ýogsam "Goşgy"maña kän zat gürrüñ berýärdi" diýip igendi.
Bankomada pul salynandan soñ mähelle-de köpeldi.Sanawa ilki bilen adyny ýazdyran mugallymlar iki-üç sany kartdan pul çekeni bilenem kanagatlanman,ýanyndaky tanyşlarynyñam pullaryny binobat çekip berdiler.Hatda biri utanman puly çekeninden soñ:
-Meñki 33-nji nobatdyr.Ýerime biriñiz giräýersiñiz-dä - diýip gitdi.
Halys sada boldukmy ýa owarramçylyk etdikmi hiç haýsymyz oña ses çykarmadyk.
Gezek maña ýeteninde elimde iki kart bardy.Ejesi ýanlarynda bolmadyk iki sany gyzjagaza dözmän kartlaryna çekip bermegi boýun alypdym.Onýança-da ejem ýene bir garry aýala ýagşylyk hödür etdi:
-Señkinem çekip bersin.
Aýal ýuwaşlyk bilen kartyny uzadyp,koduny aýtdy.
Bankomatdan çykyp ejeme garşylyk bildirdim:
-Binobat pul çekdirip adamlañ hakyny iýmäni halamok.Indi hiç kimiñ pulyny çekip ber diýme.Nobatyna dursun.O gyzjagazlaryñam ejesi bolmansoñ "Çekip bereýin" diýdim.
-Hana,mollumlaram çekip dur-a.
-Men şolar ýaly boljak däl.Halamok adamlañ hakyny iýmäni.
Elgaraz,bankomat nobatlarynda ýa-ha adalatsyzlyk edýäñ,ýa-da saña adalatsyzlyk edýärler.
Siziñ bankomat nobatlarynda neneñsi başdan geçirmeleriñiz bar?
Bankomat nobatynda
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
8-06-2022, 21:36