Salam Isleneniñ gybat isleýänleri!
(galanyñyz bilen işim ýok :))
Soñky döwür saýtda gybatyñ az edilýänligini göz öñünde tutup,sizi Mümkin boldugyça gep bilen üpjün etmekçi.
Bu günki gozgajak temam mowzugyñ adyndan belli bolşy ýaly öñki söýgüli barada bolar.
Käbir oglanlar gyz bilen tanyşyp-tanyşmanka "Söýgiden ýandym" diýen tema bilen çykyş edip,öñki söýgülileri barada gürrüñ berip başlaýarlar.Hatda,gyz oña bu barada soragam berenok.Onda bu zatlary gürrüñ bermek onuñ nämesine gerekkä?
Ýa-da tersine derrew gyzyñ öñki söýgülisi hakynda sorap başlaýarlar.Şu zatlar maña çendenaşa gereksiz bolup görünýär.
-Durmuşymdaky ynsanyñ öñki söýgülisi bilen gyzyklanmak meñ işime ýararmy?
-Ýok.
Gaýta tersine,maña bir gowy söz aýdan wagty içimden "Oña-da öñ şeý diýdimikä?"diýip pikir ederdim.
Maña sowgat alan wagty "Oña-da öñ bu sowgady aldymyka?" diýip pikir ederdim...
Eýse,siz bu barada nähili pikirde?
Söýeniñiziñ öñki söýgülisi barada bilmek size gyzyklymy?
Söýeniñiziñ öñki söýgülisi size gyzyklymy?
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
13-06-2022, 10:47