Salam Isleneniñ gybat isleýänleri!
(galanyñyz bilen işim ýok :))
Soñky döwür saýtda gybatyñ az edilýänligini göz öñünde tutup,sizi Mümkin boldugyça gep bilen üpjün etmekçi.
Bu günki gozgajak temam mowzugyñ adyndan belli bolşy ýaly öñki söýgüli barada bolar.
Käbir oglanlar gyz bilen tanyşyp-tanyşmanka "Söýgiden ýandym" diýen tema bilen çykyş edip,öñki söýgülileri barada gürrüñ berip başlaýarlar.Hatda,gyz oña bu barada soragam berenok.Onda bu zatlary gürrüñ bermek onuñ nämesine gerekkä?
Ýa-da tersine derrew gyzyñ öñki söýgülisi hakynda sorap başlaýarlar.Şu zatlar maña çendenaşa gereksiz bolup görünýär.
-Durmuşymdaky ynsanyñ öñki söýgülisi bilen gyzyklanmak meñ işime ýararmy?
-Ýok.
Gaýta tersine,maña bir gowy söz aýdan wagty içimden "Oña-da öñ şeý diýdimikä?"diýip pikir ederdim.
Maña sowgat alan wagty "Oña-da öñ bu sowgady aldymyka?" diýip pikir ederdim...
Eýse,siz bu barada nähili pikirde?
Söýeniñiziñ öñki söýgülisi barada bilmek size gyzyklymy?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 13-06-2022, 10:47

  • Massimus Massimus off № 61 13 июня 2022 14:01
    Ötegçi,
    Gennejem bardyra:))


    Bar, bar şoň jany sag bolsun, gorkýandyr öýtme, sylaýan ýöne urya hosh dowya gaharly
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 62 13 июня 2022 14:02
    Massimus,
    Gorkup sylayaňmy? ;))
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 63 13 июня 2022 14:03
    Massimus
    Ötegçi,
    Gennejem bardyra:))


    Bar, bar şoň jany sag bolsun, gorkýandyr öýtme, sylaýan ýöne urya hosh dowya gaharly

    ??.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 64 13 июня 2022 14:05
    Bendtner,
    Ýok, sylap gorkýan name
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 65 13 июня 2022 14:11
    Bendtner,
    Oñarýañaý hihi gorkmadyk sylamaz dbem nakyl bardy oydyan:D
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 66 13 июня 2022 15:09
    Öňküsi muňa "ýetip bilmän" ölen bolsa bagyşlaryn.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 67 13 июня 2022 15:40
    Ol gyza gep atanlaryň, lak atanlaryň sany däl-de, gyzyň olara bolan garaýşy gyzykly maňa.
    Gyz ýetişensoň, bolmanam gep-söz atylar, hyrydary elbetde bolar. Bu diýdigi bu alleýadan girip, ol alleýadan çykar diýdigi däl.
    Gyzyňam ýaşyna, psihologiýasyna, edebine, ynanjyna görä olara baha bermäne, synap görmäne haky bar.
    Gyz nämeden çyksada, ahlak çyzygyndan çykmaly däldigine düşünýär (düşünmeli.) Bu gün kimler tarapyndan gep atylsada, hakyky durmuş gurjagyna juwanlygyny saklamalydygyny düşünsin esasy.
    Edebi, haýasy bek bolan gyzlara bu zatlary düşündirmegiň geregi ýok.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 68 13 июня 2022 15:48
    "Öňki söýgülisi" diýmek, gyzyň geçmişi diýmek. Geçmişi bolsa hökman gyzykly maňa.

    "Pynhanlyk" diýip düşünje bar bizde. Şol serpilen ýerinde artykmaç soragyň geregi ýok. "Öň kim b.n söýüşdiň we näme üçin" diýip sorag bereniňde ýüzi gyzarmasa, onda gorkuberiň...
    Jogap
  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 69 13 июня 2022 17:33
    Söýgülimiñ geçmişi oñky ýaly bir gyzyklandyranok.Esasy geçmiş däl geljek:)
    Jogap
  • La Star La Star off № 70 13 июня 2022 18:39
    Enegul,
    Soyyusek name pont shlyapa
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 71 14 июня 2022 08:59
    Öñki söýgülisi bilen gyzyklanmaly. ýöne oña çendenaşa üns bermeli däl pikirimçe. sebäbi bir ynsan başga bir ynsanyñ durmuşyna girip onuñ geçmişini ýazgarmaga, sen geçmişde şeýdipsiñ diýip gygyrmaga haky ýokmyka diýýän.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler