Salam gadyrdanlar. Biraz arakesmeden soň köpiňizi gyzyklandyrýan sahypamyzy dowam edýäs. Bu gün saýtymyzyň raýat we harby durmuşyň aralygyndaky gyzyl çyzykda duran şadyýan agzasy Merdan Geldiýew bilen "Massimus production" söýgülisine bildirmejek bolup el telefonyna söýgülileriniň adyny "Atajan iş"-(Leýla), "Mämmet gullukdaş"-(Humaý), "Serdar dost"-(Gözel) diýip belläp şol oglanlaň ady bilen jaň gelende haýsy gyzyň jaň edýändigini şobada bilýän ýigitlerimiziň ýatkeşligini mundan beýlägem ösdürmek birleşigi söhbetdeşlik gurnar. Düzgünlerimiz şol öňki. Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Harby gullugy nähili göz öňüne getirýäňiz? (Massimusyň harby gulluk hakyndaky blogyny okamadyňyzmy? Şony bir okamaweriň).
3. Söýgiliňiz harby gulluga gidýänligiňize nähili garaýar? Garaşmaga söz berdimi?
4. Gullukdan öňki durmuşyňyzda göwnüne degeniňiz üçin, ötünç soramak isleýän adamyňyz barmy?
5. Eger gulluga gyzlar gidýän bolanda söýgiliňizi ugradanyňyzda näme diýerdiňiz?
6. Söýgi näme?
7. Harby gullukdan soňky planlaryňyz?
8. Gyz bilen oglanyň arasynda dostluk bolup bilýärmi? Bilýän bolsa ol näçe wagt dowam edýär?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Saýtda iň halaýan we iň ýigrenýän agzaňyz kim?
11. Biziň ählimizi birleşdiren Islenen.site-a etjek arzuwlaryňyz?
12. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, ýeňil bolmadyk harby gullugyňyzda diňe üstünlikler arzuw edýärin, gullukdan sag-aman öý ojagyňyza "uniwersalnyý soldat" bolup gelmegiňizi arzuw edýärin!
13. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 21-06-2022, 15:37

  • senyorita. senyorita. off № 31 21 июня 2022 22:00
    Salam hemmä! MerdanGeldiýew sag gidip, aman gel! Wagtyň gowy geçsin! Şeýdip üýşüpjik ugradyşymyz ýaly geleňde-de üýşüpjik belläris nesip bolsa.
    Jogap
  • Blue. Blue. off № 32 21 июня 2022 23:08
    Sagaman gidip gel Merdan Göresimizä geler hosh
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 33 21 июня 2022 23:17
    MerdanGeldiyevv,
    Sag boluň jogaplaryňyza, Gullugam sag aman geçiriň dostum
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 34 22 июня 2022 00:04
    Barsaň moşennik bol, abu ýaly dwiženşik bol, jyn ýaly haýsy ýerem bolsa böküp çyk, zapodlo diýilýänden daş bol, alladdin ýaaly ýalançy bol. sagaman gullugyňy dyn gullugyň geçmeýän pursaty gaýtmaga howlugyp, prikaz çykandan soň bolýa
    Jogap
  • AySa AySa off № 35 22 июня 2022 11:00
    MerdanGeldiyevv,
    Wuu Mary Welayatynyn Garagum etraby diysene? Menem Garagumda enemler, atamlar bar! Garagum etrabynyn nacenjisi??
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 36 22 июня 2022 13:00
    AySa,
    Men merkezde ýaşaýana, Garagum kanal taraplary dälde :)
    Jogap
  • MerdanGeldiyevv MerdanGeldiyevv off № 37 22 июня 2022 13:01
    Hemmäňize köp sag boluň, ýene 2 ýyldan görüşýänçäk onda, özüňizede gowuja serediň!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler