3-nji nota
Ine-de, Giza. Şol adybelli, köpleriň erkini alan, heniz hem syrly Giza. Aýdyşlaryna görä, Gizadaky piramidalary b.e. öňki V-IV asyrlarda parslar açypdyr. Olardan ilki rimlileriň hem giren bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Sebäp, Halyf Mamun Beýik piramida, ýagny Heopsyň piramidasyna gireninde, onuň özündenem öň kimdir birileriniň ol ýerde bolandygyny aýdypdyr.
Garagöz türkmenlerimiziň – saýtymyzyň agzalarynyň – nirede gören zady Heops. Aýratynam gyzlaryň. Kimsi selfi çekip başagaý, kimsi tiktoga düşüp. Gumly gelin gelneje bolsa, köne döwrüň adamsy-da, barsyny üýşüripjik, @geçip barýarka sowlandan haýyş edip, ýekeje ýadygärlik surata düşjekden. Bular bu ýerde keýp-solpudan çyksynlar. Çagalar onsuzam yssydan gaçyp yssa düşdüler ahbetin. Zat diýmeseň şü garaburç bilen wordless, Talyp gyz, Prenses04, Ogulşirin Baýramowa, Miss minnoş, Mona Songz, Enegül, Senýorita dagylar çägede heýgenek hem ýasanjak. Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş. Granger şunça töwella edipdi, “Maňa gatna, çagam” diýip, ýöne Nairoby etmedi.
Aňyrda Oksimiron, Aksary, Döwsypat, Pocahontas, Bilgirje, Ejegyz, Esma dagylar piramidanyň içine girmek üçin terjimeçidir ýolbelet gözläp ýörler. Massimus olaryň ýanyna bardy-da:
– Agalar we uýalar, ine bu Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi. Ol biziň ýolbeledimiz we köp işlerimizde kömekçimiz bolar. Ýöne bir mesele ýüze çykdy. Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dostumyz diňe müsürçe gepläp bilýän ekeni – diýdi. Aksary:
– Arap dilidir-ä bularyňkam. Biljek tapylmazmy bizde heý?
the_end:
– Сайтда современный моллаларымыз кёпди ахбетин.
Oksimiron:
– Bularyň dialekti tapawutly arapçadan. Arapça diýlen bolunsa-da, düýbünden iki dile bölübermeli arkaýyn.
Nirwana:
– Dogry aýdýaňyz, Oksimiron. Ine, Greýnjer bir zad-a diýýä.
Granger:
– Olag masgi dilinde gepleýägleg. Ýagny, “masgi” diýmek, “müsügçe” diýmek. Men düşünýän ol dile. Başagdygymdan kömek etmekçi.
Nirwana:
– Oksimiron, masri diýdigi öýdýän şul Greýnjeriň. Masri dilini bilýän diýýä.
Oksimiron:
– Çorbaň çorbasy boljak-da onda. Senem Greýnjeriň diýenlerini bize “terjime etjek” bolsaň... Hiç, düşünşeris.

Jeksparro: Hedenşowders şampunyny ulanyň. Nusga:
Do – meň saçym.
Posle – Rapunseliň saçy. Hi-hi.


Bular bir samalýot, ýagny iki awtobus bolup gelenleri üçin, onça adamyny birden salmadylar piramidanyň içine. Ikä bölündiler.

Daşardakylar.

Söýgüde Romeo hem rekord goýduk,
Leýdi Gaga bolsa, biziň fanadymyzmyşyn.
– diýip, gelýä aňyrdan, ine bir iki sany maço. Rigel Remezan aganyň äýnegini aldy-da, dakynyp seretdi:
– Agam, munyňyz-a yrgyldadyp görkezýä.
Remezan:
– Jigim, düşünmedim. Näme diýdiňiz?
– Ýagtylyk dereginden öte güýçli bolsa, görejimiziň tekizliginde amala aşjak fotohimiki reaksiýa has güýçli bolar we netijede 380-760nm aralykdaky göze görünýän ýagtylyk tolkunlaryny hem saýgaryp bilmeris, bu bolsa elbetde körlüge alyp barar. Sesiň gatylygy 130db-dan ýokarlanyp başlasa, ilki iki gulaga täsir edýän binoural effekt gulakda agyry döredip, ahyrynda kerlige alyp barar. Sürtülme güýji ýokarlansa, ýagny galtaşýan üstler has büdür-südürleşse, biz umuman hereket edip bilmeris. Şol sanda ynsan duýgulary hem aňry çäginden geçse, duýgusyzlyga alyp barar. Edil tertip belgisi 81-den ýokary bolan elementleriň öz-özünden radioişjeň şöhleleri goýberişi ýaly, bizem gadyrdanlarymyzyň durmuşyna şöhleler saçalyň. Özi ot bolup ýanyp, 6000K temperaturada bütün älemi ýagtyldýan Gün ýaly özümiz gyzsakda, kakalarymyzyň, ejelerimiziň, doganlarymyzyň, ýan ýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň dünýäsini ýagtyldalyň.
Gauzen:
– Hakyky şol-a, Rigel. Dogry aýdýarsyňyz. Goşulýaryn.
Soho:
– Agam, ýaşlaryň diline düşüneniňden gadymy Müsüriň iýerogliflerini öwreneniň aňsat bolar. Ýörüň ho-ol ýere, kölegä geçeliň-de, oturaly ikimiz gowsy. Bularam näme, isleseler maşyn-maşyn oýnasynlar, isleselerem aýterek-günterek.
Ýaňky iki maço Bendtner bilen FanB ekeni. Göwünleri bir ýaly, “ýow” diýşip, aýdyma hiňlenip:
Madly searching for this fine shoddy
In my world the Number one hotiee
Every where she make 'em(them) go crazy
Gosta get me, he has not yet made it.

Gost bolsa, şo-ol gyzlardan gaçyp ýörşi. Bu ýerde-de gyzlar ony gününe goýmadylar. Diňe amerkankalaryň wkusy däl eken diýmek. Tüýs gyzlaň islegi, daýzalaň arzuwy diýilýänlerden.
Birdenem:
– Men, Akon. Men siziň baryňyza nalok salmaga geldim – diýip, Ahmedik_97 çykdy bir ýerden.
– Bol, hawa, hany, haýsyň jedele çykjak meň bilen? Size kysmat ýok diýdimmi? Ýok şol. Nokot. Düşdüň däm baryň. Indem z**bal etmäň, nerwä degip. Göwnüňize degenem bolsam, bagyşlaň. Nerwi ýaman, pul saman.
Khanture:
– Ee, bet ekeniň-ä, bro.
Kysmatyňdan gaçyp gutulyp bilmersiň.
Ahmedik bolup doglup,
Akon bolup ölmersiň.
– diýip, akyl satdy. Ahmedigiň muňa gyrra kakyny tutdy, gözi gyzardy, gygyryp:
– Näme üçin iminno men Ahmedik bolup doglup, Ahmedik bolup ölmeli? Näme üçin Býulent Ersoý, Býulent Erkoç bolup dogulmaly-da Býulent Ersoý bolup ölmeli? – diýdi-de, çäge peşedip ugrady.
Khanture nämäň nämedigine düşünip ýetişdi-de, ökjäni göterdi. Kimler piramidaň içine aýlanyp başagaý, bu ikisi bolsa, daşyna aýlandylar, kowalaşyp.
DonMax:
– Günüň aşagynda köp gezdirmäň diýdim şul ikisini – diýdi-de, 3-nji çilimini otlady.
Ol ikisi piramidanyň daşyna aýlanybersinler gaýdylýança.

Içerdäkiler.
Oksimiron, arkaç, mountain, Baýker, Ötegçi, Roma, the_end, ResulT bilen Resul., Aksary, menembiri, Gürgençli, Eziz, şoşo, Bilgirje, Caspion, MergenA, Tiko, Realist_01, Voyvoda, nurmuhammet, Mekan00 bilen Mekan..., Ejegyz, Elif, Xyiveniya_Babaýewa, Madina, Aýnur, Pocahontas, Nairobi, Esma, Nirwana, Granger, Margarita, My life, Ladybug, Ogulşirin Baýramowa, Senagul, Ulugyz, M-11, Döwsypat, Massimus we onuň täze dosty Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dagylar hersi topbak-topbak aýlanşyp ýördüler.
Bir ýerlerden Walerýanka geldi:
– Bötmäň-dä meni. AskarBlýat etmäň-dä. Menem ilki girip, ilki gitjeg-eý. Ertirki we soňkularda-da nawrýatli çykaýsam. Dark wolf oňardy, Kair döwlet kitaphanasyna gidip.
Massimus:
– Uýajygym, jadygöý Germiona, mümkin bolsa, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadidan şu däliziň nirä alyp çykýanyny, özüniň bolsa gysgarak adyny sorap beräýiň.
Granger Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadidan masriça sorady:
– Jenap Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi, ine buh jenap Mahsimuhs sizden şuh dähliziň nihä eltýänini we sihziň gyhysga ahdyňyzy sohaýah.
Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi öz masriçasynda bir zatlar-a diýdi. Granger:
– Massimus akga, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi däliz tupige digeýäg diýýä. Adymy bolsa doly tutulsa halaýan diýýä.
Massimus:
– Ýedi arkasy bilen sanamak hökmanmyka her gezek ýüzlenilende. Her ýerde intiresni adamlar bar-aýt.

Bu patok çykdy, soňra ikinji patok girdi. Ilki bilen FanB bilen Bendtner iki ellerini 50 sentiňki ýaly edip, “ýow” diýip girdiler Heopsyň girelgesinden. Ötegçi bilen Gost ellerini bir-biregiň egninde goýup (bu ikisi haçan dogan okaşyp ýetişdiler, men kontužed), SadMan, MerdanGeldiýew; Hemedany, Hiayress we Keaip begcon (gözlerime ynanamok bularam aýrylmaz dost), State, Gizlin666, Seri, Gauzen, Soho, Remezan, Rigel, garaburç, Senýorita, Mona Songz, wordless, Dani, Miss minnoş, Jeni, Xyivenia, Prenses04, Talyp gyz, Kind boy, biohimik, DonMax, Kwadrat kelle, Mähek (geň, poka mundan ses-üýn ýok, apy-tupanyň öň ýany hem howa şeýle bolýa), Gumly gelin gelneje we ýene-de Granger we Massimusyň täze dosty Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dagylar Heopsyň içine aýlandylar.
Germiona bende aňkasy aşyp gitdi. Gije düýşünde basyrganyp, Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi diýip samrap durmaly boldy (Nirwananyň dat gününe, komnatdaş ikisi, sabyr bersin bendä). Gumly gelin gelneje-de gaýdyp ýaşlara baş bolmajakdygyny öz ýanyndan berk belläp goýdy, toba etdi.

Nurýüpek matalar dükany size öz matalaryny hödürleýär. Millionlyk gülýüpeklere arzanladyş, 2 mitir 2 santysy 1000 manat.
(Ýa sabyr, ady million-lyk bolsa-da, skitkada 4-5 milliona goýlan ýeke-täk mata. Türkmenlerimizi ne güne saldyň sen, gülýüpek. Adyňa döneýin, Gülýüpek)


Birinji patokdakylar daşarda aýlanşyp ýördüler, kimsi bloknodyna ýazgy edýär gören-eşdenlerini, kimsi telzametkasyna, kimsi bolsa kamera düşürýär. Bir haýukdan soň:
– Näil-ow, biderekler. Biderek ýaşap ýörsüňizmi? Ýadamadyňyzmy-aý Ýere agram salmakdan? Mä:ň, Menem 1-2 günlüjek tutup, saklap beräýiňdä, men gaçyp gideýinle – diýip, Nairoby, geçip barýarka sowlan, Jeksparro üçüsi gapdaldan geçip barýardylar. Jeksparro:
– Kantužlar sözünem goşsana.
Nairoby:
– Biderekler, kantužlar diýip owadanlamasanaň dosowlan. Pituh byr topar diýseňizle. Myžžygy çykan tomzoklar. Durmalyň-leý şulaň ýanynda, özüme gelişdiremok-da heýç – diýdi-de, hiç zat bolmadyk ýaljak, müsürlilere öýkünip, leňňeç ýaljak bolup gapdallykgan ýöräp gitdi (Elbetde, müsürliler gapdallykgan ýöränok, suratlar, taryh aňyny alypdyr bendäň).
Elif:
-Haý akylsyz diýsänim…Bular üçüsi kösenşip gapdallygyna ýöräbersinler, göni ýöräňde haýry näme, hol-ha ol ikisine bir serediň.

Ahmedik_97 bilen Khanture bolsa, şo-ol aýlanyp, kowalaşdym oýnap ýördüler. Arasynda Ahmedik:
Khanture dost, biraz dynjymyzy alaly, soň sen meni kowalap başla – diýýär.
Soňra ýene şo-ol aýlandylar durdular, aýlandylar durdular...


Produser: Nirvana Režisýor: Granger Ssenariniň awtory: @näbelli6

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 29-06-2022, 11:22

  • XYIVENIA XYIVENIA off № 31 29 июня 2022 12:36
    Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş.
    Menem menem ?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 29 июня 2022 12:36
    senyorita.
    Bäý-bä, dekimize gezip bilmeýän ekenik hijimiz :))


    Hijimiz diýip, meni özüňize meňzetmeseňizläň. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 33 29 июня 2022 12:37
    XYIVENIA
    Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş.
    Menem menem ?


    Senem ýeke gezip çözýänlerdenmidiň?! :)
    Jogap
  • XYIVENIA XYIVENIA off № 34 29 июня 2022 12:39
    Nirvana
    XYIVENIA
    Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş.
    Menem menem ?


    Senem ýeke gezip çözýänlerdenmidiň?! :)

    Nairoby ýaly däldirin ýöne
    Jogap
  • XYIVENIA XYIVENIA off № 35 29 июня 2022 12:40
    Jeksparro üçüsi gapdaldan geçip barýardylar
    Şu Jek kapitanyn ýanyna goşaýynda menem?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 36 29 июня 2022 12:41
    XYIVENIA
    Nirvana
    XYIVENIA
    Nairobyň bolsa, bularyň hiçisine pisindi oturanokmyş, “ýeke gezýä, zato çözýämiş”, betmiş, krutoýmyş.
    Menem menem ?


    Senem ýeke gezip çözýänlerdenmidiň?! :)

    Nairoby ýaly däldirin ýöne


    Onça bolubam bilmersiň jigimjan. Seň şu bolşuň gowy ýaraşýar saňa.

    Hemedany, şoda :)
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 37 29 июня 2022 12:44
    Khanture,
    Meň aýtman oturan arzuwymdy ol Mohammad Salahy görmek. Nädäýdiňiz muny :) Bildirmänjik gidip gaýdaýjakdym ýanyna. (Eger ýurdunda bolsa häzir :) )
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 38 29 июня 2022 12:46
    senyorita.
    Khanture,
    Meň aýtman oturan arzuwymdy ol Mohammad Salahy görmek. Nädäýdiňiz muny :) Bildirmänjik gidip gaýdaýjakdym ýanyna. (Eger ýurdunda bolsa häzir :) )

    Häzir futbol möwsümi däl. Belki ýurdundadyr...
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 39 29 июня 2022 12:46
    Nirvana,
    Sizem bir bezzatlyk edip goýberäýiň :))
    Bize goşulyp :))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 40 29 июня 2022 12:48
    senyorita.
    Nirvana,
    Sizem bir bezzatlyk edip goýberäýiň :))
    Bize goşulyp :))

    Meň bezzatlyklarym öňde.
    Meni görüp özüňizi ýüzüňize sylarsyňyz. :)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 41 29 июня 2022 12:58
    Äý biziññä Salahy gormek ýaly arzuwmyzam bolmandyr. Kölegelapjik buzgaýmak iysek, birem mugtdan doýsak, tapdyrsa birki kilejik sap gyzyl alyp gaýtsak boldugydyrda :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 42 29 июня 2022 13:00
    Ötegçi
    Äý biziññä Salahy gormek ýaly arzuwmyzam bolmandyr. Kölegelapjik buzgaýmak iysek, birem mugtdan doýsak, tapdyrsa birki kilejik sap gyzyl alyp gaýtsak boldugydyrda :)


    Işdäňizem ýok eken. :)

    Men size ýazjak diýenime garaşmaly bolýaňyz, aýyplaşmaň. Men şeýleräk adam…
    Jogap
  • Soho Soho off № 43 29 июня 2022 13:01
    hahaha, Jegin reklama shampunyna gulup hezil etdim, sagja bol Nirvana
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 44 29 июня 2022 13:17
    Nirvana,
    Yok, zyýany ýok. Iru giç boljak bolsa garaşmaga garaz sabrymyzy ýetirjek bolarys. Barybirem sabyr edip yorus...
    Jogap
  • My life My life off № 45 29 июня 2022 13:43
    Gyzykly, dowam ediber)))
    Howri kop bolsyn atdash.
    Jogap
  • Granger Granger off № 46 29 июня 2022 13:45
    Massimus
    Granger ikimiziň täze dostumyz Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi.
    Germiona "R" aýtmany öwgedeli :))

    ...?. Gowy ýeri ikiňiziňem adyňyzda "yg" hagpy ýok))
    Jogap
  • Granger Granger off № 47 29 июня 2022 13:47
    Khanture
    Massimus,
    Gegmiona Fgansuz bolsa gegek ;)))

    Khantuge, fygansuzça gepleşeliňmi))
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 48 29 июня 2022 15:01
    Leýli şo pañkyldap öwnüp gelşine, bir duzaga basaýmala, soñ hemmämiz bir 4 tarapy yapyk diwara girdik, o yerdede birje altyndan ýasalan pişik dur. onam ötegçi alan vagty hemmamiz pişige öwrülýäs.. :))
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 49 29 июня 2022 15:35
    Maňa bir mumiya getiriň wsyo
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 50 29 июня 2022 15:40
    garaburc, menem name sebapden oleni belli bolmadyk pişigimiñ ruhuna pisige owrulenleri gurban beryan :D
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 51 29 июня 2022 17:18
    Granger,
    Khanture
    Massimus,
    Gegmiona Fgansuz bolsa gegek ;)))
    Khantuge, fygansuzça gepleşeliňmi))


    Gegmiona Ggangegs fgansuzçany öwgenýänçäň yg-y aýtmany öwgen :))
    Jogap
  • SmartLider SmartLider off № 52 29 июня 2022 20:59
    Heh, gowy bolupdyr. Ýöne Khanture ikimiziň häsiýetimizi 6 ýaşly çaga döndüräýipsiňle:) Ylmy we dini işi alyp barýan çagajyklar :D
    Jogap
  • SmartLider SmartLider off № 53 29 июня 2022 21:00
    Baýram, tom jerrem bolduk:)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 54 29 июня 2022 21:14
    SmartLider
    Baýram, tom jerrem bolduk:)

    Maşa medwed bolmasak şükir et! ;)
    Jogap
  • Гость Гость off № 56 29 июня 2022 22:57
    Gyzykly bolupdyr, dowamyna köp garaşmaly etme :)
    Jogap
  • Kind_boy Kind_boy off № 57 29 июня 2022 23:44
    wordless,
    R harpyn diyip bilenokmy
    Jogap
  • wordless wordless off № 58 30 июня 2022 00:30
    Kind_boy, yok molum öggetmedi
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 59 30 июня 2022 13:22
    Gyzykly bolupdyr. Dowamyna garaşýan...
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 60 22 апреля 2024 15:41
    Ölmesek bizem bar ekenik 😁
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler