Biri siziň göwnüňize degende, gynandyranda, gaharyňyzy getirende ýada ýarty ýolda ýeke taşlanda ýa bolmasa aldanda belki, arzuwlaryňyzy puja çykaranda ol adama edil şolaryň öz başyna gelmesini dilemän gahar bilen oňa garşy durup bilmek gör nähili kyn. Şeýle dälmi?
Edil şol pursat iň esasy duýjak duýgularyňyzdan biri siziň janyňyz ýanyşy ýaly onuňam janynyň ýanmagy, siziň başdan geçirýän duýguňyzy başdan geçirip jezasyny çekmegi.
Ýeri, bu duýgularyň içinde wagtyňyz özüňizi nähili kontrol edersiňiz ýa-da erbet duýgulardan nädip uzaklaşarsyňyz?
Ar almak. Örän gowy pikir ýaly bolup görünse-de erbetlik etmezlik, janyňyzy ýakan adama meňzemezlik üçin bu duýgudan geçiň. Ar sizi kiçelder, janyňyzy ýakan adama meňzeder we puşman etdirer. Şeýlelikde, erbet adama öwrülersiňiz. Şol pursat mert bolup, şol durşynyza duruň. Beýle sessiz durup araçägiňizi goramak siziň gorkak ýa-da sam’sykdygyňyzy aňlatmaýar. Diňe siziň herekediňiziň dogry, sylagly we mertdigiňizi aňladýar. Siz sessiz galyp, garşyňyzdakyň gazanmagyna däl, eýsem onuň derejesine düşmän uly bir jeza berdigiňiz bolar.
Pikirlenip görüň, gaharyňyza ar almak size näme gazandyrýar we sizden näme ýitirýär?
Ynanyň, ar almagyň netijesinde ýitirjekleriňiz gazanjaklaryňyzdan kän bolar. Bilýän, ar alman sesiňi çykarman durmak aňsat däl. Her nähili derejede kyn hem bolsa we näçe öjükdirseler öjükdirsinler, asla pikirlenmän hereket etmäň, ar almaga synanyşmaň. Başarsaňyz ol adamy ondan soňra durmuşyňyzdan çykaryň. Ýöne gaharyňyza erk edip araçägiňizi goraň. Ynanyň araçägi goramagyň lezzeti ar almagyň lezzedinden has gowudyr. Unutmaň, her kim özüne gelişýän herekedi eder.
Ynjydylyp nä derejede gaharly bolup erbet daramak, sögüşmek, ar almak durmuşda ýitirýänlere degişlidir. Gazanýanlar bolsa, batyrgaý mert bolup diňe uzaklaşýarlar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 30-06-2022, 21:30

  • Telwas Telwas off № 31 30 июня 2022 22:52
    Keaip_begcon
    Umuman bütinleý tema: Ar almaň, mert boluň.


    Hawa. Gysgaça mazmuny şol.
    Jogap
  • Granger Granger off № 32 30 июня 2022 22:56
    Hiayress, Massimusyň temasy o sahypada galdy. Teswiriňe jogap:
    Hakykady köpçülikde däl-de ýekelikde i plus owadanlap aýtmaň görnüşleri bar. Ищи!
    Jogap
  • Granger Granger off № 33 30 июня 2022 22:56
    Granger
    Hiayress, Massimusyň temasy o sahypada galdy. Teswiriňe jogap:
    Hakykady köpçülikde däl-de ýekelikde i plus owadanlap aýtmaň görnüşleri bar. Ищи!

    Psihologlaň edýän herekedi.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 34 30 июня 2022 23:04
    Granger,
    Nädip aýdylany bilen işim ýok, irde-giçde aýdylsa bolýar. :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 35 30 июня 2022 23:06
    Granger,

    Berdinazar agada: "Kim bilip dur, az salymdan giç bolar" diýýär.
    Jogap
  • Granger Granger off № 36 30 июня 2022 23:07
    Hiayress
    Granger,
    Nädip aýdylany bilen işim ýok, irde-giçde aýdylsa bolýar. :)

    Boldy onda. Şu günden şeýläk gönüläberjek))
    "Gaty görmek we soňundan ar almak ýokdur" mowzukdan ?
    Jogap
  • Granger Granger off № 37 30 июня 2022 23:08
    Hiayress
    Granger,

    Berdinazar agada: "Kim bilip dur, az salymdan giç bolar" diýýär.

    Goşgyň manysyny ýoýma)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 38 30 июня 2022 23:09
    Ýooop ? öň teswirlerime düzediş girizip biläýýädim weli, indi welin bolaýypdyr ol.
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 40 30 июня 2022 23:22
    Ýalňyşlygy iki gezek bagyşlap, şans berseň bolar. Üçünjide eýýäm, söwüşmelem däl, aram alma. Iň gowy warýant ýuwaşlyk bilen uzaklaşmaly. Hem ýitmeli, hem ýitirmeli.
    Jogap
  • Ra 4444 Ra 4444 off № 41 30 июня 2022 23:44
    name ucin garshylyk bermeli dal name ucin olar bizin gownumize degse bolya biz yuwash durmaly ¿

    nirde onyaly ayt icindakini yuzune bar zadyny cykar ya bolmasa yumruklashmaly bolsa hem cekinme...

    bir gownune degen ikinji gezek hem deger, bashga kishiler hem deger sheydip yuwashlyk bilen shuna sesi cykanok dp kopculikde merteban peseler barar.

    shu dunyade ozun oz aryny almasan o dunya baryp biri sen un ar alyp berer oytmek ejizligin we lygun alamatyka diyyan :)))
    Jogap
  • Ra 4444 Ra 4444 off № 43 30 июня 2022 23:45
    tamtyklygyn dp yazayyn yazylanok eken :)))
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 44 1 июля 2022 00:18
    Rigel,
    Bagyşlap ýörmelimikä?!
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 45 1 июля 2022 00:25
    Men bir zat diýsemä seň işiň bolmasyn diýer Nirvana.gowsy zat diýmäýin
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 46 1 июля 2022 01:02
    Rigel,
    Ar alanyňa degmeýän adamlar bagyşlama degermi?!
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 47 1 июля 2022 08:44
    Rigel,
    Bagyşlamaly ýöne ýüzine aýtmaly şol adam hakyndaky pikirleriňi özem gözine gözläp ýüzüne basyp aýtmaly.aýdaýmaly hökman
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 48 1 июля 2022 11:48
    Rigel,
    Hemme zat bir ýere çenli umuman. Bolýar, men bolsa garaşypdym çynym bilen.))
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 49 1 июля 2022 14:55
    Rigel,
    Dogry edýäň çykar durmuşuňdan.
    Jogap
  • MergenA MergenA off № 50 1 июля 2022 17:01
    Gowy pikirleriňiz, pikir ýöredişiňiz bar...
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 51 1 июля 2022 21:36
    Meýitleri yansyn howwo
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler