Salam eziz Agzalar!
Agşamky sorag-jogap ýaryşynyň jemi jemlendi. Ýadyňyzda bolsa men size “soraglara anyk we dogry, doly jogap bermeli”-diýipdim. Üns berdim käbir soraglara anyk jogap berilmändir, olaram dogry diýip kabul edip bolanok. Netijeler ine şeýle:
A topar
Gumly gelin
Pegas
Baýker
Dark_Wolf
Hypatia
1) Haýsy hanyň kellesi bir ýerde, göwresi başga bir ýerde jaýlandy?! Hiayress
Mädemin han +
2)Gowşut hanyň gubury haýsy öwlüýäde ýerleşýär? Hiayress
Hoja Abdylla +
3) Sorag: Saz guraly dutar perdesiniň näçinji perdesine "türkmen perde" diýilýär we näme sebäpden şeýle at goýupdyrlar? Esma
Dutar perdesiniň 8-nji perdesine "türkmen perde" diýilýär.
Şeýle diýilmeginiň hem öz sebäbi bar. Bu perde 18-nji asyryň ahyrlaryna çenli bolmandyr diýen çaklama bar. Ony ilkinji gezek türkmen sazandarlary tarapyndan bogulypdyr we şonuň üçin oňa "türkmen perde" diýilip at beripdirler.
Gazak, gyrgyz halklarynyň hem öz dutarlaryndaky 8-nji perdä "türkmen perdesi" diýýändiklerini bilmek hem biz üçin gyzyklydyr. -
4) Sorag: "Dört örüm saçly" diýen aýdymyň sözleri, haýsy şahyryňky? Şahyr ony kime bagyşlap ýazypdyr? Esma
Bu aýdymyň sözleri: Täçli Gurbanowyňky.
Sazy: Ata Esadowyňky.
Bir gezek Täçli Gurbanowyň aýaly:
–Sen başga gyz-gelinler barada goşgy goşýaň. Maňa-da bir goşgy goş-da! –diýipdir. Şahyram:
Seniň dört örüm saçlaryň bar. Türkmen gyz-gelinleriniň saçyny dört örüp gezişi, goý edebiýatda galsyn. Soňky nesillere nusga bolsun! –diýen ekeni. -
5) Wandamy hayrana goyan, yyldyzlaryn telohraniteli Lebaply ...? Soho
Lebaply Alik (Allaberdi) Gulhanow +
6) "Meñ kakam Gujaratdan, ejem bolsa Turkmenistandan" gurrun haysy aktyor hakynda? Soho
Jeki Shroff +
7) Mesopatamiýa kim bolupdyr? (Mifiki obrazy) Granger
Grek gözellik taňrysy Afroditanyň monahlaryndan biriniň gyzy. Tigr bilen Ýewfradyň gyz uýasy. Ömrüne boý gyz bolup galan mifiki obraz. -
8) Şu setirler haýsy awtoryň haýsy eserinden? Granger
...У людей не осталось силы в сердце, чтобы держать энергию или выражение мысли в глазах. Лишь предчувствие еды привело их сюда, но и это чувство не было яростным или жестоким, как у обычного человека, а было невинным, способным остаться без удовлетворения, потому что чувство уже не поддерживалось разумом...
...Мертвых должны хоронить живые, а здесь живых нет, есть не умершие, доживающие свое время во сне, ты им не сделаешь счастья, и даже своего горя они уже не знают, они больше не мучаются, они отмучились...
Andreý Platonowiç Platonow “Jan”. -
9) Olaryň birinjisi ýewreý,soňkulary ýunan,italýan, fransuz, iňlis, portugal, ispan. Maňa olaryň häzirkisini we ondan öňküsini atma-at aýdyň! Remezan
Benedikt On altynjy we Ioan Pawel ikinji.
Gürrüň rim papalary barada -
10)Garyp alyp zyňar, baý alyp jübisine salar, çaga ony iýer. Ol näme? Remezan
Burun maňkasy -
Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir. [/b]
B topar:
Granger
Hiayress
Esma
Remezan
Soho
1)Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy beýleki baýdaklardan bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar,ol tapawut näme? Hypatia
Dünýä ýurtlarynyň her biriniň baýdagynda olimpiýa baýdagyndaky reňkleriň (gök,sary,gara,ýaşyl we gyzyl) biriniň bolmagy -
2) Dünýäde ilkinji döredilen sport kluby haýsy? Hypatia
1299-njy ýylda Angliýada döredilen "Southtemp Bowling Club" klubydyr. -
3) Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady? Baýker
Balamorgab -
4) 1000 sany alyň, üstüne 40 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 30 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 20 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 10 goşuň! Näçe boldy? Pegas
4100 +
5) Amerikanyň Indiana ştatynyň Uniwesitetiniň esasy kitaphanasy her ýyly 1dýum (2.54sm) aşak çöküp barýar. Sebäbi bolsa arhitektorlaryň we gurluşykçylaryň ýalňyşlygy üçin.
Sorag: arhitektorlar taslamada nämäni hasaba almandyrlar? Pegas
Kitaplaryň agramyny +
6)Haýsy kesel degende sürini karantina edip, keselli mallar otlanylýar? Baýker
Otbaş keseli degende süri karantina alynýar we keselli mallar saýlanyp alnyp çukur gazyp damagyny çalyp otlaýarlar. Galan mallary üç gün sanjym geçirilip on bäş gün gözegçilikde saklanylýar, gysgaça şeýle. -
7) Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli) Gumly gelin
Ýeňini tikseň ýeňersiň, ýanyny tikseň ýanarsyň. -
8)Keçe ediljek ýüň ilki haýsy gural bilen işlenýär? Gumly gelin
Saýgyç +
9) Kimler bilen nikalaşmak (öýlenmek) haram? Dark_Wolf
Kurany Kerim:
«Size (şulara öýlenmegiňiz) haram kylyndy. Ejeleriňize, gyzlaryňyza, gyz doganlaryňyza, kakaňyzyň aýal doganlaryna, daýzalaryňyza, erkek doganlaryňyzyň gyzlaryna, aýal doganyňyzyň gyzlaryna, emdiren süýt eneleriňize, süýt emişen bajylaryňyza, aýallaryňyzyň ejelerine, soň goş birikdiren aýallaryňyzdan bolan öweý gyzlaryňyza – eger olar bilen goş birikdirmedik bolsaňyz (gyzlaryny almakdan ötri) üstüňize günä ýüklenmez – öz sulbuňyzdan gelen ogullaryňyzyň aýallaryna. Şeýle hem bir wagtyň özünde iki gyz dogana öýlenmäň. Emma geçmişde, mundan owalkylarda bolan ýagdaýlar muňa girmeýär. Şübhesiz Allah örän bagyşlaýjy, köp merhemet edenlerdendir»
(Nisa, 23). -
10) Sorag: "Şeýh, Müfti, Kazy" sözleriniň manysy näme we olar kimler? Dark_Wolf
"Şeýh" sözi sözlükdäki manysy çal saçly, garry adam diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa mugallym, alym, taýpa ýolbaşçysy, jemgyýetçilik ýolbaşçysy we umuman alanyňda, adamlaryň gözünde bilim, ahlak we kär taýdan ökde adam diýmek üçin ulanylýar.
"Müfti" sözi sözlükde "meseläni aýdyňlaşdyryjy" diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa jemgyýetçilik ýörelgelerine esaslanýan düşnüksiz bir zady aýdyňlaşdyrmak üçin bilimi bolan adama ýüzlenmek üçin ulanylýar.
"Kazy" sözlükde "höküm çykaryjy" diýmekdir. Ulanyşda bolsa belli bir höküm çykaran adama aýdylýar. Kazy ýurduň patyşasy tarapyndan bellenilýär. Şaýatlygy kabul edilip bilinjek adam kazy bolup biler. Ahlaksyzlyk ýoluna giden kazynyň hökümi kabul ederliksiz bolar. +
[b]Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir.
Görşüňiz ýaly iki toparam deňme-deň bolupdyr. Bu ýagdaýda biz siz bilen täzeden ýaryş geçirmeli bolýas. Bolmasa-da…???
ÝARYŞYŇ JEMI
Bilim,
Telwas
tarapyndan
25-07-2022, 12:39