Salam eziz Agzalar!
Agşamky sorag-jogap ýaryşynyň jemi jemlendi. Ýadyňyzda bolsa men size “soraglara anyk we dogry, doly jogap bermeli”-diýipdim. Üns berdim käbir soraglara anyk jogap berilmändir, olaram dogry diýip kabul edip bolanok. Netijeler ine şeýle:

A topar

Gumly gelin
Pegas
Baýker
Dark_Wolf
Hypatia

1) Haýsy hanyň kellesi bir ýerde, göwresi başga bir ýerde jaýlandy?! Hiayress

Mädemin han +
2)Gowşut hanyň gubury haýsy öwlüýäde ýerleşýär? Hiayress

Hoja Abdylla +

3) Sorag: Saz guraly dutar perdesiniň näçinji perdesine "türkmen perde" diýilýär we näme sebäpden şeýle at goýupdyrlar? Esma

Dutar perdesiniň 8-nji perdesine "türkmen perde" diýilýär.
Şeýle diýilmeginiň hem öz sebäbi bar. Bu perde 18-nji asyryň ahyrlaryna çenli bolmandyr diýen çaklama bar. Ony ilkinji gezek türkmen sazandarlary tarapyndan bogulypdyr we şonuň üçin oňa "türkmen perde" diýilip at beripdirler.
Gazak, gyrgyz halklarynyň hem öz dutarlaryndaky 8-nji perdä "türkmen perdesi" diýýändiklerini bilmek hem biz üçin gyzyklydyr. -

4) Sorag: "Dört örüm saçly" diýen aýdymyň sözleri, haýsy şahyryňky? Şahyr ony kime bagyşlap ýazypdyr? Esma

Bu aýdymyň sözleri: Täçli Gurbanowyňky.
Sazy: Ata Esadowyňky.
Bir gezek Täçli Gurbanowyň aýaly:
–Sen başga gyz-gelinler barada goşgy goşýaň. Maňa-da bir goşgy goş-da! –diýipdir. Şahyram:
Seniň dört örüm saçlaryň bar. Türkmen gyz-gelinleriniň saçyny dört örüp gezişi, goý edebiýatda galsyn. Soňky nesillere nusga bolsun! –diýen ekeni. -

5) Wandamy hayrana goyan, yyldyzlaryn telohraniteli Lebaply ...? Soho

Lebaply Alik (Allaberdi) Gulhanow +

6) "Meñ kakam Gujaratdan, ejem bolsa Turkmenistandan" gurrun haysy aktyor hakynda? Soho

Jeki Shroff +

7) Mesopatamiýa kim bolupdyr? (Mifiki obrazy) Granger

Grek gözellik taňrysy Afroditanyň monahlaryndan biriniň gyzy. Tigr bilen Ýewfradyň gyz uýasy. Ömrüne boý gyz bolup galan mifiki obraz. -

8) Şu setirler haýsy awtoryň haýsy eserinden? Granger

...У людей не осталось силы в сердце, чтобы держать энергию или выражение мысли в глазах. Лишь предчувствие еды привело их сюда, но и это чувство не было яростным или жестоким, как у обычного человека, а было невинным, способным остаться без удовлетворения, потому что чувство уже не поддерживалось разумом...
 
...Мертвых должны хоронить живые, а здесь живых нет, есть не умершие, доживающие свое время во сне, ты им не сделаешь счастья, и даже своего горя они уже не знают, они больше не мучаются, они отмучились...

Andreý Platonowiç Platonow “Jan”. -

9) Olaryň birinjisi ýewreý,soňkulary ýunan,italýan, fransuz, iňlis, portugal, ispan. Maňa olaryň häzirkisini we ondan öňküsini atma-at aýdyň! Remezan

Benedikt On altynjy we Ioan Pawel ikinji.
Gürrüň rim papalary barada -

10)Garyp alyp zyňar, baý alyp jübisine salar, çaga ony iýer. Ol näme? Remezan

Burun maňkasy -


Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir.
[/b]



B topar:

Granger
Hiayress
Esma
Remezan
Soho

1)Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy beýleki baýdaklardan bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar,ol tapawut näme? Hypatia

Dünýä ýurtlarynyň her biriniň baýdagynda olimpiýa baýdagyndaky reňkleriň  (gök,sary,gara,ýaşyl we gyzyl)  biriniň bolmagy -

2) Dünýäde ilkinji döredilen sport kluby haýsy? Hypatia

1299-njy ýylda Angliýada döredilen "Southtemp Bowling Club" klubydyr. -

3) Murgap derýasynyñ Owganystandaky ady? Baýker

Balamorgab -

4) 1000 sany alyň, üstüne 40 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 30 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 20 goşuň, ýene 1000 goşuň, üstüne 10 goşuň! Näçe boldy? Pegas

4100 +

5) Amerikanyň Indiana ştatynyň Uniwesitetiniň esasy kitaphanasy her ýyly 1dýum (2.54sm) aşak çöküp barýar. Sebäbi bolsa arhitektorlaryň we gurluşykçylaryň ýalňyşlygy üçin.

Sorag: arhitektorlar taslamada nämäni hasaba almandyrlar? Pegas

Kitaplaryň agramyny +

6)Haýsy kesel degende sürini karantina edip, keselli mallar otlanylýar? Baýker

Otbaş keseli degende süri karantina alynýar we keselli mallar saýlanyp alnyp çukur gazyp damagyny çalyp otlaýarlar. Galan mallary üç gün sanjym geçirilip on bäş gün gözegçilikde saklanylýar, gysgaça şeýle. -

7) Ýeňini tikseň... (Ene-mamalarmyzyň tikin tikilende aýdýan akyl beriji aýtgysynyn yzyny dowam etmeli) Gumly gelin

Ýeňini tikseň ýeňersiň, ýanyny tikseň ýanarsyň. -

8)Keçe ediljek ýüň ilki haýsy gural bilen işlenýär? Gumly gelin

Saýgyç +

9) Kimler bilen nikalaşmak (öýlenmek) haram? Dark_Wolf

Kurany Kerim:
«Size (şulara öýlenmegiňiz) haram kylyndy. Ejeleriňize, gyzlaryňyza, gyz doganlaryňyza, kakaňyzyň aýal doganlaryna, daýzalaryňyza, erkek doganlaryňyzyň gyzlaryna, aýal doganyňyzyň gyzlaryna, emdiren süýt eneleriňize, süýt emişen bajylaryňyza, aýallaryňyzyň ejelerine, soň goş birikdiren aýallaryňyzdan bolan öweý gyzlaryňyza – eger olar bilen goş birikdirmedik bolsaňyz (gyzlaryny almakdan ötri) üstüňize günä ýüklenmez – öz sulbuňyzdan gelen ogullaryňyzyň aýallaryna. Şeýle hem bir wagtyň özünde iki gyz dogana öýlenmäň. Emma geçmişde, mundan owalkylarda bolan ýagdaýlar muňa girmeýär. Şübhesiz Allah örän bagyşlaýjy, köp merhemet edenlerdendir»
(Nisa, 23). -


10) Sorag: "Şeýh, Müfti, Kazy" sözleriniň manysy näme we olar kimler? Dark_Wolf


"Şeýh" sözi sözlükdäki manysy çal saçly, garry adam diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa mugallym, alym, taýpa ýolbaşçysy, jemgyýetçilik ýolbaşçysy we umuman alanyňda, adamlaryň gözünde bilim, ahlak we kär taýdan ökde adam diýmek üçin ulanylýar.

"Müfti" sözi sözlükde "meseläni aýdyňlaşdyryjy" diýmegi aňladýar. Ulanyşda bolsa jemgyýetçilik ýörelgelerine esaslanýan düşnüksiz bir zady aýdyňlaşdyrmak üçin bilimi bolan adama ýüzlenmek üçin ulanylýar.

"Kazy" sözlükde "höküm çykaryjy" diýmekdir. Ulanyşda bolsa belli bir höküm çykaran adama aýdylýar. Kazy ýurduň patyşasy tarapyndan bellenilýär. Şaýatlygy kabul edilip bilinjek adam kazy bolup biler. Ahlaksyzlyk ýoluna giden kazynyň hökümi kabul ederliksiz bolar. +

[b]Dogry jogap: 4 sany
6 sany jogap anyk däl, doly jogap berilmändir.



Görşüňiz ýaly iki toparam deňme-deň bolupdyr. Bu ýagdaýda biz siz bilen täzeden ýaryş geçirmeli bolýas. Bolmasa-da…???

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 25-07-2022, 12:39

  • Telwas Telwas off № 1 25 июля 2022 12:44
    A topar:
    1. Haýsy hanyñ kellesi bir ýerde göwresi bir ýerde jaýlandy.
    Jogaby: Mädemin hanyñ..
    2. Gowşut hanyñ gubury haýsy öwülýäde.
    Jogaby: Hoja Abdylla gonamçylygynda.
    3. Dutaryñ türkmen perdesi sekizinji perde.(dogry dämi şu @Dark Wolf)
    4. Dört õrüm saçly aýdymyñ sözlerini Täşli Gurbanow ýazypdyr.
    5. Wandamy haýrana goýan ýyldyzyñ telohraniteli Lebaply Kononenko (birhili õzä oñ özi ýyldyz) astronawt. Pegas jogap beripdir soň Alik Gulhanow.
    6.Jeki Şroff diýip jogap berdi @Pegas.
    7. Mesopatamiýa Şumero Akkid diýlip jogap berildi ýene bir warýant ganatly ýolbars, Isgender Zulkarneýn.
    8-nji soraga Andreý Platonow Sçastliwaýa Moskwa diýildi.
    9-njy sorag nobel baýragy hakda gitsede entek kim-kimlerdigini sanap bilmedi ýaryşa gatnaşyjylar.
    10-njy sorag hakda pikirimiz ÿok geñ sorag eken. Jogabyny bilsek ýatda saklarys nesip bolsa.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 25 июля 2022 12:45
    B topar

    1. 5 sany tegelek halkanyň şekili bilen.
    2. 1799 njy yylda Daniyaly Frans Nahtegal ilkinji hususy sport kluby esaslandyryar
    Şeffild futbol topary, lakamam "klub" 1857
    3. Кушка - Guşgy
    4. 4100
    5. Kitaphana taslama edilende kitaplaryň agramy göz öňüne tutulmadyk, şonuň üçinem her ýyl 1dýum aşak çökýär. Ähli kitaplary.
    6. Mergi (Çuma)
    7. Ýeňini tikseň don bolar.
    8. Saýgyç, ýüň darak.
    9. Oylenmesi haram - ejesi, enesi, mamasy, ayal jigileri, ayal doganlary, kakasynyn ayal jigi-doganlary, gyzy, gyzynyn we oglunyn gyzlary, ejesinin ayal jigi-doganlary (şuň anyk jogabyny aljak bolsaňyz "Muhteserden" iki sahypa kopiýalap ýapyşdyryp bilýän)
    10. Şeýh - araplarda urugyň, tiräniň baştutany.

    MÜFTI at, kön.s. Ýokary musulman ruhanylarynyň dini taglymatlaryny, şerigat kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil.

    KAZY at.1. Kazyýete gelýän işleri onuň mejlislerinde garamak arkaly çözýän wezipeli adam. 2. taryh. Şerigata esaslanyp, dawa çözýän adam.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 3 25 июля 2022 12:49
    Kim haýsy soragy bereninem paýlaşsana. Onam bileli.
    Jogap
  • .Resul. .Resul. off № 4 25 июля 2022 12:55
    B topar 9 nja dogry jogap beripdir.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 5 25 июля 2022 13:02
    .Resul.
    B topar 9 nja dogry jogap beripdir.


    Şol 9-njy sorag-a men beripdim. Jogap meňzeýänem bolsa, doly däl.
    Men adamyň bedeninde näçe organ bar diýsem, olaram diňe göz bilen gulak bar diýseler, beýlekileri aýtmsa kabul edip bolmaza?!

    (Oňa meňzeş biziňkide-de bolupdyr ana. Täçli Gurbany bildik, ýöne dowamyny bilmedik. Ýa-da türkmen perdesiniň sanyny bildik, sebäbini bilmedik. Şolaram kabul edilmändir).
    Jogap
  • Soho Soho off № 6 25 июля 2022 13:04
    "Balamorgab" shuny bir yerde okan yaly bolup duryn diydimem welin, tochna bilmesen kyn-da...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 25 июля 2022 13:11
    Rigel
    Salam. Nirvana hanym gowymysynyz? Hybatia oksimiron agzamy? Su hubatia agza gaty gyzklandyryat meni?

    Salam. Gowy, özüň niçik?
    Ýok, ikisi bir adam däl.
    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 8 25 июля 2022 13:54
    Shunun yaly denlik bolsa kyynda
    Jogap
  • danger danger off № 9 25 июля 2022 13:57
    ,,Wandamy hayrana goyan'' şu yerini duşindirsene name hayrana goyduka
    Jogap
  • ??????? ??????? off № 10 25 июля 2022 14:04
    Wandamy hayrana goyan, yyldyzlaryn telohraniteli Lebaply ...?

    Lebaply Alik (Allaberdi) Gulhanow +

    Şu sorag meni gaty üns çekdi, Wandam onuň nämesine haýranka we Alik (Allaberdi Gulhanow) kim bolya?
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 11 25 июля 2022 14:06
    Otbaş kesel, çuma bolýa, ýara çykyp, ýokuşýan kesel, bizde otlama diýilýär.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 12 25 июля 2022 14:09
    Remezan
    Otbaş kesel, çuma bolýa, ýara çykyp, ýokuşýan kesel, bizde otlama diýilýär.

    Umuman agam weterinar, özüm ýaşlygymdan çopançylykdan bilýän, şoň üçin dogrylygyny bilýän
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 25 июля 2022 14:22
    Dark_Wolf
    Kim haýsy soragy bereninem paýlaşsana. Onam bileli.


    Her soragyň yzyndan ýazdym.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 25 июля 2022 14:23
    Remezan
    Otbaş kesel, çuma bolýa, ýara çykyp, ýokuşýan kesel, bizde otlama diýilýär.

    Şu gün Baýker agany ýörite çagyryp soradym, ikisi bir kesel däl eken :)
    Jogap
  • Granger Granger off № 15 25 июля 2022 14:24
    Salam. Emin agzalar näme diýse, bize şol bolýa.
    Galyberse-de, beýleki toparda bir adam kemdi bizden. Tehniki sebäplere görä bolsa-da...
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 16 25 июля 2022 14:27
    Remezan.Biz Garasan diyyas.Malyn endamy pakgaryp çişip gidyar.Ozünin her 6 aydan urulyan waksinasam bolmaly.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 17 25 июля 2022 14:31
    Granger.Soraglar onçakly kyn dälä.Men bir özümem 65-70 % jogap berip bilerdim.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 25 июля 2022 14:31
    Ýok bir zat däl otbaş keseli degen malyñ endamyna örgün örýä we gany lagtalanyp doñanok. Çuma keseli bn kesellän mallar howply bolsada bejerip bolýar sygyrlara degýä köplenç ol kesel degende malyñ agzyndan sülekeý akyp işdäsi bolanok sanjymy gowja geçse halas bolýa. Otbaş keseline garşy ýylda bir gezek güýz gyrkymdan soñ waksina urulýar döwlet tarapyndan mallara.

    Baýker
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 25 июля 2022 14:34
    Ýaryşy täzeden geçirmelimi ýa bir kyn sorag berip haýsy toparaky agza ilki jogap berse, şol topary ýeňiji saýlamalymy?

    Sizem pikiriňizi aýdaýyň.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 20 25 июля 2022 14:35
    Meň iki soragymam dogry jogaplapdyrlaraý. (Kellesine urup duran smilik) Şu ýerde-de norm sorag berip bilmeýänimiň aýby açylypdyr. :D
    Jogap
  • danger danger off № 21 25 июля 2022 14:43
    Hemmesini yeniji etmeli hemesinede bayrak bermeli. Yenijiñ yeniş paýy aýdym ýañlanýa
    Jogap
  • Soho Soho off № 22 25 июля 2022 14:58
    menem anyk jogaply sorag diyseler... ay borda, @Nirvana 5sany kyn sorag ber, yenijini sheydip saylayyn
    Jogap
  • ResulT ResulT off № 23 25 июля 2022 15:09
    Hiayress
    Meň iki soragymam dogry jogaplapdyrlaraý. (Kellesine urup duran smilik) Şu ýerde-de norm sorag berip bilmeýänimiň aýby açylypdyr. :D

    dalimisen
    Jogap
  • Hypatia2 Hypatia2 off № 24 25 июля 2022 15:15
    Nirvana
    Ýaryşy täzeden geçirmelimi ýa bir kyn sorag berip haýsy toparaky agza ilki jogap berse, şol topary ýeňiji saýlamalymy?

    Sizem pikiriňizi aýdaýyň.

    Ikinji aýdanyňyz makul,meniňçe.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 25 25 июля 2022 15:31
    Nirvana
    kyn

    Oňa agsyl diýilýä, ýagny ýazwa sibiriski ýazwa bolaýmasa
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 26 25 июля 2022 15:35
    Nirvana
    Ýaryşy täzeden geçirmelimi ýa bir kyn sorag berip haýsy toparaky agza ilki jogap berse, şol topary ýeňiji saýlamalymy?

    Sizem pikiriňizi aýdaýyň.

    Iki topardan bir agzany saýlaň we şony öz aralarynda saýlasynlarda şoňa kaýyl bolsun, bolmasa pikir alyşybam bolanok, men öz toparymdan Hiayress ses berýän
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 25 июля 2022 15:59
    Remezan
    Nirvana
    Ýaryşy täzeden geçirmelimi ýa bir kyn sorag berip haýsy toparaky agza ilki jogap berse, şol topary ýeňiji saýlamalymy?

    Sizem pikiriňizi aýdaýyň.

    Iki topardan bir agzany saýlaň we şony öz aralarynda saýlasynlarda şoňa kaýyl bolsun, bolmasa pikir alyşybam bolanok, men öz toparymdan Hiayress ses berýän



    Gatnaşanlar razy bolsa, meň üçin hiç hili problema ýok. Şeýtsegem bolar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 25 июля 2022 16:04
    Soho
    menem anyk jogaply sorag diyseler... ay borda, @Nirvana 5sany kyn sorag ber, yenijini sheydip saylayyn

    Tapawudy ýok.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 25 июля 2022 16:05
    Remezan akgaň “burun maňkaly” soragy bilinmändir. Şol soraga ýönekeý we nemeräk diýip durdyk :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 25 июля 2022 16:07
    “Ýeňini tikseň ýeňersiň…”
    Şeýle ýazan bolsa bilinerdi. Sebäbi ýan sözüni bilipdirler. Gumly gelneje gowy pikirlenipsiňiz :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler