BU BIZIŇ MEKDEBIMIZ


Aslynda meniň-ä multfilmden gowy zadyň barlygyna ynanmaýan döwrümiň üýtgemegine mekdebe gitmegim sebäp boldy. Meňem okuwçy boldum diýip begenip baran mekdebim iki-üç günden soň: irden ukyňdan alyp galýan, dört sagatlap oýnap bolmaýan, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeseň ejeň-kakaň urmadyk şarpygyny urýan ýere öwrüldi. Soň-soňlaram men düşünmän geçdim: näme üçin mugallym dört bilen dördi goşup dokuz çykarýan okuwçyny halamaýarka? Hemmeler diňe bäşlik alsa onda kim yzky partada oturyp sag-aman sapak gutaryp jaň kakylmagyny dileg etsin?
Başda hatymyň owadan bolmagy sebäpli, azajyk dil ugrundan gowy okabam başladym. Arman dil edebiýaty sapagy bilenem uzak oňuşmadym. Aýyrgyçlara ýetenimizde, mugallym meni hem gowşaklygym sebäpli, gowy hasaplaýan okuwçylarynyň arasyndan aýyrdy.
Kitaby, kitap okamagy gowy görýän kakamyňam meniň ýazyjy bolmagymy isleýän umydyny hem, alyp beren döwli kitabynyň sahypasyndan samalýot ýasap uçuran günüm puç etdim.
13

Ine, taryh dersini welin, hemme zatdan gowy görýän. Hiç zat goşmaly däl, ýazmaly däl diňe gürrüň beribermeli. Mugallymyň ünsli diňlemeýän pursadynda taryha özüňçe düzediş girizseňem bolýar. Barybir, taryhyň içinden Spartak ýa-da Gannibal çykyp «Biz-ä beýle zatlary etmändik» diýjek gümanlary ýok. Geldi mugallymam «Taryhyň atasy Gerodotdyr» diýen bolup, geçmiş- taryhyda ata-babaly ediberýärdi. Bir gezek dagy sentýabrda täze okuw ýylyna baranymyzda, senenama kalendar barada täsin zat gürrüň berdi.
— Awgust aýy öň 30 gün ekeni, ýöne rim şasy Awgust öz ady dakylan aýyň daýysy Sezaryň ady dakylan iýulyndan bir gün kemligi sebäpli, sentýabrdan awgusta bir gün geçiripdir. Şondan bärem awgust aýy 31 gün...
Bäh, şonda bir begenip, bir gynandym. Gör, ol patyşa sebäpli biziň tomus rugsadymyz bir gün köpelipdir. Wah, aljakmy, alda bir gün däl-de, on gün, näme biri käýäp durmy diýsene?!.
Özümiň-ä halamaýanym hasapdy. Mugallymyň «Matematika ylymlaryň şasydyr» diýmegine garamazdan, hiç şol «ylymyň şasy» bilen jynym jyňkyryşman geçdi. Alta sekizi köpeltsem, iliň tersine hökman meniň jogabym elli çykýar ýa-da kyrk dört. Beýlekiler bolsa ýüzi nola köpeldibem jemi nola deňlän bolup otyrlar. Meniň-ä gündeligimde-de hasapdan iň ýokary baham dörtlük. Olam käwagt ýetdirýän bagtdy.
Sag-aman jaň kakylyp, hasapdan-a sypdym diýip begenersiň welin, öňüňde «dowzahyň gapysam şeýle gorkunç däldir» diýdirýän fizika otagynyň gapysy abanyp durandyr. Enemiň «Sag aýagyň bilen gapydan girseň, işiň şowly bolýar» diýenini ýatlap, ilki-ilkiler fizika otagyna sag aýagym bilen girýädim. Iki-üç gezekden soň-a, sapak bilmeýän okuwça, fizika otagyna emedekläp girse-de şowlulygyň ýokdugyny bildim.
Jaň kakylar welin, geler ine, Anna mugallym «fizika algebraň doganydyr, bärde-de matematika badyr, hasap badyr» diýip. Özem şeýle bir talapkär, gaharjaň. Içiňden geçip gelýän gözlerem birki gije ýatman basyrganyp geçer ýaly etjek. Erbet ýerem sapagy bilýänden
14

soramaz. «Işiň aňsadyny ýalta tapar» diýlişi ýaly, okuwçyň gowşagynam Anna mugallym tapardy. Gözleýänem men ýaly «Maňa degjekden Hudaý saklasyn» diýip, dileg edip oturanlardyr.
Bir gezek sapakda öňündäki tejribe stola öz aýdyşy ýaly «elektirik geçirjili zynjyr» diýişdirip birtopar zat çykardy, iş edibem düzdi. Menem dürli-dümen satylýan bazardaky enjamlar ýaly eken-aý diýip, boýnumy süýndürip, geň galyp otyryn.
Öz aýdyşy ýaly «zynjyry» düzüşdirip bolan mugallym:
— Kim zynjyrda elektrik togunyň üýtgeşini görkezjek?! — diýdi. Yzda oturan ýerimden, elini galdyrar diýip çaklaýanjalarym «Men görkezjek mollum-da, men mollum!» bolşup, el galdyryp, gygyryp başladylar.
Mugallym welin, olara barmysyňyzam diýenokdy. Derrew aňdym, diýmek, bilmeýänlerden sorajak bolýar. Şol pursat gysgajyk bolsa-da ýaşanja ömrümde iň uly ýalňyşyma sebäp bolan bir pikir kelläme geldi duruberdi. Menem bilýänden bolup elimi galdyraýyn-da, sapaga jogap bermekden sypaýyn diýdim. Soňam özüm aşagyrak eglip, hamana, dünýäň bar agramy asylan ýaly galmasy kyn bolan elimi ýuwaşlyk bilen galdyrdym. Wah, şo gezek «Meni Hudaý tutdy» diýleni boldy. Öň etmedik töwekgelligiňi edip näme etjek, oturda gömül-de, toguň üýtgeýşini görkezip senden Amper boljakmy diýsene.
Anna mugallymyň:
— Altyýew el galdyrýa weli, ýa gözüme görünýämikä?.. Gel hany, gel Altyýew... — diýmesi, hamana biri gulagyma «gündeligiňde ýene bir ikilige ýer bardyr-a» diýip, pyşdyrdan ýaly bolup eşidildi.
Yzky partadan tejribe stola barýançam, iki gezek derläp, üç gezek sowadym öýdýän. Gaýtarmyş atadan başlap, gyssanjyma goýnuň piri Musa pygambere çenli kömege çagyrdym.
— Tüweleme Altyýew, gel hany... Sen bar-a, şu çynyňy etseň biljek okuwçy weli, özüň ýöne ýygralyk edýäň-dä.
«Ýygralyk näme işlesin diýsene mollum, men mekirlik etjek boldum. Wah, näbileýin şunça okuwçynyň içinden saýlap meni görjegiňi».
15

— Altyýew, hany toguň güýjüni nädip üýtgetmelidigini görkez...
«Wah, tejribe görkezip bilýän bolsam, men bu wagta çenli Galileý bolaýmajakmy». Durun agaç ýuwudan ýaly bolup. Mugallym özümden bilib-ä bir zatlar etmejegimi aňdy öýdýän:
— Altyýew, hany ilki togy bir birikdir-ä — diýdi.
Men gorka-gorka iki sany simi rozetka birikdirdim. Bagtyma minus-plýusy dogry gelipdir. Ullakanja çyrajyk dym-gyzyl bolup ýandy.
— Berekella, hany indi rezostat bilen tok güýjüni peselit.
«Rezostat diýeni şudurda Alla jan!» diýip, süýnmek zadyň çykyp duran nurbatjygyny süýşürip goýberdim. Bir-a «gümp» bolanyny, birem gulagymyň düýbüne «şarp» bolanyny bilýän. Peseltmän, gaýta güýçlendiren bolsam nätjek. Okuwa gelip eşitmedik käýinjim bilen, mekdep taryhynda adam ogluna goýlan däldir diýdirýän semiz, ullakan ikilik alyp, geçdim ýerime. Içimdenem ýetişibildigimden hüňürdeýän, ýene özümde günä goýamokda. «Fizikler eýle, fizikler beýle diýip öwenem bolýalar. Sähel zady ýalňyşsaň «gümp» boljak bolsa ondanam bir sapak bolarmy. Aslynda fizika diýilýän idili ylym bolsa, alymlary kellesine alma gaçsa dartyş güýjümi, nämemi, şony açdym diýip öwünip ýörmezdiler. Düşünjeli adam kelläňe alma gaçsa ilki bilen bagyň miwesiniň ýetişendigini aňmazmy».
Şeýdip, menem mekdebimizde «Fizika otagynda lampa ýaran okuwçy» ady bilen uludan-kiçä belli adam boldum. «Saman otla, at gazan» boldy meňkem.
Dogrusy bir zada anyk göz ýetirdim. Hiç haçan bilmeýän zadyňy bilýänden bolmaly däl ekeni. Şol pursat bolsun ýa-da soň bolsun barybir ýalanyň aýan bolýandygyna akyl ýetirmelidigine düşündim. Ilki basjak ýoluňa seretmeli ekeni. Hawa...


Allanur ÇARYÝEW “Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi”

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 27-02-2023, 20:19

  • Venus23 Venus23 off № 31 28 февраля 2023 10:43
    Men ööňräk okapdym. Üýtgeşik täsir-ä etmedi.

    Ýöne goşgulara söz ýokdur, olar gowy.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 32 28 февраля 2023 10:47
    ýüreksözi,
    Salam. Bar)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 33 28 февраля 2023 10:53
    Granger,
    Meňzeş diýjek bolýaňyzmy? (Bellik: Men ikisinem tanamok)
    Jogap
  • ýüreksözi ýüreksözi off № 34 28 февраля 2023 12:08
    Venus23,
    Bar bolsa men poctama oklap berayin eger kyn gormeseniz aynaamangeldiyewa38@gmail.com
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 35 28 февраля 2023 13:02
    ýüreksözi,
    Okladym.
    Jogap
  • Venus23 Venus23 off № 37 28 февраля 2023 14:13
    ýüreksözi,
    Aha, baş üstüne!
    Jogap
  • Granger Granger off № 38 28 февраля 2023 17:20
    Khanture
    Granger,
    Meňzeş diýjek bolýaňyzmy? (Bellik: Men ikisinem tanamok)

    Bilmedim. Menem tanamok ikisinem. Okabam görmedim. Ady meňzeş. Ilki gören wagtym şoň terjimesidir öýdüpdim.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 39 28 февраля 2023 17:33
    Granger,
    Hymm
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler