Allanuryň (Çaryýew) ýakyn dostlarynyň biri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew bilen Allanur hakda eden gürrüňimizde hem şu soragyň jogabyny belli etmän goýupdyk. Has dogrusy, Begenç özüniň hem ýazyjylyk dünýäsinde ýaşaýandygy üçin dostunyň ýazyjy bolmagyna has ýykgyn edýändigini syzdyrdy. Ýöne men welin...
Men Allanuryň goşga nähili inçelik, nähili hamraklyk bilen çemeleşýändigine belet. Şonuň üçin Begenjiň ýanynda dilim hernäçe: «Ahmal, ahmal. Allanurda ýazyjy bolmak üçin iň esasy zat — dil-ä bar» — diýen hem bolsa, ýüregim: «Allanuryň ýüregi näme? Onuň şahyr ýüregi bar ahyry!» diýip durmasy, halys başymy çaşyrdy. Begenç dostuny ýazyjy hasaplaýandygyny aýdyp, meniň bilen sagbollaşanda ysgynsyz başymy atyp, ylalaşykly hoşlaşanam bolsam, ol lifte münüp, aşak düşen badyma bar güýjüm bilen başymy ýaýkadym: «Ýok, Begenç! Allanur — şahyr!...»
Poeziýa bilen meşgullanýan ýaşlaryň internet torlarynda ýa-da ýolda-yzda gabatlaşan mahallary täze goşgy soraýanlary bolýar. Eger bar bolsa, «Ine, paýlaşaryn» diýip, ýok hem bolsa «Nesip bolsa, ýazsam okadaryn» diýip sypyp bolýan hem bolsa, Allanur bilen beýle däl. Nämüçindir Allanur täze goşgy sorasa, edil karzy bolup, şony bermeýän adamyň duýgusy ýaly utanç gatyşykly galagop duýgyny başymdan geçirýärin. Onuň sypaýçylyk üçin däl-de, hakykatdanam, goşgy küýsäp soraýandygyny duýup durkam: «Wah, täze goşgym ýok-da...» diýmek, öz öňümde özümi utandyrýar. Poeziýa hem bu dartgynly ahwaly az görýän ýaly, meniň öňki ýazan goşgularymyň baryny «goltugyna gysýar-da», meni ýalňyz goýup, Allanuryň arkasyna geçýär. Şeýdibem, şol ýerde poeziýanyň hakyky hossarynyň kimdigi ýüze çykýar: «Ertir ýazaryn, birigün ýazaryn...» diýip ýören biagyr menmi ýa her goşgyňa bisabyrlyk bilen garaşyp ýören Allanurmy?
Allanuryň «Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligini» ýazmagy köplerde onuň ýazyjydygyna ynam döretdi. Hatda menem şol eseri okan halatym içimden «Bu dil bilen basym ökde ýazyjylyga ýetişseň gerek» diýipdim. Emma soňra Allanury has ýakyndan tanap, onuň poeziýa bolan söýgüsiniň näderejede çirksizdigine göz ýetirdigimçe, bu çaklamam terzini üýtgetdi. Men Allanuryň şahyrdygyna, özem özüniň şahyrdygyny aňmaýan şahyrdygyna düşündim.
Käwagtlar pikir edýän, bir gezek hem şygyr ýazman dünýeden öten şahyrlar gör näçedir?! Ýa-da häzir şolaryň gör näçesi ýaşap ýörendir?! Olaryň özlerini şahyr diýip atlandyrmaga, şeýledir diýip pikir etdirmäge-de bogun ysdyrmaýan güýç — onuň alyhezretleri Poeziýa bolan beýik hormat! Olar gör näçe sapar şol beýik hormatyň hatyrasyna öz göwün sandykalaryny açman, açsalaram onuň içindäki dürdänelerini Poeziýanyň boýnuna dakmaga mynasyp görmän yzyna salandyrlar?!.. Onsoňam, bu ahwalaty göz öňüne getirmek üçin üýtgeşik fantaziýa hem gerek däl. Şahyr dälleriň şygyr ýazmaga döwtalap wagtynda, şahyrlaryň şygyr ýazmaga ýaýdanýandyklary tebigy ýagdaý. Meniň Allanur täze goşgy soranda eýesiniň öz zadyny soraýşy ýaly oda-köze düşmegimem şondan nyşan.
Men Hojaberdi aga jaň edip: «Allanur Çaryýewe syn ýazyp ber, özem Allanuryň özi seniň ýazmagyňy isleýär» diýen wagtynda, dogrusy, begenjime boýum ösen ýaly boldy. Içimden: «Ahyry Allanuryň kimdigi hakyndaky soragy okyjylaryň öňünde-de keserdip goýjak wagtym boljak ekeni!» diýip pikir etdim. Ine-de şol arzyly pursat! Siziň öňüňizde Allanuryň diliniň güýji bilen ýazan proza eseri hemem ýüreginiň güýji bilen ýazan şygyrlary dur. Okap görüň, Allanur ýazyjymyka ýa-da şahyr?!
Aýgül GARAÝEWA
«Allanur ýazyjymy ýa şahyr?!»
Bilim,
Telwas
tarapyndan
27-02-2023, 19:57