Häzir geçirjek gürrüñdeşligim durmuş gurmadyklara degişli.
Bu gürrüñdeşligi talyp döwrümiz kursdaş gyzlarymyz bilen geçiripdik.Başynam men başlapdym:"Hany onda geliñ,kriteriýalarymyzy sanalyñ"
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk.Meselem:Boýy uzyn bolsun ýa deñeçerräk bolsun,akýagyz bolsun ýa bugdaýreñk bolsun,ýaşaýan ýeri golaý bolsun ýa golaý bolmasa-da bolar,ýokary bilimli bolsun ýa-da daýhanam bolsa bolar.Ýaşy uly bolsun ýa-da deñ bolsun,häsiýeti alçak bolsun ýa agras bolsun,baý bolsun ýa-da aralyk bolsa-da parhy ýok we ş.m.
Agzalar,siziñ bilenem şu gürrüñdeşligi geçiresim gelýär.Durmuşa çykmadyk gyzlar hyýalyndaky şazadasynda bolmaly aýratynlyklary sanamaly,ýigitler bolsa geljekki gelinliginde bolmaly aýratynlyklary sanamaly.Elbetde,men düşünýärin,bir gün biri garşyña çykar ähli kriteriýalaryñy bir sözi ýa bir bakyşy bilen zyñyp taşlar.Ýöne bärde niýetimiz şeýle kişini agtarmak däl-de hyýal etmek başarnyklarymyzy ösdürmek we sorag-jogap alşyp gyzyklyja wagt geçirmek.
Hany onda başladyk.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 20-04-2022, 20:59

  • DonMaxx DonMaxx off № 91 21 апреля 2022 01:47
    men hakda yazylypdyr kop teswir cilimkesh
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 92 21 апреля 2022 04:07
    Keaip_begcon,
    Düşünmänsiñiz öýdýän.Bu gepi oglanlar çykarýar diýýän.Ýagny erkek jynsy çykarýar.
    Şol jyns erbet jyns diýenim bolsa degişme.
    Elbetde jyns bilen bagly.Ol gepi gyzlar ýaýradanok.
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 93 21 апреля 2022 08:35
    Menem aýdan bolup geçeýin şu ýerde ;)
    1.Musulman bolsun.
    2.Alçak hem mähirli.
    3.Gaşyna degmeýän (ütmeýän).
    4.Tagamda eli süýji.
    5.Bilim taýdan orta bilimi gowy bilsin. (şonda-da özüm kärli ederin(terbiýeçi)).
    6.Saçy Goňur ýa gara, tapawudy ýok.
    7.Boýy menden pesiräk.
    8.Düşünjesi meňki bilen deň gelmegi (esasy zat).
    9.Diýenimden çykmaýan, öz teklibinem orta atýan.
    10.Azda kände owadan.
    11.Çaga terbiýelemegi halaýan.
    12.Romantikany halaýan.
    13.Ähli ünsi men we çagalam bolsa.
    14.Ejeme Kakama ýaýdanman, mähir bilen hyzmat etse...


    Ýazsaň ýazybermeli, ýöne şular ýerbe ýer bolsa, ok ;)

    #işdäňemýokekenäýAhally
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 94 21 апреля 2022 09:20
    Mümkin,
    Onda siz barada pikirlenen bary oňat pikirlerimi ýere çaldyňyz, muny akyly ýerinde adam ret eder mydama. Siz gyz maşgalalaryň aralarynda nähili gep etýändiklerini, nähili gepleriň kimleriň arasynda ýaýrap "panika" döreýändigini bileňzok öýtýän. Bir oglan barada "biçmek" diýip gep ýaýradanlaryny we ýene-de nämeler bilýärin. Onsaň bu ýerde hemme gyzy şeýle hasaplamak dogrumyka ? Siziň aýtýan zadyňyz hemme oglanda bolan bir häsýetmi ? Elbetde däl, öz söýgüsini gursagynda saklap, namysy bilen gezip ýören köp ýigit tanaýaryn. Edil şeýle-de köp gyz tanaýaryn. Aglabasy diýip bilersiňiz diňe. Siziň bu gepiňiz gaty jynsyýetçi gürrüň, we her zady jynsyýete baglamak jynsyýetçileriň häsýeti. Bagyşlaň beýle öte gitmäň!.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 95 21 апреля 2022 09:42
    Hakykaty aýtmagym meniñ akylsyzdygymy añladmaýar.Gyz bilen oglanyñ halaşýar gürrüñini oglan ýaýradýar.
    Türklerde bir söz bardyr:"Istisnalar kaydeyi bozmaz".
    Siziñ diýşiñiz ýaly oglanlar bardyr,ýöne,olar "istisnadyr" ,men bolsa "kaydäni" göz öñünde tutup gepledim.
    Ýene bir mysal:Diýeli bir oglan bir gyza öýlenjek bolýarmyş,şol gyzyñ geçmişi haka kimden soraýandyr öýdýärsiñiz? Şol gyzyñ obadaş oglanlaryndan.Şol oglanlaryñ pikri hakykat diýlip kabul edilýär.
    Gybatyñ başga görnüşlerinde aýallar "aktiw" hereket edýän bolup biler,ýöne,edil şu söýgi-duýgy gürrüñlerinde erkekler "aktiw".
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 96 21 апреля 2022 09:53
    Mümkin,
    Hakykat diýilen zat el bilen tutulyp göz bilen görüljek derejede bar bolan, barlygy hiç şübhe astynda bolmaýandyr. Ýazan teswirimdr aýdypdym, diňe "aglabasy" diýip bilersiňiz. Sebäbi bu ýerde bir anyklyk ýok we hemme kişi beýle däl. Men size akylsyz diýmedim. Eýýäm bu ýerde özüňize bir zat diýen ýaly kabul edipsiňiz.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 97 21 апреля 2022 09:55
    Mümkin,
    "Şol gyzyñ obadaş oglanlaryndan.Şol oglanlaryñ pikri hakykat diýlip kabul edilýär."

    Bu erbet zat däl, gyzam soraýar, oglanam soraýar. Bu ýerde jynsyýet bilen baglanyşdyryljak ýekeje-de zat ýok. Soramaklary bu ýerde hemme oglanyňam beýledigini aňlatmaýar.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 98 21 апреля 2022 09:56
    Mümkin,
    Söýgi-duýgy gürrüňleri etmek, ony her-hili edip gürlemegem jynsyýet bilen baglanyşdyryljak zat däl. Hatda akylly gyz we ýigitler şolardan köpdir ýöne sesini çykarmaýarlar, köpçülige görä kelle sallaýarlar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 99 21 апреля 2022 10:03
    Mümkin,
    "Ýene bir mysal:Diýeli bir oglan bir gyza öýlenjek bolýarmyş,şol gyzyñ geçmişi haka kimden soraýandyr öýdýärsiñiz? Şol gyzyñ obadaş oglanlaryndan.Şol oglanlaryñ pikri hakykat diýlip kabul edilýär."

    Diýeli oglanyň gözi bolup gözli kör bolmaýanyna oglan günäkär däl, ýa-da gyzyň eleň-çalaň bolup il içinde ady belli bolmagyna oglan günäkär däl. Oglanyň oglandan soramagy gyza garanda obýektiw garaýyşly bolup, şahsy kinesini gatman (aýtsa) açyk-aýdyň jogap berip bilýändendir.
    Jogap
  • neme neme off № 100 21 апреля 2022 11:42
    Mümkin,
    Toba,toba.Dur,ýakama tüýküreýin.Şu mowzugyñ açylmagyna garaşdyñmy? :)

    Özüňä kriteriýa ýaz diýýäň ýazanada beý diýip otyrsynmy. Degişýän diýen borsuň. Degişme bilen ýaňsyny tapawutlandyryp bilmeýän çaga bärdekiler diýip betsiräp basyp otyrsyn oýdýan :D
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 101 21 апреля 2022 12:29
    Hiayress,
    Oglanyñ oglandan soramagynyñ sebäbi şol gyzyñ öñ biri bilen halaşyp halaşmandygyny oglanlaryñ gowy bilýänligidir.Keaip_begcon,
    Söýgi-duýgy gürrüñleri diýdigim ýokarda aýdanym "Pylan gyz pylan oglan bilen halaşýarmyş"gürrüñleri oglanlardan çykýar.
    Gyz elbetde soraýar,ýöne şol obañ gyzlaryndan soraýyn diýip ýöriteläp soranok.Oglanlar ýöriteläp şol obañ oglanlaryndan soraýarlar.neme,
    Siziñ muña neneñsi düşüneniñiz gyzyklandyranok.Oýun göterýän adama edilýär.Menem oýun göterýän,degişmä düşünýän adama aýtdym.Olam düşündi.Galany hiç.
    Jogap
  • alaja alaja off № 102 21 апреля 2022 13:12
    ýöne howwada. Oglan gürleşen gyzy hakda şol obañ oglanlaryndan soraýa. ol soran oglanam gyzyñ öñki gürleşeni bolasa dagy...
    "Aý, goýsanaý oñ bilen ozal men gürleşdim. Saña deñ däl ol..." diýen zatlary gursagyny gere gere aýtýarlar. Edil şolarýalak hem oglanlaryñ arasynda gyz hakda gürrüñ açylsa "ol gyzy plan etdim, soñky derejä çykardym. görer ýaly däl eken. Indi gyz däl.." diýip gaýşarlyp aýtýarlar. Ýöne şol gyzy soñky derejä eltýän adam hem oglanlarda. Sözleri bilen aldap buldap. soñam il içinde gowy tanalýan gyz hem erbet adyny alýar.
    Jogap
  • alaja alaja off № 103 21 апреля 2022 13:13
    gyzlañ arasynda oglanlar hakda gürrüñ açylsada näme bolupmyş? oglanyñ abraýy döküleýin diýip durmy? näçe gürrüñ edilsede ýene gowylygyna galýa. ýöne gyzyñ üstünden gürrüñ edilse derrew gara çalmak bilen bolýarlar..
    Jogap
  • alaja alaja off № 104 21 апреля 2022 13:15
    mowzuga gelsek. men oz kriterlerime laýyk adamy tapdym :) boyy menden uzyn, ýaşy hem uly. añly düşünjeli. pikirdeş, ýürekdeş..
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 105 21 апреля 2022 14:12
    Kopüsiniň teswirine seretseň ýeke geçjege meňzeýä :)) deň etmän duş etmez, göz etmän gaş etmez diýilýä.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 106 21 апреля 2022 14:54
    Mümkin,
    Oglandan çykýar diýip hemme oglany bir hasaplamak nähili düşünje ? Öz pikiriňizi hemme oglanyň ykbalyna deňejek bolup, hemme kişini göz öňüne almaň.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 107 21 апреля 2022 15:00
    alaja,
    Bu gürrüňe gelsek ikisinde-de deň derejede günä bar. "Ol gyzy plan etdim" gürrüňini gyz ýanyp duran biri bolsa diýip bilmez arkaýyn bol. Bu dilden dile dolaşylyp ýörlen gürrüňdä. Şuwagtky oglanlaryň aglabasy gyzlaryňky ýaly ynamsyzlyk çekýär we beýtmäne ýürekleri çatanok, akyljyklary ýetip durandyrla. Gyz ilki başda bir oglany saýlanda ýa-da doly gürleşjek bolanda, ýa-da oglan, 7 ölçäp 1 kesmeli başyndan. Onsaň oňa baryp, öz razylygyň bilen ençeme ýagdaýlar geçirip, soňam hemme oglanlary günäkärläp bilmersiňiz. Bu gaty ýürekbulanç düşünje. Oglana gelsek oglanyň asyl hem ondan soňra gyz bilen tirkeşmäne ýüregi ýeltenmeýär sebäbi gyzlar aňsat-aňsat ýüz bermeyärler.
    Bilyanm atly reperi tanaýan bolsaňyz, şol aýdymlarynda gyz meselesini ulanyp "etdim, ýene ederin" ýaly gürrüňleri etmegine garamazdan gaty köp gyz şony halaýar. Onsaň bu ýerde hemme gyzlara şeýle baha bermelimi biz ? Diýýän zadyňyz çolaşyp, ýene öz sözüňizi tapýar. Gaty manysyz zat sebäbi.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 108 21 апреля 2022 15:02
    alaja,
    Özem arkaýyn boluň gyzy aljak hökman tapylar, ady näçe ýere çalynanam bolsa, özi beýle däl bolsa hökman aljak tapylýar. Bu gürrüň hekaýalaşdyrylyp, ulaldylan çişirilen gürrüňleriň biridä.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 109 21 апреля 2022 15:03
    Bayker
    Kopüsiniň teswirine seretseň ýeke geçjege meňzeýä :)) deň etmän duş etmez, göz etmän gaş etmez diýilýä.

    Näçe gyzlara göwni ýetmän ýa-da oglanlara göwni ýetmän ýören kişileriňem nähili bolan gidendiklerini köp görýäris. Bu ýerde burny ýokardakylar mydama soňra düşünýärler.
    Jogap
  • alaja alaja off № 110 21 апреля 2022 15:11
    Keaip_begcon,
    Dogry diýdiñiz, iki tarapdada günä bar
    Jogap
  • alaja alaja off № 111 21 апреля 2022 15:12
    wah bu meseleleriñ goýuñsana doslar. Oraza aýynda gowja gürrüñler ediñdä. hany şuwagt somsa bolaýsa gyzgynjak. iýäýseñdä arbuz
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 112 21 апреля 2022 15:15
    Keaip_begcon,
    Aý,jan dogan jan,men aýtdym-a "istisnalary"göz öñünde tutamok diýip.
    alaja,
    Ýüregim bolduñ-da gyz, men şol zatlary agzamaýyn,özleri düşünýändir diýip oturdym
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 113 21 апреля 2022 15:21
    Mümkin,
    Men siziň doganyňyz däl, artykmaç gürrüň gerek däl men diňe "jynsyyete bagly" diýeniňizi göz öňüne aldym.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 114 21 апреля 2022 15:22
    Mümkin,
    Agzaberiň, gaýta gowy zat, elbetde köp olar ýaly oglanlar.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 115 21 апреля 2022 15:25
    Keaip_begcon,
    Siz birhili geñ ekeniñiz.Gepiñ gerdişine aýdylýan söze beý diýip jogap gaýtarmak nämä gerekdi?
    Howwa,erkekler şoñ ýaly.(ýene bir gezek aýdýan istisnalary goşamok)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 116 21 апреля 2022 15:29
    Mümkin,
    Ýola geň däl, meniň beýdip jogap gaýtarmagym geňdigimi aňladýan däldirle. Men öňki bir mowzukda gyzlaryň haklaryna degişli şunça zat ýazanymda-ha maňa beý diýmändiňiz.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 118 21 апреля 2022 15:30
    alaja,
    Beh, etme şo gürrüňleri :))
    Jogap
  • Myrat Myrat off № 119 21 апреля 2022 15:30
    Mumkin gowy birindena janyn yanypdyr
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 120 21 апреля 2022 15:34
    Myrat,
    Hudaýa şükür,janyny ýakdyrjak gyz däldirin.Keaip_begcon,
    Men-ä geñ hasap etdim.Men gyzlaryñ tarapyny çalyp gürleýän ýaly görünýändirin size,ýok,men diñe dogry hasap edýän pikrimiñ tarapyny çalýan.
    Türkçe bileñizokmy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler