Häzir geçirjek gürrüñdeşligim durmuş gurmadyklara degişli.
Bu gürrüñdeşligi talyp döwrümiz kursdaş gyzlarymyz bilen geçiripdik.Başynam men başlapdym:"Hany onda geliñ,kriteriýalarymyzy sanalyñ"
Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk.Meselem:Boýy uzyn bolsun ýa deñeçerräk bolsun,akýagyz bolsun ýa bugdaýreñk bolsun,ýaşaýan ýeri golaý bolsun ýa golaý bolmasa-da bolar,ýokary bilimli bolsun ýa-da daýhanam bolsa bolar.Ýaşy uly bolsun ýa-da deñ bolsun,häsiýeti alçak bolsun ýa agras bolsun,baý bolsun ýa-da aralyk bolsa-da parhy ýok we ş.m.
Agzalar,siziñ bilenem şu gürrüñdeşligi geçiresim gelýär.Durmuşa çykmadyk gyzlar hyýalyndaky şazadasynda bolmaly aýratynlyklary sanamaly,ýigitler bolsa geljekki gelinliginde bolmaly aýratynlyklary sanamaly.Elbetde,men düşünýärin,bir gün biri garşyña çykar ähli kriteriýalaryñy bir sözi ýa bir bakyşy bilen zyñyp taşlar.Ýöne bärde niýetimiz şeýle kişini agtarmak däl-de hyýal etmek başarnyklarymyzy ösdürmek we sorag-jogap alşyp gyzyklyja wagt geçirmek.
Hany onda başladyk.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mümkin tarapyndan 20-04-2022, 20:59

  • Mümkin Mümkin off № 1 20 апреля 2022 21:01
    Warsaky mowzuklarymam täzeden açýan.Göwnüm isleýär hemem saýt içgysgynç.
    Jogap
  • Seri Seri off № 2 20 апреля 2022 21:11
    Ak atly şazadañyz garaşýandyr.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 3 20 апреля 2022 21:13
    Seri,
    Kän gürleme-de kriteriýañy aýt :)
    Jogap
  • Seri Seri off № 4 20 апреля 2022 21:28
    Ýagny,kursdaş gyzlar bilen tegelenip oturardyk.Herimiz gezekli-gezegine öz durmuşa çykjak ýigdimizde bolmaly aýratynlyklary sanardyk
    Bir ýerde 2 den kän gyz jemlense gürrüñ oglan barada gitýär. #Fakt
    Jogap
  • Seri Seri off № 5 20 апреля 2022 21:31
    Mümkin,
    Pikirlenibem görmändirn. Ýöne okamak gyzykly meniñ üçin)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 6 20 апреля 2022 21:31
    Seri,
    Aý,dogan ýa-ha kriteriýañy aýt ýa-da aýtjaklara ýol ber :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 7 20 апреля 2022 21:33
    Seri,
    Iki gyz jemlense-de gürrüñ oglan barada gidip biler ýa-da iki oglan jemlense-de gürrüñ gyz barada gidip biler.
    Ýagny,garşy jyns hakynda agzalmaýan söhbetdeşlik seýrekdir.
    Jogap
  • Seri Seri off № 8 20 апреля 2022 21:33
    Mümkin,
    Herkim biriniñ başlaryna garaşyp dur oýtyan.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 9 20 апреля 2022 21:34
    Seri,
    Ine şu gün meñ arkamdan pikirlenip bilersiñ.Gadrymy bil.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 20 апреля 2022 21:34
    Şu tema barada bizem gürrüň edýärdik klasdaş gyzlarymyz bilen. Ýekejesem diýýän kriteriýalaryna eýe bolan oglana barmadylar. 5 ýyllykdan soň çykjak diýýänlerem hyýallaryndaka garaşman ir bilen çykdylar.

    Men häsiýet we daş keşbi barada kriteriýa bellämokdym. Bellesemem aýdamokdym. Emma ýaşaýyş durmyşy we maşgalasyndaky orny barada kriteriýalarym bar. Olaram aýtjak däl. :))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 11 20 апреля 2022 21:35
    Nirvana,
    Aýtsañ begenip öläýmäýin :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 20 апреля 2022 21:37
    Mümkin,
    Şony göz öňünde tutup aýtjak däl diýdim-dä. :))
    Ladybug-yň ýüwürjisinden näme habar?
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 13 20 апреля 2022 21:38
    Mümkin,
    sen aydyp bersen oz kriteriyalarny
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 14 20 апреля 2022 21:41
    Nirvana,
    Men öñ aýtdym-a jorama hödürlenen oglan bilen işim bolmaz diýip :)
    (a gyz, çyna berimsiz edip soradyñ welin çyndyr öýdeñok dälmi?)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 15 20 апреля 2022 21:42
    Mümkin,
    Öýdýän. :)
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 17 20 апреля 2022 21:44
    75 okalypdyr 14 teswir bar ýekejede kriteriýa ýazan ýok. Utanýaňyzmy utanyp geçenler:))
    Ýazybermeli bolarda azap edip blog açylypdyr.)))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 18 20 апреля 2022 21:44
    ????_????,
    1.Duýguçyl
    2.Romantik
    3.Kitaphon
    4.Özüne çekiji
    5.Ýaşaýan ýeri maña golaý
    6.Ýaşy maña golaý
    7.Ýaramaz endikleri bolmadyk
    8.Aýlygy menden kän bolan
    9.Ulagly ýa-da geljekde ulag edinmek ähtimallygy bolan
    10.Elbetde iñ möhümi BIZDE ÝAŞAMAGA RAZY BOLJAK ýigit gözlenilýär :)
    Jogap
  • Seri Seri off № 19 20 апреля 2022 21:46
    Mümkin,
    Oglanlarda edil siziñki ýaly ýagdaý gabat gelenok näme diýseñem. Meñ taze açan faktym 70% golaýlaýar))
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 20 20 апреля 2022 21:46
    Bayker,
    Men gyz halyma ýazdym, ana.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 21 20 апреля 2022 21:47
    Mümkin,
    Şu sekizinji kriteriýa gümürtigräk bolupdyr. Şanslaryny synamana synanyşan oglanlara açyklamak zor bolar.))
    Jogap
  • neme neme off № 22 20 апреля 2022 21:48
    Meň aljak gyzymyň ýüzünde aýy bolsun,
    Şweýsarski bankda puly bolsun,
    Ýag iýip, gülýüpek geýýän bolsun,
    Maňa-da "jian seni söýýän" diýsin.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 23 20 апреля 2022 21:48
    Seri,
    Men-ä "Oglanlar gyzdan beter gepçimiş,özlerem her agşam ûýşüp obañ (ýaşaýan ýeriniñ) gyzlarynyñ gybatyny edýärmiş" diýip eşitdim. :)
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 24 20 апреля 2022 21:49
    Mümkin,
    Banner asjaga gozlenilyar diyip :))
    Jogap
  • My life My life off № 25 20 апреля 2022 21:50
    Sanasam gutarmaz oytyanda)))
    Jogap
  • My life My life off № 26 20 апреля 2022 21:51
    Mümkin,
    10-njy bildirishmi))
    Jogap
  • My life My life off № 27 20 апреля 2022 21:51
    Wii salam hemmanize.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 29 20 апреля 2022 21:53
    Hiayress,
    Hut şol kriteriýa sebäpli düýn-öññinlikde bir gudany goýbolsun etdik.Ejem entegem maña gaharly.Joramam "A gyz sen my ,özi gowy bolsa tapar-da gowy iş ahyry" diýýär.Menem şuwat "Ýalñyşdymmykam?"diýip oýlaýan.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 30 20 апреля 2022 21:54
    *sam.sykmy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler