Günüňiz haýyrly bolsun. Bir jigim bar näçe ýyl bäri Clash oýnaýar. Arada bir gyzykly gürrüň tapdy. Aýdyşyna görä, Amerika biziň ýurdumyza çozmaga gorkýamyşyn. Sebäbi bizde hemme ýaşlar, urşuň taktikasyny gowy bilýämişin (Doly düşünemok, şol oýunda başga ýurtlar bilen urşup, ýeňýälermi, nämemi). Olam bir ýerden eşidendirdä. Hakyky uruş bilen wirtual oýunyň tapawudyny seljermeýän bu pikirlere güljegimem, haýran galjagymam bilmedim. Ýöne olar şol wirtualy hakyky durmuşdan pes görenoklar. Geliň bizem şu saýty bir korollyk (ýa-da bir kiçiräk döwlet) diýip göz öňüne getireliň. Haýsy agza haýsy wezipäni ýerine ýetirerdi we näme üçin?

Abaddon - prezident, özüni şoň ýaly alyp barýar, kän bolgusyz zatlara goşulanok, gerekli wagty görünýär.

Nirvana - Daşary işler ministri. Diplomatiýany gowy ýerine ýetirýär.

Pegas - Içeri işler ministri. (käbir pikirleri bilen ylalaşmasamda) işini berk alyp barjagyny bilýän, (sebäbi özüne ýazylan hiç bir teswiri jogapsyz galdyrmaýar, şu häsiýetini halaýan).

Mümkin - Medeniýet ministri. Düşünjeli, her mesele barada özüniň şahsy pikiri bar, medeni gymmatlyklarymyza hormat goýýar.

Hemedany - Isleneniň müftisi. Dinimiz barada gaty köp zatlary bilýär.

Hiayress - Baş prokuror.

FanB - Sport ministri.

Dark Wolf - Ýaşlar syýasaty ministri.

Senýorita - Zenanlar birleşiginiň başlygy.

Esma - Ýazyjylar birleşiginiň başlygy.

Remezan - Halkara gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy.

Khanture - Ylymlar Akademiýasynyň başlygy.

Keap begcon - "Dinsiz durmuş" partiýasynyň başlygy.

Ahmedik97 - "Dik 97" hususy telekanalynyň hojaýyny.

Aksary - Isleneniň halk artisti.

Nairobi - "Şadyýan joralar" şousynyň alyp baryjysy.

Granger - "Germiona magic" hususy psihatriýa klinikasynyň eýesi.

Gost - Salgyt gullugynyň başlygy (Nalogam şadyýan bolsunda).

Soho - Pensiýa ätiýaçlandyryş guramasynyň başlygy (Pensionerlerem şadyýan bolaýsyn).

Baýker - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy.

Bendtner - Informatsion gepleşikleriň alyp baryjysy, orator.

Siz bular barada näme pikirde, özüňiz kimi haýsy wezipede goýardyňyz?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 28-06-2022, 18:52

  • Mona Songz Mona Songz off № 151 29 июня 2022 00:07
    Hany un zawud bilen ýag zawudyň başlygy nirde?)
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 152 29 июня 2022 00:08
    Azyk senagatynyň ministrem ýok, ýogsa şunda işlänä göni-- bagty açylyp gidiberýär))
    Jogap
  • Bill Bill off № 153 29 июня 2022 07:59
    Hiayress,
    Dowuri biz adamlar guryas
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 154 29 июня 2022 09:35
    Hiç spisokda adymyz tutulanok. Tam süpüriji kär berseňizem boljakdy welin. Aý, borda ???
    Jogap
  • My life My life off № 155 29 июня 2022 11:55
    Gutly bolsyn karleriniz)))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler