Bir bar eken bir ýok eken, häzirki zamanlarda bir kel oglan bar eken. Günlerde bir gün ol,
Bir üýtgeşik ulag almak barada,
Ýatjak wagtym pikir geldi kel kellä.
Pullarymy sanap gördüm şo bada,
Heniz ýetmändirem tegelek ellä.
Ertesi daň bilen çykyp bazara,
Akja mersedesi dikdim nazara.
Gapdalymda süýräp gaýtdym inimi,
Olam geldi galyp men deý azara.
Hatar-hatar durlar, maşynlaň bary,
Ýarysy ak gara, ýarysy sary.
Tutanym ör gökden asdy bahany,
Aljakdym pes geldi pullarmyň sany.
Assa ýuwaş sorap idäp başladym,
bu duran ulaglaň gelýän ýerlerin.
Öwrendim, ugradym ynha-da şeýdip,
Görmek nesip etdi, Dubaý illerin.
Heniz aýraportdan çykyp çykmankam,
Taladylar galtamanlar şo bada.
Gözüm daňyp zyňypdyrlar ýat ýere,
Gelip düşüpdirin gözel Bagdada.
Şeýdip bar zatdanam höwesim gaçdy,
Içim eljuk diýip, garnymam a:çdy.
Şo bada gapdaldan bir haly uçdy,
Görsem, multikdaky uçýan halydy.
Ylgadym yzyndan eýesin gözläp,
Olam uçup barýar, belentläp pesläp.
Ahyr ýetdi, eýesiniň ýanyna,
Alladin dur eken kellesin gizläp.
Halym aýtdym Alladine müzzerip,
"Birje günlik ha:lyň beräý halypa,
Öýe gitjek, gelnim galdy süllerip,
Jübim çöwrük, haýpyň gelsin garyba."
Olam gomparylyp mündi atyna,
Ýalbaramda äw bermedi halyma.
Ýene-de gürledi hondan bärsiräp,
"Menden başga hiç kim münmez atyma."
Soňra ýuwaşjadan düşdim yzyna,
Görünmedim tä ýetýänçä gözüne.
Şol wagtam söz berdim, özüm özüme,
Ilkinji hem iň soňky ogurlygyma.
Hemme ýatdy, başladym bet pälime,
Haýaljakdan ädim goşup ädime.
Halynyň deňine baryp ýetemde,
Birden gözüm düşdi Abu maýmyna.
Haý peläket, bar umudym üzüldi,
Kel kelläme bar pikirler düzüldi.
Maýmynjyk banana haly çalyşdy,
Şeýdip meniň aldawyma çolaşdy.
Haly elde, şatlanýaryn müň esse,
Uçup barýan kä uzakda kä pesde.
Ýüz segsenden tizligini düşürmän,
Gagnam stylem gygyryp dur bar sesde.
Çagalaram garaşyp dur Gresda
Awtory bilemok yone mary Gresden(elektrik stansiya mary saheriñ anarsy murgap tarapda) biri oytyan
Kel oglan
Bilim,
biohimik.
tarapyndan
11-12-2021, 13:13