«Belta» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Instagram sosial ulgamy 13 ýaşly çagalar üçin çäklendirme girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň başlygy Adam Mosseri habar berdi.
«Biz Instagramdan peýdalanmak isleýäniň, hakykatdanam, 13 ýaşandygyny anyklamaga mümkinçilik berýän usullaryň üstünde işleýäris, täze tehnologiýa görä, heniz 13 ýaşamadyklaryň akkauntlaryny gözlemek we aýyrmak mümkin bolar. Şeýle-de ulanyjylarymyz 18 ýaşdan ulumy ýa kiçi, ony-da anyklamak mümkin bolar» diýip, Mosseri aýtdy.
Öňdäki ýylyň martyndan başlap, Instagram ene-atalaryň we hossarlaryň ulgamda öz ýetginjek çagasynyň näçe wagtyny geçirýändigini görmäge hem-de wagt çäklendirmelerini girizmäge mümkinçilik berjek tehnologiýany işe girizmekçi.
Tamamlanyp barýan ýylyň başyndan bäri ulgamyň ýetginjeklere ýaramaz täsir edýändigi barada gürrüňler köp edilip başlandy, ýagny The Wall Street Journal neşirinde media guramalaryň konsorsiumy içki resminamalara esaslanýan hasabatlary ýerleşdirdi. Olarda sosial ulgamlaryň ýetginjekleriň psihiki saglygyna zeper ýetirýändigi beýan edilýär.
Instagram 13 ýaşly çagalar üçin ulgamdan peýdalanmagy çäklendirer
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
11-12-2021, 18:41