Adatça, haýsydyr bir zady bilesimiz gelse, ony bilýändir öýdýän adamymyzdan soraýarys. Emma köp zady internetden hem sorap öwrenip bolýar. Bu bolsa, internetden peýdalanylyşy artdyrýar. Eýsem, bir günüň dowamynda internet dünýäsinde nämeler bolup geçýärkä?!

Günde 500 milliondan gowrak twit ýazylýar

294 milliard elektron poçta iberilýär

65 milliarddan gowrak “WhatsApp” habary ýazylýar

“YouTube” -a 720 müň sany wideo ýüklenýär

“YouTube”-da 1 milliard sagatdan gowrak wideo tomaşa edilýär

Ulanyjyaryň 70 göterimden gowragy “YouTube”-a mobil enjamlary arkaly tomaşa edýär

“Instagram”-da 95 milliondan gowrak surat we wideo paýlaşylýar

Bularyň ählisini jemlänimizde bolsa ulanyjylar bir ýylda 59 zetabaýt möçberinde internet “sarp edýär”. Eýsem zetabaýtyň möçberi nähiliräkka?! Bir zetabaýt 8,000,000,000,000,000,000,000,000 bite barabar. Bu sany okamak kynrak bolsa gerek. Geliň, onda ony has ýönekeý mysal bilen düşündiriliň! Bir zetabaýt, bir trillion gigabaýta barabar. Ýagny ulanyjylar her ýylda 59 trillion gigabaýtlyk maglumata seredýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Tehnologiýa, Asyrow_Danco tarapyndan 24-12-2021, 16:28

  • Wlad Wlad off № 1 24 декабря 2021 17:29
    Menem ýazaýyn :

    Facebook-a her minutda 973.000 giriş edilýär.

    Her gün müňlerçe uly-kiçi kiber attaka bolup geçýär.

    Şu ýylyň fewralynda Amerikada ýaşlar YouTube üçin ýasama talaňçylyk wideosy düşürip durkalar polisýalar çyndyr öýdüp birini atyp öldürdi.

    Iň amatly we ynamly sosial mediýa Signal hasaplanýar.

    Whatsapp mediýasynyň täzelenmesi zerarly ýüz müňlerçe adam Telegrama göçdi we bulam internet taryhyndaky iň uly göçüşleriň biri.

    Her güň 100.000 .com domeni döredilýär.
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 2 24 декабря 2021 18:37
    Entak bu gorkezijiler kone indi has hem bahalar yokarlandy
    Jogap
  • Asyrow_Danco Asyrow_Danco off № 3 24 декабря 2021 19:27
    biohimik.,
    Ýok how şu ýylyňky
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler