Çekýän şekillerimiz biziň duýgy ýagdaýymyzy belli edýän iň esasy alamatlardan biridir. Bilmän çyzýan zatlarymyzyň manylary bar. Sapakda, ýygnakda ýa birine garaşyp otyrkak ýa-da telefonda gürleşip otyrkak, stressli wagtymyzda stolyň üstündäki duran garalama kagyzy elimize alyp birzatlar çekip başlamagymyz edýän iň aňsat işimiz. Meýletin çyzgylara many bermek bilim alymlaryň şahsyýet gözleginde baran iň soňky nokadydyr. Alymlara görä dünýäniň ähli ýerinde meňzeş şekilleriň ulanylmagy tötänlik däl. Sigmend Freudyň açan psihologiki synaglaryny nazarda tutsak, garalamalaryň hem manysynyň barlygy hakykatdyr. Tötänleýin çyzgylar, geometriki şekiller, ýyldyzlar, üçburçlyklar, üç ölçegli gutular, ok alamatlary, agaçlar, jaýlar, ýürekler, gollar we ş.m hakykatdanam örän täsin we ynanmak mümkin däl ýaly bolup görünse-de, dogrudygy subut edilen bir maglumat hökmünde öňümizden çykýar. Çynlakaý düşünmän eden garalamalarymyz, instinkt we beýiniň ugrukdyrmagynda ýüze çykýar. Manysyz ýaly bolup görünýän çyzan şekilleriňiz siziň şahsyýetiňizi belli edýär.

Üçburçlyk.
Kyn karar alýan, emma bir karar alanda şol kararyndan asla geçmeýän adamlar yzygiderli üçburçlyk çyzýarlar. Şeýle-de gözlegi we öwrenmegi halaýan, batyrgaý adamlaryyň hem bilmän çekýän şekilleri esasan üçburçlyk bolýar.

Bulaşyk nagyşlar.
Bular ýaly nagyşlar çyzýan adamlar duýgylaryny belli etmekden gaça durýarlar. Obsessiýaly (obsessions,takıntı) ýa-da obsessiýaly bolup başlan adamlar kagyza garyşyk nagyşlar çekerler.

Tötänleýin çyzyklar.
Ýokaryk, aşak, saga-çepe, iç-içe ýa-da garşylykly çyzgylar siziň pikirlenmäge meýillidigiňizi we azajygam bolsa birahat bolýanyňyzy aňladýar. Muňa sapak wagty sapak diňlemän depderlerimiziň gyrasyna çyzýan şekillerimizi mysal getirip bileris.

Kub ýa-da guty.
Ýagdaýyna gözegçilik etmek isleýän adam kub ýa guty çekýär.

Agaçlar.
Şahaly, pudakly we miýweli agaç çyzaňyzda ol agaçlar siziň deňsiz-taýsyz hyjuwly we ýokary ego eýedigiňizi aňladýar. Egoňyza dykgat ediň.

Güller.
Romaşkalar, bägüller… haýsyna eliňiz meýilli bolsa, tebigata bolan höwesiň we tebigylygyň nyşany.

Üç ölçegli (3D çyzgy).
Bir tema dürli tarapdan seredýäňiz.

Ýürek.
Aýratyn birine ýakynlyk ýaly duýgulary belli edýär.

Portret.
Bulaşyk çekilen ýüz howpsuzlygy, gülkünç çekilen surat bolsa, üns çekmek islegini görkezýär.

Guş.
Güýçli hyýallary bolan adamlar kagyza uçýan guş çekýärler. Elmydama uly arzuwlary kowalaýan bu adamlar syýahat etmegi gowy görýärler.

Basgançak ýa-da merdiwan.
Ambisiýa we erki isleýän adamlar kagyza basgançak ýa-da merdiwan çekýärler. Aýratynam has bagtly we rahat ýaşamak isleýän adamlaryňam bu şekilleri çyzýandygy kesgitlenildi.

Ok.
Göni we dik ok, bir maksada görkezilen möhümi, nagyşly ok bolsa islegleri kesgitleýär.

Gämi/ Uçar.
Adamlaryň gämi ýa uçar çekmegi şol wagtky bolýan ýagdaýlaryndan gaçmak isleýändigini görkezýär.

Öý.
Ynamly howpsyz ýerde bolmaga zerurlygynyň alamaty. Gyşyk-myşyk öý bolsa ýaşaýan öýündäki bagtsyzlygy aňladýar.

Gollar.
Gol çekýänler wagtlarynyň köpüsini özlerini kämilleşdirmek üçin sarp edýändikleri subut edildi. Eger gol düşnükli bolsa, bu ol adamyň açyk sözlüdiginiň alamatydyr. Bulaşyk we düşnüksiz bolsa, şahsyýetiniň hem çylşyrymlydygynyň alamatydyr. Bu adamlar şol bir wagtyň özünde parahatçylygyň tarapdary. Bäsdeşlik we adamlaryň arasynda söweş çykmagynyň öňüni almak üçin ellerinden gelenini ederler. Elmydama özlerini kesgitlemäge çalyşýarlar. Biraz daş-döwregindäkilere hem üns berseler gowy bolar.

At.
Öz adyňy ýazmak, ünsi çekmegi gowy görýän, başga biriniň ady bolsa, kelläň, ünsiň şol adamdadygyny belli edýär.

Inedördül.
Çynlakaý, durnyklylygyň nyşany. Ýönekeýje maksatlara meýilli, özi, sözi dogry adamlar. Durmyşyny howpsyz ýaşamaga çalyşýanlar.

Tegelek.
Soňsuzlygyň, bütinligiň, birligiň we goramagyň nyşany. Ýüregi söýgüden doly bolan degişgen adamlar tegelek çyzmagy halaýarlar. Özlerini esasan ikinji planda saklaýarlar.

Parallel çyzyklar.
Sowuk ganly, gyssagly pursatlarda derrew herekede geçmegi başarýan adamlardyr. Näme isleýändiklerini gowy bilýärler. Eger çyzyklar diagonal bolsa, ol adamyň lider bolmaga meýillidigini aňladýar.

Göni çyzyklar.
Esasan aç-açan, az we manyly gürleýän adamlar.

0 (nol) ýa-da x
Bäsdeşlige ukyply adamlar.

Ýyldyz.
Bilesigeliji, öwrenmäge ukyply, temany çuňňur analiz edýän adamlardyr. Esasanam Idealist bolanlar ýyldyz çekýärler.

Zigzag (tolkun-tolkun)
Togalak içindäki zigzaglar romantizm duýgulary agdyklyk edýänler. Dik we ýiti zigzaglar bolsa gaharly adamlar.

Çöpden adam.
Duýgylaryna gözegçilik edip bilýän adamlar.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 23-04-2022, 21:36

  • Pegas Pegas off № 1 23 апреля 2022 21:43
    Haýsysyny çekýän diýsem, özümi reklama edip bilerkäm))
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 2 23 апреля 2022 21:45
    Men köpülenç gülleri çekýän ýa-da ýakama salýan nagyşlarym kürte goçagyň şekilleri.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 23 апреля 2022 21:57
    Pegas
    Haýsysyny çekýän diýsem, özümi reklama edip bilerkäm))

    Salam. Kömek gerekmi reklama?)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 23 апреля 2022 21:58
    Saýrak_guş
    Men köpülenç gülleri çekýän ýa-da ýakama salýan nagyşlarym kürte goçagyň şekilleri.


    Salam. Tüweleme, örän oňat. Ýakany elde edýäňizmi ýa kampýuter maşyndamy?
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 23 апреля 2022 22:00
    Gollar.
    Gol çekýänler wagtlarynyň köpüsini özlerini kämilleşdirmek üçin sarp edýändikleri subut edildi. Eger gol düşnükli bolsa, bu ol adamyň açyk sözlüdiginiň alamatydyr. Bulaşyk we düşnüksiz bolsa, şahsyýetiniň hem çylşyrymlydygynyň alamatydyr. Bu adamlar şol bir wagtyň özünde parahatçylygyň tarapdary. Bäsdeşlik we adamlaryň arasynda söweş çykmagynyň öňüni almak üçin ellerinden gelenini ederler. Elmydama özlerini kesgitlemäge çalyşýarlar. Biraz daş-döwregindäkilere hem üns berseler gowy bolar.


    - Elime ruçka düşse golymy çekmek endigi bar mende
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 23 апреля 2022 22:01
    Nirvana
    Pegas
    Haýsysyny çekýän diýsem, özümi reklama edip bilerkäm))

    Salam. Kömek gerekmi reklama?)

    Kem-ä bolmazdy ;)
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 7 23 апреля 2022 22:03
    Nirvana,
    Salam. Gowmy ýagdaýlaryňyz? Ilkiler elde maşynda edýädim. Soň kompýu ter maşyn bilen edip başladym.
    Öwrenjek bolup kän kösenenimden bolaýmasa. Şeýle endik mende galypdyr. :)
    Jogap
  • FanB FanB off № 8 23 апреля 2022 22:03
    Salam Nirvana hanym.
    Menem kubik cekyan hemem gol cekyan
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 9 23 апреля 2022 22:05
    Гость,
    Salam. Menem şeýle. 24 ýylda 10 sany golym bolandyr. Meň belli bir golym ýok. Kagyza çekip-çekip haýsy owadan bolsa şony saýlap ulanyp ýörün. :) (nädogry hereket edýänimi bilýän)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 23 апреля 2022 22:06
    Pegas,
    Çekilen suratyňy paýlaşyp reklama edip bererin.
    Jogap
  • Гость Гость off № 11 23 апреля 2022 22:06
    Nirvana,
    Meňkem şeýledi okuwy dynýançam. Ýöne şu wagt diňe biri :)
    Jogap
  • Гость Гость off № 12 23 апреля 2022 22:07
    Nirvana,
    Salam jora gowmy ýagdaýlaň,arma okuwlar bilen?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 23 апреля 2022 22:08
    Saýrak_guş,
    Gowy Hudaýa şükür, siz gowumy?!
    Şeýledir. :)
    Elde kynyrak bolýardy. Menem kampýuter maşyn işledip başlapdym 8-nji klasda. Ukydan galyp ýaka edýän günlerim ýadyma düşüp gitdi…
    Jogap
  • My life My life off № 14 23 апреля 2022 22:08
    Salam. Tema gyzykly eken. Goly öñ kop cekip guymenyadim okuwcykam. Tötanleyin cyzyklar cekyan koplenc.)))
    3d bula meñ ishim.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 15 23 апреля 2022 22:09
    FanB,
    Salam gowumy?!
    Ýagdaýyňa gözegçilik edip biňýäňmi onsaň?
    Jogap
  • My life My life off № 16 23 апреля 2022 22:10
    Yakañ cyzgysynam cyzyan yone dine ozuminki ucin cyzyan.
    Jogap
  • My life My life off № 17 23 апреля 2022 22:10
    Saýrak_guş,
    Salam,gowdygny kesde etyañmi senem.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 18 23 апреля 2022 22:11
    Synpdaşlaryma

    Edebiñ,hormatyñ baýdagy dek siz,
    Sylagyny duýansyñyz köpleriñ.
    ...Syýa bilen çekerdiñiz goluñyz
    Boş bolaýsa sahypasy depderiñ.

    Akymyñ tersine ýüzen gämi men,
    Men gijeler güni gözlän ýolagçy.
    Görmegeý gollardan dolmaly "orun"
    Ýuwan,ýöntem setirlerden dolardy.

    Synpdaşlar,ynanyñ, mamla siz biçak!
    Gözüm güýdüşdirip,aldapdyr salgym.
    Garañ maña, ne owadan golum bar,
    Ne oñat şygrym.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 19 23 апреля 2022 22:11
    Гость
    Nirvana,
    Salam jora gowmy ýagdaýlaň,arma okuwlar bilen?!

    Alhamdulillah gowy. Bar bol, özüňem arma jora. :)
    Jogap
  • Гость Гость off № 21 23 апреля 2022 22:13
    Belki aga, saýrak guşy çisat etsene,tikinçi eken :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 23 апреля 2022 22:13
    My life
    Salam. Tema gyzykly eken. Goly öñ kop cekip guymenyadim okuwcykam. Tötanleyin cyzyklar cekyan koplenc.)))
    3d bula meñ ishim.


    Salam. Saňada meni bir gezek öw diýdim welin, şondan soň her temama gelip, tema gyzykly, gowy eken diýip gidýäň. :)) (mejburlyk ýokdyr atdaş)
    3D seň işiňdigi ýadymda. Biz bilenem paýlaşa işleriňi.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 23 апреля 2022 22:15
    Mümkin,
    Salam. Gowumy?
    Goşgy oňat eken. Haladym “like” :))
    “Güýdüşdirip” näme diýmek?
    Jogap
  • Гость Гость off № 24 23 апреля 2022 22:17
    Nirvana,
    Ladybug nirde otlap ýör,çagyrda onam :)
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 25 23 апреля 2022 22:18
    Nirvana,
    Hudaýa şükür bizem gowy. :)
    Biraz ýoň bolupdy şol döwürler gyzlara.
    Köpülenç ruçkanyň ujuny iňňe hökmünde gözöňüme getirip ,, gül" keşdäni ,,kürte goçagy" çyzýan. Okuwçy wagtlarymdan bäri galan endigim.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 26 23 апреля 2022 22:18
    Mena golam çek6än, at hem ýaz6an, uçar uçyan tarelka,,raketa çekýän käwagt bulutjyk çeken bolýan...
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 23 апреля 2022 22:20
    Гость
    Nirvana,
    Ladybug nirde otlap ýör,çagyrda onam :)

    Ladybug-den öýkeläp imony udalit etdim. Soňam habarlaşamok. Ýatandyr. Ýataga ol. :) (özi ýokka at dakyp galaýyn)
    Jogap
  • Saýrak_guş Saýrak_guş off № 28 23 апреля 2022 22:21
    My life
    Saýrak_guş,
    Salam,gowdygny kesde etyañmi senem.

    Salam. Gowmy sizem?
    Hawa. Elde edemok-da. Diňe maşyn işledýän. Elde-de bilýän welin indi ýaltanan bolýas-da.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 23 апреля 2022 22:22
    Saýrak_guş,
    Endikdir. Çyzsaň gowy edýäň, çyzyber. Kürte goçagy häzirem modamy? Öňler-ä köp ýakada bardy. Hatda geýimde-de owadan gidýär şol.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 30 23 апреля 2022 22:22
    Гость,
    Haý,senem garrylyk köseýä öýdýän :) Tikimçi diýenok ýakaçy diýýä.Ol işde kän pul ýok-laý :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler