Beýik arzuwlary etmek – her kimiň kanuny hukugy, ýöne onuň
çykdajylaryny ödemegi unutmaň. Ýolbaşçylyk hemme kişä ýaraýar,
ýöne hemmeler onuň hötdesinden gelmeýär, her kim onuň çykdajysyny
çekmeýär.
Ýolbaşçylyk jylawy bir pursat eline iläýse, diňe töweregiňe
däl, dünýä höküm etmegem müşgil däl ýaly görünýär. Eline erk-ygtyýar
berseler, göz ýumup-açasy salymda hemme zady ýerbe-ýer,
düpbe-düzüw etjek ýalysyň. Döwletleriň arasyndaky dawa-jenjeli
togtatmak, dürli garaýyşdaky adamlary ylalaşdyrmak üçin ummasyz
güýç sarp edip ýörmän, azajyk akyl-huş, az-owlak çäre ýeterlik ýaly
görünýär... Hawa, oňa ýekeje gezek pursat berseler, bir demde dünýäni
düzetjekden.
Biziň ählimiz tankyt etmek meselesinde hiç kime per beremzok,
esasanam, bolup geçen wakalary seljermek babatda ussatlyk derejesine
çykypdyrys. Hatda köpimiziň şol ugurlardan hiç hili başymyzyň
çykmaýandygyna, sowadymyzyň ýokdugyna garamazdan, eger
elimize erk ýa-da mümkinçilik berilse, şolaryň eden işiniň gylla ýarysyny
ýa-da ýönekeýje bir bölegini edip bilmejekdigimize garamazdan,
olary tankytdyr teýeneden mazaly doýurýarys.
Hakyky ýolbaşçylar, serdarlar, il öňüne düşmäge mynasyp
adam lar, ýolbaşçylyk wezipesine geçmezinden ozal, şol wezipäniň
öňündäki öz ukyp-başarnyklaryny mazaly saldarlap görýärler: bardy-
geldi şol wezipe ynanylaýsa, oňa ýeterlik derejede hötde gelip
biljekmi, ynamy ödejekmi, özüni doly bagyş edip biljekmi? Şol zatlar
bilen öz başarnyklaryny deňeşdirip görýärler: bu wezipe üçin sarp
edilmeli wagty, aladany, güýç-kuwwaty, gaýraty ýeterlik derejede
ikirjiňlenmän berip biljekmi? – ana, şol zatlar hakda pikir edýärler.
Sahabalaryň biri Hendek söweşi günlerinde açlykdan ýaňa garnyna
daş daňyp gezer eken. Käbirleri bolsa pygamberimiziň ýanyna
baryp, arz edipdir, zeýrenipdir. Pygamberimiz ýylgyryp: «Özüňize
agram salmaň, özüňizi köşeşdiriň» diýipdir we köýnegini serpip
görkezende, onuň garnynda iki sany daşyň daňylgy durandygyny
görüpdirler.
Sahaba öňküsi ýaly öz ornuna dolanyp barypdyr. Şonda ol
ýolbaşçy adamyň öz aladasyndan öňürti köpçüligiň aladasyny edýändigine, öz üstüne düşen wezipäni doly we dogry berjaý edýändigine düşünipdir.
Hakyky ýolbaşçy ilki bilen öz yzyna eýerýänlere berilmelidir, şolaryň aladasyny birjik-de ünsden düşürmeli däldir. Ol özüniň gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy bilen töweregindäkilere nusga bolmalydyr.
Olary joşgunly, umytly, ynamly we ruhubelent ýaşamaga
höweslendirip durmalydyr.
Merdana adamlar beýiklik mertebesine ýöne ýöräp ýetäýenoklar, olaryň ählisi hem şeýle kynçylyklary, kösençlikleri gerdenlerinde göterip, şol ýoly geçdiler. Aňrybaş mertlik, synmaz erk we mäkäm ruh, oňyn häsiýetler, gowy-düz garaýyşlar, päkize niýet we beýik ahlak, çydamlylyk hemişe göz öňünde boldy. Şol häsiýetler hem gylaw we gaýrat berdi, öňe ilerlemäge ynam döretdi. Olar kyn pursatlary ýeňip geçmegi, şol ýagdaýda nähili karara gelmelidigini öwrendiler.
Ýogsam, örän köp adamlar sähel kynçylygyň öňünde müzzerilip,
el-aýagyny ýitirýär ahyry.
Dariniň yzyndan kowýan Isgender hakyndaky kyssalaryň birinde şeýle waka beýan edilýär. Isgenderiň goşunlary Şam ýakalarynda Dariniň yzyndan kowup, mazaly surnugypdyr. On bir güne çeken dynuwsyz kowgy esgerleriň halys eňkini agdyrypdyr. Suw ýetmezçiligi peýda bolupdyr. Teşnelik, suwsuzlyk olary heläk etmek hetdine ýeten eken. Örän köp esger serkerdä garşy baş götermek, gelen ýerlerine gitmek barada pikir edip başlapdyr.
Olaryň öz aralarynda Isgenderiň özlerine zabun daraýandygy, suwsuzlyk bilen ölüme iterýändigi hakda hyşy-wyşy gürrüňler edýän pursady, garagörnümden ýanlaryndan geçip barýan bir kerwende na zarlary eglenipdir. Kerwendäkiler bu esgerleriň Isgendere
degişlidigini, olaryň arasynda hut Isgenderiň özüniň hem bardygyny,
ählisiniň hem suwsuz-mydarsyz heläk bolmak uçudynda gezip ýörendiklerini bilipdirler. Olar suw dadyrmak üçin meşigini Isgendere
uzadypdyrlar. Isgender içmek üçin suwly meşigi ýokary göterende,
birnäçe teşne boýunlaryň özüne tarap dikanlap seredip durandygyny
görüpdir. Olar hem şol suwa gultunyp seredip duran ekenler. Isgender
meşikden bir damja hem suw içmändir-de, ony ýanyndaky adama
uzadypdyr: «Eger bir özüm suw içsem, goşunyň ruhy kuwwaty synjak
» diýipdir.
Esgerler öz serkerdesiniň bu hereketini görüpdirler. Teşnedigine
garamazdan, bir damja suw hem owurtlaman, esgerleri içmese,
özüniň hem içmän saklanýandygyny gören esgerler, onuň mertligine,
çydamlylygyna, gaýduwsyzlygyna haýran galypdyrlar. Esgerleriň
hemmesi bu waka barada öz aralarynda pyşyrdaşypdyrlar hem-de
ählisi hem birlikde öňe ilerlemäge güýç-gurbat tapan ýaly bolupdyrlar.
Ynam we ruh, güýç-kuwwat bilen alawlanan esgerler desbi-dähel
atlaryna münüpdirler. «Ýanymyzda şeýle serkerde barka, biz islendik
teşneligi we ýadawlygy ýeňip geçmäge, onuň güýç-kuwwatynyň we
zabunlygynyň, berkliginiň ýitidigine garamazdan, emr-buýruklaryny
ýerine ýetirmäge doly taýýardyrys» diýipdirler.
Ine, ýolbaşçy bolmak isleýän, ýöne ýolbaşçylyk üçin artykmaç
güýç, yhlas sarp etmelidir öýtmeýän käbir adamlaryň tölemeýän harjy,
salgydy. Serkerdäniň pikiri, hyýaly birjik-de öz esgerlerinden üzňe
bolmaly däldir. Olardan öňürti özi kösenmelidir, özi örtenmelidir. Öz
etmeli işini olara tabşyrmaly däldir.
Serkerde, ýolbaşçy hemişe öňki hatarda bolmaly, ilkinji zarbany
özi urmaly, sözünden owal amaly, hereketi bilen töweregindäkilere
has beýik we ynandyryjy ders bermeli.
Ýolbaşçy diýenimde, diňe döwlet ýolbaşçysyny ýa-da goşun
serkerdesini göz öňünde tutamok. Köpçüligi yzyna tirkäp, olary beýik
maksatlara alyp gidip bilýän islendik adam, partiýanyň baştutany,
ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçysy, ýa-da öýdäki hojalykçy ata, ýa-da
hökümet edarasynda maslahat berýän, dolandyrýan müdir ýa-da
sanaýmaly adama ýolbaşçylyk edýän adam bolsun, hatda golastynda
az sanly işgär bolaýsyn – hemmesine degişli, hemmesini göz öňünde
tutýaryn.
Ine, hakyky ýolbaşçylyk şeýle bolmaly, ol jogapkärçiligiň, özüňi
pida edip bilmekligiň, özüňi bagyş edip bilmekligiň sinonimi. Kim
ýolbaşçy bolasy gelýän bolsa, onuň şunuň ýaly pajyny töläp biljekmi-
bilmejekmi, gowuja oýlansyn.
Uly wezipelere geçmeziňden ozal özüňden sora, dogrudanam,
sen şol ýere laýykmy, mynasypmy?
Öýlenmeziňden öň az salym sägin, bir özbaşdak öýi dolandyrmaga,
maşgalaň öňündäki wezipeleri bitirmäge gaýratyň, güýjüň,
ynamyň ýeterlik barmy?
Her gezek «Şol ýere ýa-da şoňa men mynasyp» diýmeziňden
öňürti hemişe pikirlen we özüňden sora, sen hakykatdanam şoňa
mynasypmy?!
Mahlasy, il öňüne düşmegi isleýän bolsaň, nebsiň-ruhuň
ýolbaşçylyk mertebesine owsun atýan bolsa, onuň çykdajysyny
ödemäge ýagdaýyň barlygyny ýa-da ýoklugyny derňe. Ýagdaýyň
bar bolsa, başararyn öýtseň, isle, işle we talap et, ýogsamam öz
başarnyklaryň çäginde saklan we özüňe gelişýän dony geý!
Hemişe ýadyňda sakla, serkerde öňe alyp gidijidir, ýolbeletdir, ol
hemişe öňde bolmalydyr.
Ýolbaşçylyk pajy
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
24-04-2022, 00:04