Düzelmez akmak

Bir akyldardan:

– Nähili akmagy düzelmez akmak saýyp bolar?- diýip sorapdyrlar.

– Şol bir ýerde iki gezek büdräni- diýip, ol jogap beripdir.

Iň kyn zat

Bir gezek Diogendan:

Dünýäde iň kyn zat näme?- diýip sorapdyrlar.
Kimligini bilmek hem pikiriňi içiňde saklamak- diýip, akyldar jogap beripdir.
Hökümdara sargyt

Aristotel Aleksandra hat üsti bilen şeýle sargyt edipdir:

„Esgerleriňe bir zat diýjek bolanyňda seresap bol, olar özüň barada hiç hili erbet pikirde bolmasynlar. Sebäbi kimdir biri hakda erbet pikirde bolanyňda, ol hakda erbet zat aýtmagyň hem daş däldir, soňam oňa gaty-gaýrym daraşmagyň mümkin“.

Ol ähli kişi bilen oňat görüşmegi pent bermekçi bolupdyr.

Pifagoryň şygary

Aýtmaklaryna görä, Pifagoryň ýüzügine:

„Gysga wagtlyk şowsuzlyk, gysga wagtlyk şowlulykdan oňatdyr“ diýen şygar oýulyp ýazylanmyşyn.

Syryňy içiňde sakla

Bir akyldar şeýle diýipdir:

Duşmanyňdan ýaşyrýan zadyňy dostuňa-da aýdyjy bolma, sebäbi dostlugyň ömürlik dowam etjekdigine kepil ýokdur.
Baý kişi baýmyka?

Diogenden bir baý kişiniň baýlygy hakynda sorapdyrlar.

Bilmedim-ow- diýip, Diogen gümürtik jogap beripdir. Men onuň pulunyň köpdügini-hä bilýän.
Diýmek, ol baý-da onda?
Baý bolmak bilen puldarlyk ikisi bir zat däl ahyryn- diýip, Diogen jogap beripdir.- Çyn baý özünde bolan zat bilen kaýyl bolup ýören adamdyr. Kim öz ýygnap-ýygşyranyny az görüp, hars urup ýören bolsa, ol hiç zady bolmadyk, ýöne öz güzeranyna kaýyl bolup ýören adamlardan has garypdyr, diýipdir.
Akmaga akylly tanatmaz

Bir akyldar şeýle diýipdir:

Akylly adam akmagy hemişe tanar, sebäbi ol akyly goýalyşýança akmagrak bolup görendir. Ýöne akmak akyllyny hiç wagt tanap bilmez, sebäbi ol ozal akylly bolup gören däldir.
Duýgusyzlyk

Aristotel şeý diýipdir:

Akmak kişi akylynyň kemterligi üçin gam çekýän däldir, edil şoňa kybapdaş, serhoş hem eline çümen tikeniň yzasyny duýýan däldir.
Görnetin tapawut

Bir gezek Aristotelden:

Sen özüňi adamlardan nähili tapawutlandyrýarsyň?- diýip, sorapdyrlar.
Olar iýmek üçin ýaşaýarlar, men bolsa ýaşamak üçin iýýärin-diýip, akyldar jogap beripdir.
Owadanlyk howpludyr

Aleksandr Makedonskiý pars welaýatyna ýöriş eden mahalynda oňa Dariý patyşanyň gyzlarynyň örän owadandygyny habar beripdirler. Emma ol Aleksandry begendirmändir.

Söweşde kese ýurtly urşujylardan ýeňilmek örän erbetdir, ýöne kese ýurtly aýallardan ýeňilmek welin has biabraýlykdyr- diýip, Aleksandr jogap beripdir.
Beýtmeli däl

Gippokrat şeý diýipdir:

Dostuna ýagşylyk edenden bolup,özüne zyýan edýän adam akmagyň barypýatanydyr.
Uzakdan görüjilik

Bir filosofyň ýetişen gyzy bar eken. Oňa iki ýerden sawçylyga gelipdirler. Ýigitleriň biri baý, beýlekisi garyp eken. Filosof gyzyny garyba beripdir. Onuň näme üçin beýdenini soranlarynda filosof şeýle jogap beripdir:

Baý ýigit akylsyz eken, onuň ýakyn geljekde garyp galjakdygyndan howatyr etdim. Garyp ýigit bolsa akylly, onuň uzagyndan baý boljakdygyna umyt bagladym.
Kimi akylly saýmaly?

Bir filosofdan:

Kimi akylly saýyp bolar?- diýip sorapdyrlar.
Ol şeýle jogap beripdir:
Ýüregine düwen maksadyna ýetip bilýän adam akyllydyr.
Akmaklygyň iki alamaty

Platon şeýle diýipdir:

Akmagy iki alamaty boýunça aňsat tanamak bolýar: hemişe aýdýan zadynyň özi üçin hiç bir ähmiýeti ýok ýaly gürlär, onsoňam hemişe ugralla jogap berer.
Örän geň taňlyk

Başga bir akyldar şeýle diýipdir:

Adam bir töwra mahluk-ol baýlygyny ýitirende gynanýar, ömrüniň günleri dolanuwsyz gidip duranda welin, azaryna-da däl.
Taýýarlan Gülälek Ýüzbaşyýewa, žurnalist



Hormatly Okyjylarymyz,

Interaktiw sahypamyz Sizden gelenler sahypasyna Siz hem öz ýazan eserleriňizi we taýýarlan işleriňizi ugradyp bilersiňiz.

Salgymyz atavatan2020@gmail.com

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, sadaja tarapyndan 4-05-2022, 21:18

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler