25
6x9 möçberinde kelleýalañaç aldyrylan dört sany suratym daşynyň dokuz gat dolagy bilen, abituriýent dünýäsiniň "bissimillasy" bolup, çaklaňja çemedanyň düýbünde wagtlaýyn mekan tutdy. Sabyr-takat gaçyrylyp, köňül guşy uçurylyp, telim gözden geçirilip, gaýta-gaýta göçürilip, rektoryň adyna arza-da ýazyldy. Oba sowetinden alnan sprawka, Baýram agaň "keramatly" goly çekilen gül ýaly harakteristika, garaz, 286 nomerli medisina sprawkasyndan başga gerekli dokumentleriň hemmesi şojagaz çemedana jemlendi...
Kabinetiň işiginden ätlämde Nazar Lukman iş stolunyň başynda haýsydyr bir žurnala nämedir bir zatlary belleşdirip otyrdy. Eline kütüräk bir kitaby alan Güljahan bolsa çüňkde duran açyk şkafjygyň içindäki rejelenip goýlan preparatlara göz gezdirip durdy.
- Salawmaleýkim!..
"Waleýkim" nokady goýulýança garaşdym. Şu iki arada Güljahan şkafjygy hem-de elindäki kitaby usul bilen ýapdy-da, çalaja ýylgyryp, işige ýöneldi. Gapydan çykyp barşyna sülük ýalyjak barmaklary bilen, duýdansyz, sag golumdan çümmükläp goýberdi welin, tas dik ýokaryk zyňypdym. Begenjimden demim-demime ýetmän durşuma, yzyndan okdurylyp, gabyr-gubur bagryma basaýmakdan zordan saklandym...
-- Waleýkim! -- Ruçka patlap, žurnalyň üstüne düşdi. -- Gurgunçylykmy, Şalar? Taplar ýagşymy?
-- Şükür...
-- Hawa, onsoň, bi... ýuwaşrak ýöräp bolanokmy, dükürdiň dagyň nähili? Men-ä Garahan döw gelýämikä diýipdirin...
Dogrusy, bu sowal meni hasam aljyratdy. Näme diýjegimi bilmän, bolgusyzja ýylgyryp oňaýdym.
-- Be-e, sen-ä, asyl, soňky wagtlarda tanar ýaly bolmansyn, bir döw-ä urupdyr saňa!.. Hany, otur! Ýa syrkawlap-dagy ýörmüñ?.. Ýeri, gürlesene, näme toýdan kowlan ýetim ýaly, ýüzüňi sallap dursuñ?
Maňa-ha bir sprawkajyk gerekdi, Nazar aga...
O-how!.. Eýgilik bol-a, o nämäň sprawkasy?
Adam, onda-da ýaşy bir çene baran adam bir zadyň añyrsyna ýetip durubam, bilmezlige salan bolup ugrasa, meniñ-ä tüýs ýeňsedamarymdan tutulýar. Ýöne häzir Güljahanyň çümmüklänje ýerini çep elim bilen tutup durşuma, kalbymda dyňzap duran şatlygymyň üstüne kölege salmajak bolup, özümi juda giň alyp bardym.
-- Hol öňräk kakam bilen maslahat edipdiňiz-ä...
-- Hä-ä, okuwa girmäge diýsene!.. -- diýip, Lukman aga ýadyna salan boldy. -- Ony men birmahal taýyn edip goýupdym. Dilini tapyp, alybilseň, sprawkajygyň Jahanda bolmaly...
"Haý, diýseňem-ä, sen kän zatdan habarlymykañ diýýän, ýaşuly!.. Bolsa-da, oýun-a kän sende."
Hamana, ýyldyrym çaltlygynda kelläme gelen bu pikiri tassyklaýan ýaly, ol ýerinden turup, çynlakaý äheňe geçdi:
-- Mirap bileň özüm gürleşerin, Şalar, oň dilini özüm taparyn... Häli günortan, gök çaýyň başynda, onuň özi maňa geñeş saldy...
-- Aý, näbileýin-dä, Nazar aga...
-- Sen, ýigit, maňa gulak as! Mirabyň meň sözümden çykmajagyny özüň bilýänsiň. Ýöne arada, haýsydyr bir müsginsokar gowy edip, oň ýüregini çişiripdir... Zyýany ýok, indikiňe bekräk bolaýarlar...
Bu sözleri diňläp durşuma, iki gapdalymdan goşa ganat bitip barýamyka diýdim. Yşk humaryna düşen perwana kalbym goňşy otaga telwas edip ugrady.
-- Nazar aga, sprawka, dogrudanam, Güljahandamy?
Lukman äwmezlik bilen ýerinden turdy:
-- Meň maslahatymy alsaň-a, okuwa gaýybana gir, Şalar. Şeýtseň, kolhoz üçinem, içeriňiz üçinem, ikiňiz üçinem oňat bor. Geňeşip gör welin, Jahanam iki elläp goldasa gerek meň şu pikirimi. Galanynam özüň bil...
-- Bor, Nazar aga, bor... Göreris, entek wagt bar!
Atylyp gapydan çykdym.
26
-- Waý, ýuwaşrak, mynjyradýaň-la!..
-- Söýýän, Güljahan, söýýän!.. Eşidýäňmi, söýýän! Ynanýaňmy, söýýän!..
-- Eşidýän, ynanýan... Goýber... Dälireme, Şalar, dursana!..
Ah, meniň tolgunmadan ýaňa agzymdan çykyp barýan ýüregim, köp zatdan habarsyz gapyl ýüregim, türkana ýüregim, yňdarma ýüregim! Bolsa-da, sen bir zady aňan ekeniň: bu nagehan kapasa düşen bilbil mysaly iki ýana urunýan, simap deý sandyraýan bu göwräniň şu sapar elimden sypsa, dolanyp gujagyma dolmajagyny sen, bolsa-da, aňan ekeniň!..
-- Eşidýäňmi, Şalar, goýber!.. Masgara borus beýtme, saňa diýýän!.. Gerek däl, Şalar!..
Meniň bolsa huşum bireýýäm başymdan uçupdy. Men bolsa ne özüme, ne-de başyna giden ellerime erk edip bilýädim. Bu mahal meniň dumanly serim edýän hereketlerime hasabat bererden ejizdi.
...Birahat durmuş deňzinde parahat ýüzüp ýören ömür salymyň küreklerini ikinji sapar elimdeň alan bu jadygöý duýgynyň soňunyň näme bilen gutarjagyny kim bilsin?!
Ine-de serhet!..
Bozman geçmelimi ýa-da geçmän bozmalymy?..
Birden çep dulugyma ot basylan ýaly boldy. Doňdum. Doňňara daş boldum. Her haýsy çepiksije bir egni bürgütdenem gaýym tutup duran penjeler açylyp gitdi. Durun. Gymyldaman durun.
"Bu näme, eý, taňrym, näme bu?.. Tyg ýarasyna guýlan bir gysym duzmy bu ýa-da bir käse şerebe atylan bir katra zähermi... Ah, men şu ýaşa çenli gözýaşyň beýle gyzgyn bolýandygyny bilmändirin!.. Bu Ýalňyz enäň näletimi ýa iliň-günüň gargyşymy -- ne beýle agyr-la bu?! Goý,Taňryň bialaç bendesi, goý sesiñi? Gowusy -- dişiňi gys, derdiň ýeňlär... Bu -- seniň gara maňlaýyň. Bu -- seniň ejiriň. Çekmelem borsuň. "A sen gözüňi giňräk aç, ýigit!" -- Bagtygülüň patasy ýadyňdan çykdymy? Aç gözüňi giňräk! Bu -- şarpyk... Berekella, otur. Bäşlik. Hawa, bu şarpyk. Kap dagyna galdyran göwnümizi ýene getirip, kül üstünde oturdan şarpyk. Has ýokarky şaha ymtylyp, ýerden üzlüp ugran göwrämiziň tüýs wagtynda aýagyndan çeken şarpyk. Bu -- halal şarpyk..."
-- Sag bol, Güljahan. Taňry ýalkasyn...
Ýarygijeki mazarystanda-da beýle eýmendiriji dym-dyrslyk bolýamyka? Göwnüme bolmasa, birmahallar han göçüniň agyr kerweninden galyp, şindi-şindem Garagumuň jansyz alaňlarynyň arasynda sümsünip ýörşüne zaryn-zaryn uwlaýan haýsydyr bir itiň nalasy gulagyma gelip duran ýaly...
-- Bagyşla, Şalar!.. Häzir düşünersiň... Eşidýäñmi, bagyşla... Haýyş edýän.. Dolan, Şalar!..
Möňňürip özüni krowata oklan gyzam, agyň arasyndan zordan bölünip çykýan naýynjar sözlerem gapyň tutawajyna aýgytly uzan elimi yzyna çekip bilmedi...
Koridorda öňümden çykan hiç zatdan bihabar Nazar lukmanyň içiňden geçip barýan nazaram meni saklap bilmedi...
Ah, ol mahal seniň ýaňkyja duýdansyz şarpyk üçin däl-de, düýbünden başga zat üçin ötünç soranyňy men nireden bileýin, Güljahan?!
GÜN BIZE GEŇEŞMÄN DOGÝAR.
Bilim,
Telwas
tarapyndan
16-05-2022, 22:58