Oglan: Seni gözläp çekendirin çoh derdi.
Ahyr maňa ýagşyzada sataşdy.
Seň salgyňy, seň saýtyň şol berdi,
Meniň hasam labyrdadyp ataşmy.
Indi mende takat-da ýok, gurbat-da,
Haýyş, soňsuz sowallaryň eňterme.
Men-ä seniň hak aşygyň- şazadaň,
Ýagşyzadaň ismi bolsa-Internet.
Dälireýän, jogabyňa garaşýan ,
Ýakma meni ... „
Gyz : „Aý goý-a „
Oglan: „Göwünli- göwünsiz örän gysga hat,
Nädip gezýäň meni göresiň gelmän.
Suratyňy ýollasana, perizat,
Men öz söýgülimi göresim gelýär.
Gyz: „Gözeldigmi nä bilýärsiň diýsene.
Tapdyň söýgüliňi, sypatyň gurasyn!
Nädäýerkäň, „Bu- men“ diýip ýazypjyk.
Gönderäýsem Sahydursunyň suratyn.
Hah – hah – haý !
Ýolmalasa ýolmaýandyr saçlaryn,
Kim görüp dur o neressäň halyny,
Geregem şol,
suwjuk,
yeňil ýerçeken !
Hih, ýogsada alaýmasyn aryny.
Ah-h –e- eý !
Ýok bolsun—la,
samsyg – a ol,
oýnatgy,
Zor ýigit boldugy, käşgä sazlaýsa ...
A ol birden ...
ýowuz ýoly saýlaýsa,
Birdennnikgä maňa jogap ýazmaýsa.
Ýazman geçsin !
Ýazmanda nä ?
Ýazmasyn !
(hüňürdäp, hüňürdäp çömmelýär dodak )
Hat gelýär :
Oglan: „Sežd etjek ! Sogap edipdir !
Nirde şol suratyň düşüren Kodak !
Ýylgyrşyň sypaýy, näziň gyssaýar.
Menikli maşgala, gözel eken Sen.
Gözleriňde bir enaýy gussa bar.
Men seni haladym, ine bu – da – Men!
Gyz: „Hih, görsene çekgeleri ... häki, wiý
...Dişleri, saçlary beleňli ýigit.
Ol haýsydyr müçenekmi, päkimi-Mahabatlandyrýan pereňli ýigit.
... Ah, sen dur bakaly, dur entek, ýigit !
Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Wah, ýürejik ...
Bilim,
Telwas
tarapyndan
24-05-2022, 22:34