1989 ýyl. Şowhunly Malmýo köçeleri gyzgyn ýaşaýyş bilen gaýnap joşýardy. Çagalar köçede futbol oýnaýardy. Olaryň oýunynyň deňinden geçip bilmän olara goşulýan uly adamlaram, jadyly oýundan lezzet alyp oňa tomaşa edýänlerem bardy. Şol wagt uly ýaşly oglanlaryň biri, özünden kiçi, garşydaş toparyň oýunçysyny gödeklik bilen ýykdy. Ol çaga aglap şeýle diýdi:
-Häzir Zlatan geler, Siziň baryňyzyň külüňizi çykarar.
-O kim bolýar?
-Siz goňşy kwartaldaky Zlatany tanaňyzokmy? O meň klasdaşym, häzir biz bilen futbol oýnamaga geler, gels-ä Size gaty kyn bolar. Ana gelýär. Zlatan! bu ulular bize azar berýär.
-Haýsysy?
-Ana şol üçisi.
-Siz näme üçin bulara azar berýäňiz, geliň maňada azar beriň.
-Sen kim bolýaň, biz bu kwartalyň eýesi?
-Men Zlatan, dünýäň eýesi.
Şol güni Malmýo ýerli gazetlerinde 8 ýaşly oglanjygyň 3 sany 11 ýaşly oglany urandygy baradaky habarlar peýda bolýar.
Howwa bu Zlatan, ol ýaşlygynda-da şeýledi, häzirem şeýle. Men bu gün Ibrahimowiçiň oýnan klublary, gazanan baýraklary, statistikalary, rekordlary barada gürrüň etmekçi däl. Men oň özi barada gürrüňleşjek.
Ýakynda internetde bir maglumat ünsümi çekdi. Şwed diliniň edebi sözlüginde täze "Zlatanera" diýen söz peýda bolupdyr. Oň manysy: bir adamy bir iş etmäge güýç bilen mejbur etmek, baran ýeriňde güýç bilen, harakter bilen dominantlyk etmek.
Bu ýigidi halaýanlaram, ýigrenýänlerem köp. Käbiri onuň harakteri, özüni bolan ynamy hormata mynasyp diýse, hondanbärsiligi, özüni çenden aşa gowy görmegi, özüni hemmelerden beýik göreni üçin ýigrenýäris diýýärler käbirleri.
Emma bu Zlatan, ony Siziň pikiriňiz asla gyzyklandyrmaýar. Ol kimdir birine gowy görünmek üçin, kimdir birine ýaranmak üçin özüni üýtgetmeýär. Ol ömründe hiç kime ýaranjaňlyk etmedi, gowy ýaşamak üçin hiç kimiň öňünde egilmedi. Hatda Barselonada oýnap ýören ýyllary taktikaň hudaýy Gwardiola bilen sögüşip, karýerasy howp astynda galanda, klubdaş dostlary oňa ýalbaryp, köpçüligiň öňünde Pepden ötünç soramak üçin getirenlerinde, ol ötünç soralmagyna garaşýan tälimçiň ýüzüne seredip şeýle diýipdi.
-Siziň öňüňizde duran şu kel adam meň duşmanym, Zlatan ony ýigrenýär.
Biz işimizde başlygyň ýanynda (durmuşda başga häsiýetli bolsagam) mylaýym, gulak asyjy bolmaga synanyşýas, ýolda ýigrenýän adamymyz duşsada ýylgyran bolup hal-ahwal soraşýas, myhmançylyga barsak ol ýerde seň ýigrenýäň temaňdan gürrüň edilsede, oturanlary sylap gürrüňe goşulmaga synanyşýas. Garaz durmuşda köp ýerde gowy ýaşaýyş üçin, peýdaly gepleşikler üçin, ýaşaýyş zerurlyklary üçin az pursatlygam bolsa başga adam bolmaly bolýas. Emma Zlatan biz ýaly däl, ol hiç haçan özi bolup ýaşamakdan gorkmaýar. Şoň üçinem Siziň ýa biziň däl Zlatanlaryň hormatyna täze sözler, sözlemler döreýär. Zlatan! biz hiç haçan sen ýaly bolup bilmesegem, barlygyň üçin, ýaşaýanlygyň üçin sag bol, maestro....
"Zlatanera"
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
30-05-2022, 09:44