Durmuşyma girenligi üçin Alla müñ şükür edýän Islenen.site saýtymyñ bu gün 1 ýaş toýy.Şeýle bolansoñ şu günüñ şanyna saýtdaky ilkinjilerimi ýazmakçy.
1. Ilkinji ýakyndan tananym - Nirvana
2.Ilkinji gezek zenandygymy bilen Şahrukh Khan
3.Ilkinji gezek maña oglandyr öýden Nairobi
4.Ilkinji gezek oglan saýyp,meni söýen Kalp doctory
5.Ilkinji owadandygymy aýdan Aksary we Fan B (ikisini ýazmagymyñ sebäbi Aksary aýdanda ikimizem saýtda ýokduk,Fan B aýdanda bolsa saýtdadym)
6.Ilkinji gezek ölmäñ bäri ýany bolýançam güldüren - Mähek
7.Ilkinji gezek iliñ gyzynyñ tapynýandygyny,
meniñ tapynyp bilmeýändigimi aýdyp,içimi ýakan Bendtner :))
8.Ilkinji gezek maña "Belkajyk" diýen Şahrukh Khan
9.Ilkinji gezek meni öýermegi wada eden Gost daýy. :)
10.Ilkinji gezek maña "Jora" diýen Hiayress
11.Ilkinji gezek meni allan Şahrukh Khan.(şarf meselesi)
12.Ilkinji gezek başga bir agzadan nomurymy alan Felicita
13.Ilkinji gezek dostlaşdyranlarym Massimus we Aksary
14.Ilkinji gezek maña "liçniý dannysyny" aýtmak islemedik Hemedany :))
15.Ilkinji gezek maşgala ýagdaýyny we durmuş şertlerini özüme meñzedenim Felicita.
16.Ilkinji gezek özüni muşdagym yglan eden Massimus
17.Ilkinji gezek bilesigelijiligimi iñ ýokary derejä ýetiren Chelsea
18.Ilkinji gezek mowzugyny göçürenim Elif
19.Ilkinji gezek "dogan" diýenim Keaip Begcon
20.Ilkinji gezek maña "dogan"diýen Ahmedik
21.Ilkinji gezek galamyndan çykan eserlere haýranlyk duýanym Massimus
22.Ilkinji gezek sesine haýranlyk duýanym Aksary we Mähek (munda-da iki ýazmagymyñ sebäbi hälki ýaly)
23.Ilkinji gezek şahsyma hat ýazan Nirvana
24.Ilkinji gezek poeziýa barada maslahat soran Ejegyz
25.Ilkinji gezek durmuşy barada maslahat soran Bägül Ataýewa.
26.Ilkinji gezek maña "Belkişka" diýen Nairobi
27.Ilkinji gezek özüm soramazdan maña aýdym ugradan Ogulşirin Baýramowa
28.Ilkinji gezek adymy soran Arsi
29.Ilkinji gezek islese belgimi tapyp biljekdigini aýdan Aksary we Ötegçi ( hälki ýaly sebäplerden ikisini agzadym)
30.Ilkinji gezek görmegeý hasaplanym Fan B.
Ynha,meniñ-hä sanajaklarym şular.Meniñ üçin ilkinji bolup ýadyma düşüribilmediklerim bar bolsa, aýdybermeli.Galyberse-de,siziñem bu saýtda ilkinjileriñiz bardyr.Geliñ,onda sizem bu mowzukda öz ilkinjileriñizi sanañ!
Islenendäki ilkinjilerim
Sorag-jogap,
Mümkin
tarapyndan
30-05-2022, 12:50